Türkmenistan Halkara Nowruz gününi garşylady | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan Halkara Nowruz gününi garşylady

опубликованно 21.03.2015 // 2060 - просмотров
 

Ahal welaýaty, 21-nji mart (TDH). Türkmenistanlylar Halkara Nowruz baýramyny ählumumy ruhy galkynyş we şadyýanlyk ýagdaýynda uly gerim bilen bellediler. Şu bahar günlerinde bütin ýurdumyzda bolup geçýän dabaralar gadymy türkmen topragyny gül-läleleriň öwüşgini bilen şuglalandyrdy, ony aýdym-saz, gadymy däpleriň gözelligi bilen baýlaşdyrdy, bagtyýar çagalaryň şadyýan gülkülerini eçildi.

Şu günler esasy wakalar däp boýunça ýaz ýagşyna ýuwulan ýaşyl begrese bürenen Ahalyň dag etegindäki jülgesinde geçirildi.

Dabaranyň bolýan ýerine barylýan ýerler ýolyň iki gyrasy boýunça dürli öwüşginli baýdaklar bilen bezelipdir, baýramçylyga gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň awtobuslary hem-de awtomobilleri geçýän ýoluň ugrunda haly düşelen topçanlar, öý haýwanlarynyň saklanylýan ýerleri, atarylan gazanlar bilen bezelen ak öýleri bolan ähli esasy alamatlary bilen döredilen türkmen obasy ýaýbaňlandy. Onuň aýratynlyklary hünärment ussahanalardan we özboluşly söwda tekjelerinden ybarat boldy. Şolaryň öňünde gadymy döwürlerde şäherleriň, ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky söwda gatnawlarynyň ugrunda ýüze çykan gündogar bazarlarynda bolşy ýaly, köp adamly durmuş gaýnap joşýar.

“Ýaýla” meýdançasynyň baş girelgesiniň öňünde çagalaryň şowhunly topary halk oýunlary bilen meşgullanýarlar. Taýýarlanylýan dürli tagamlaryň hoşboý ysy ýaýraýar, dutaryň owazy, şadyýan aýdym-sazlar we gülküler ýaňlanýar.

Bu ýere gelen dabara gatnaşyjylaryň arasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatiki korpusyň ýolbaşçylary, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen daşary ýurtly myhmanlar bar.

Sebäbi Nowruz diňe bir baharyň gelmegi we ene topragyň oýanmagy däldir. Ol parahatçylygyň, adamlaryň arasyndaky ylalaşygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, halklaryň arasyndaky dostlugyň we düşünişmegiň jarçysydyr. Hut şunuň üçin hem adamzadyň ähmiýetli we gymmatly baýramçylyklarynyň biri bolan bu baýramçylyk 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenip geçilýär.

Hoşniýetli goňşuçylygyň parahatçylygyň we ynsanperwerligiň asylly däplerini mynasyp dowam edýän türkmenistanlylar bu gadymy baýramçylygy agzybirlik hem-de jebislik ýagdaýynda garşylaýarlar. “Baharyň buşlukçysy bolan Nowruz baýramynyň medeni gatnaşyklary ösdürmekde tutýan orny örän uludyr. Biz XXI asyrda hem baý medeniýetimiz, milli ýörelgelerimiz bilen täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýan ýolumyzda dünýäniň dürli halklary bilen medeni gatnaşyklaryň kämilleşmegine hyzmat eden Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlaryny döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Milli bahar baýramy bilen Gutlagynda belledi.

Türkmen toýy dürli öwüşginli, şadyýan we ajaýyp owazlary bilen ýaňlanýan ilkinji hereketleri bilen Nowruzyň—Täze günüň, Täze ýylyň gelip ýetendigini habar berdi. Köp adamly dabara goşulanlaryň ählisini çagyrmak bilen bereketli topragymyza Nowruzyň gelendigi hakynda şadyýan aýdym ýaňlanýar. Esasy aýdymçylaryň, aýdym-saz sungatynyň ykrar edilen ussatlarynyň we kämilleşýän ýaş sahna ussatlarynyň, meşhur tans we halk döredijigi toparlarynyň, şeýle hem Nowruz hakyndaky şygyrlary hem-de aýdymlary ýerine ýetiren ýaş artistleriň gatnaşmagy bilen aýdym-sazly-horeografiki çykyş ýaňbaňlanýar.

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň döredijilik toparlary we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilelikde bu baýramçylygyň däpleriniň taryhyna degişli ajaýyp oýny görkezdiler.

Teatrlaşdyrylan giriş oýny baýramçylyga gatnaşyjylaryň her biriniň ruhuny göterdi, adamlaryň ýüreklerinde agzybirlik we buýsanç duýgusyny oýardy hem-de türkmen halkynyň däpleriniň festiwalyny açdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň diken ak öýleri hut şu ýerde iň oňat aşpezler, aşhana sungatynyň ussatlary tarapyndan taýýarlanylan milli aşhananyň tagamlary, miweler we nazy-nygmatlar bilen örtülen jadyly saçaklar ýazylan merkezi ýodajyklaryň ugrundaky pawilionlar hem-de sahna meýdançalary bilen gezekleşip ýerleşýär. Ähli myhmanlara Nowruzyň esasy däp bolan tagamy, semeni hödürlenýär.

Ahal welaýaty sazly-etnografiki oýny hödürläp, baýramçylyk çykyşlarynyň başy başlaýar, oňa sazly halk döredijilik çykyşlary, däp-dessur oýunlary girdi, onuň ýordum ugry “ak öýüň” oturdylmagy we gadyrly myhmanlary garşylamak däpleri boldy.

Soňra Nowruzyň gadymy däplerine degişli kiçeňräk gurjak oýny görkezildi.

Soň baýramçylyk dabarasyny Mary welaýaty kabul edýär, welaýatyň wekilleri öz çykyşlarynda keçe edilişini we Murgap jülgesinde baýramçylygy garşylamaga taýýarlanylyşyny görkezdiler.

Balkan welaýatyndan gelen artistler ekerançylyga we zähmet däplerine bagyşlanylan özboluşly çykyşy taýýarladylar, ony küştdepdi tansy bezedi.

Edebi ugur baýramçylygyň halk döredijiligi ugry bilen sazlaşykly utgaşdy, teatr artistleri görnükli türkmen nusgawy şahyrlarynyň keşplerini döretdiler, olaryň hatarynda Magtymguly, Mollanepes, Andalyp we başgalar bar, olaryň şygyrlary mähriban topragymyza ajaýyp waspnama bolup ýaňlandy.

Soňra Lebap welaýatyna gezek ýetýär, welaýatyň artistleri öz çykyşlarynda Lebabyň ýaşaýjylarynyň Nowruzy garşylamak däpleriniň örän aýdyň aýratynlyklaryny görkezdiler, gowaça ekişine bagyşlanylan çykyş esasy çykyş boldy. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 27-nji martda ekiş möwsümine başlamaga ak pata berdi, 3-nji aprelde Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary hem oňa goşularlar.

Soňra tomaşaçylara türkmen halkynyň durmuşynda däbe öwrülen, atanyň ilkinji gezek perzendini ata atlandyrýan ýagdaýyny suratlandyrýan ýene-de bir däp görkezildi. Bu mesele meşhur “Galkynyş” atçylyk-sport toparynyň çykyşy bilen gurşalyp alyndy we dowam etdirildi.

Ýörite bellenilen meýdançada çakgan türkmen jigitleri ajaýyp bedewlerde saz astynda özboluşly öwüşgin we netijeli çykyş bilen ajaýyp gözel we hakyky milli çykyşy döredip, özleriniň deňsiz-taýsyz, taplanan ussatlygyny görkezdiler, şol çykyşlar baýramçylygyň myhmanlarynda, aýratyn hem daşary ýurtlularda ajaýyp täsir galdyrdy.

Halypalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan gargy tüýdügiň gadymy owazlary we epiki rowaýatlaryň, meşhur gahrymanlaryň hem-de taryhy wakalaryň gadymy döwrüne tomaşaçylary “alyp giden” dessançynyň çykyşy at çapyşygynyň täsinligine özüne çekiji, tolgundyryjy we hat-da hyýaly saz boldy.

Ýaşlar bolsa şadyýan aýdymlar we özüne çekiji degişmeler bilen utgaşdyryp halk oýunlary bilen meşgullandylar. “Monjuk atdy” oýny häzirki güne çenli ýaş gyzlaryň meşhur oýunlarynyň biri hasaplanylýar, ol wagtyň geçmegi bilen degişme äheňli ugur tapyjylyk ýaryşy häsiýetine eýe boldy. Oýnuň barşynda gyzlar läle kakyp, toý we şahyrana aýdymlary ýerine ýetirýärler.

Soňra myhmanlary Daşoguz welaýaty kabul etdi. Sahnada ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ýaşaýjylaryna mahsus bolan däpler bilen çykyşlary görkezen teatr hem-de höwesjeň artistler märekäni güýmediler.

Bularyň hemmesini hünärmentleriň işleri, milli aşhananyň aýratyn tagamnamalary bilen taýýarlanylan, ol ýa-da beýleki welaýatlarda gadymdan bäri ulanylyp gelinýän tagamlar üstüni ýetirdi. Ýörite gapda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň ýaşyl ösüntgileri hormatly myhmanlara sowgat berildi.

Ýurdumyzyň paýtagtynyň wekilleri welaýatlaryň çykyşlarynyň jemini jemledi.Şunda ak öýler milli gözbaşlarymyza wepalylygyň nusgasy boldy, sebäbi häzirki wagtda ak mermere örtülen Aşgabat şäheri gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýäniň iň owadan şäheriniň birine öwrüldi, şonda milli binagärligiň parçalary öz beýanyny tapdy, binalaryň we desgalaryň bezeginde ak öýleri bezän gadymy nagyşlar agdyklyk edýär.

Güller bilen bezelen we ýaşlar tarapyndan gurşalyp alnan belent hiňňilliklerde şadyýan sesler ýaňlanýar. Hiňňillikde uçmak täze ýyla täze güýçler, ak ýürek we aýdyň pikir oýlar bilen girmäge mümkinçilik berýän ruhy taýdan tämizleniş däbi hasap edilýär.

Janköýerleriň makullaýjy sesleri, pälwanlaryň özüne çekiji çykyşlary hoşniýetliligiň we aýdyňlygyň güýçleri bilen utgaşyp gidýär. Milli oýunlar bolan ýaglyga towusmak, düzzüm we beýlekiler, şeýle hem sirk hem-de gülküli çykyşlar köpsanly tomaşaçylara uly şatlyk eçildi. El guşlary we olaryň eýeleri hem-de owadan tazylar tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Olar, şeýle hem owadan köşejikler we kiçijik guzular janly teatrlaşdyrylan çykyşyň gahrymanlary boldular. Golaýda ter bahar otluklarynda otlap ýören, eserdeň alabaýlar bilen goralýan süri ekerançylaryň we çarwadarlaryň däp bolan türkmen obasynyň üstüni ýetirýär.

“Ýaýlanyň” esasy sahnasynda baýramçylyk konsertiniň wagty gelip ýetýär. Bu ýerde dabaraly ýagdaýda köp adamly dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň öňünde Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň watandaşlarymyza Gutlagy okaldy.

Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy, oňa edebi-sazly we halk döredijiligi-etnografiki çykyşlar, tans çykyşlary Magtymguly Pyragynyň arzuw eden döwrüni--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Arkadagy wasp edýän liriki halk aýdymlary we häzirki zaman aýdymlary girdi.

Meşhur we ýaş bagşylaryň çykyşlary baýramçylygyň ähli öwüşginleri bilen şugla saçýan dabara gaýtalap bolmajak öwüşgin çaýdy, şonda gadymy aýdym-sazlar biziň günlerimiziň estrada äheňleri bilen utgaşyp geldi. Dabara “küşt depdi” tansy bilen tamamlandy.

Nowruza bagyşlanylan bu döredijilik çykyşy gadymy baýramçylyk däpleriniň häzirki wagtda täze hormata eýe bolýandygyna, biziň mirasymyzyň häzirki nesiller bilen arabaglanyşyga saklaýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Konsert tamamlandy, Ahal jülgesinde bahar baýramçylygy bolsa bütin ýurdumyzda bolşy ýaly, dowam etdi. Häzirki wagtda baýramçylyk konsertleri we köpçülikleýin medeni çäreler ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli dolandyryş merkezlerinde we Aşgabatda geçirildi.

Çuňňur durmuşy filosofiki garaýyşlardan gözbaş alyp gaýdýan we türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň ugamynda görnükli orny eýeleýän bu baýramçylyk türkmen halkynyň taryhynyň şöhratly ýyl ýazgysynyň täze eýýamynda täze mazmun bilen baýlaşýar. Ol halkymyzyň ruhubelentliginiň, zähmet hyjuwynyň beýany bolmak bilen, ýüreklerimizde rowaçlanýan Watanymyz üçin, bagtly şu günümiz hem-de aýdyň geljegimiz üçin buýsanç duýgusyny oýaryp, ösüşiň belent sepgitlerine çagyrýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter