Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy: özgertmeleriň täze tapgyry | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy: özgertmeleriň täze tapgyry

опубликованно 30.01.2019 // 572 - просмотров
 

Ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, milli Liderimiziň 29-njy ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet düzümlerini özgertmek boýunça öňe süren wezipelerine bagyşlanan ýygnak geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden we şol mejlisde gol çekip, berkidilen resminamalary, hakykatda, milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän, olaryň halk hojalyk toplumynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda täze usullaryň herekete girizilýän we tutuş dolandyryş ulgamyny özgerdýän täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ähmiýeti pudaklary döwrebaplaşdyrmak ýagdaýlaryny çaltlandyrmakdan, senagat, ulag, oba hojalygy, gurluşyk pudaklaryndaky döwlet edaralaryny hususylaşdyrmak arkaly telekeçiligiň ösüşini höweslendirmekden ybarat bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi iri desgalary satyn almaga we dolandyrmaga ukyply, ýurdumyzyň doly derejeli maýadarlarynyň kemala gelmegine, olaryň içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem öňdäki orunlara çykmagyna, önümçiligiň ösüş depginlerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlarynyň döredilmegine kuwwatly itergi berer. Şeýle hem bu işler ilatyň düşewüntliliginiň ýokarlanmagyny, daşary ýurt maýa serişdeleriniň çekilmegini şertlendirer.

Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ykdysady, hukuk we beýleki zerur şertler döredildi. Pudaklaryň düýpli özgerdilmegine, ykdysady ösüşe täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, işewürlik üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen yzygiderli çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Emma indi täze usulda işlemegiň wagty geldi.

Döwlet düzümleriniň hatarynda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek bu ugurda öňde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Oba we suw hojalyk ministrligi Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen birikdirilip, olaryň binýadynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi. Şeýle hem Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti döredildi. Ol oba hojalygynyň we ilatyň suw bilen üpjünçilik meseleleri bilen meşgullanar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ähli kärhanalarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgediler. Olar paýdarlar jemgyýetlerine öwrülmek arkaly hususylaşdyrylar.

Ýurdumyzyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi ýaly täze pudagyň işinde hem düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Onuň düzümine Senagat, Aragatnaşyk, Demir ýol ulaglary, Awtomobil ulaglary ministrlikleri, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, şeýle hem «Türkmenhowaýollary» gullugy girizildi. Olaryň hemmesine agentlik derejesi berildi.

Bu ministrligiň «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmenhowaýollary» agentliklerinde paýdarlaryň ýygnaklary geçirilip, olaryň ýolbaşçylary saýlandy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmeleri esasynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerini döretmäge paýly gatnaşygyň meselelerine garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrligi bahalary we nyrhlary döretmek boýunça döwlet syýasatyny kesgitlär, ulag akymlarynyň guralyşyny ýola goýar. Paýlar bolsa kärhanalary hususylaşdyrmagyň usuly hökmünde pudaga maliýe serişdelerini çekmäge goşmaça mümkinçilik döreder we düşewüntliligi ýokarlandyrmaga bolan gyzyklanmalaryň üsti bilen ösüşi höweslendirer hem-de hojalygy dolandyrmagyň bazar gatnaşyklaryň usullaryny ornaşdyrar. Bu bolsa kärhananyň ýolbaşçylarynyň işine paýdarlar tarapyndan netijeli gözegçiligiň ýola goýulmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Şu gün «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmenhowaýollary» ýaly täze dört agentlikleriň saýlanan ýolbaşçylary bu kärhanalaryň işgärleri bilen tanyşdyryldy. Olar işgärleriň gyzyklanýan sowallaryna jogap berdiler we düzümleriň üýtgemegi bilen baglylykda, geljekki meýilnamalary barada aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdine laýyklykda, Milli kosmos agentligi üýtgedilip, Kosmos müdirligi hökmünde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyna girizilendigini bellemeli.

Mundan başga-da, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň düzüminde «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody», «Türkmentehnogurluşyk», «Türkmensenagat eksport-import» açyk paýdarlar jemgyýetleri dörediler.

Munuň özi senagat-aragatnaşyk pudagynyň önümçilik mümkinçilikleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň täze tapgyryny aňladýar, şunda döwlet emläkleriniň hususylaşdyrylmagyna hem-de bazar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine geçilmegi möhüm orun eýeleýär, bu bolsa hojalygy ýöretmegiň usullarynyň täzelenmegine, önümçilikleriň netijeliliginiň artmagyna, olaryň eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna, şeýlelikde, türkmen bazarynyň daşary ýurt maýadarlary üçin özüneçekijiliginiň ýokarlanmagyna getirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek hem-de ykdysadyýetiň innowasiýa häsiýetli ösüşi boýunça kabul eden kararlary esasynda uly itergä eýe bolan özgertmeleriň — ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň ýene bir ugrudyr, bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply, berk senagat düzüminiň hem-de aň-paýhas mümkinçilikleriniň kemala gelmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Bu babatda akademiki we ýokary okuw mekdepleri ylmynyň özara baglanyşygyna işgärleriň hem-de önümçilikleriň taýýarlanyş ulgamyna, ylym edaralaryň bazar şertlerine uýgunlaşmagyna, şol sanda olaryň guramaçylyk görnüşleriniň hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçilmegi arkaly ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň özi zähmet, maliýe, maddy serişdeleriň has rejeli peýdalanylmagyna, işewürligiň hem-de maýadarlaryň işjeň hyzmatdaşlygyna, ylmy-barlag, taslama, inženerçilik-tehnologiýa işleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde häzirki wagtda geçirilýän özgertmeler Maldarçylyk we weterinariýa institutyny hem öz gerimine aldy, ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna berildi. Munuň özi ýurdumyzyň obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleriň ylmy çemeleşmeler bilen has ýygjam utgaşmagynyň zerurlygy bilen şertlendirilendir. Şeýle hem ýokary hünärli amaly işgärleri okatmagyň barşynda göz öňünde tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu işler täzeçil pikirlenmegiň kemala gelmegini, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmegi, nazaryýet bilimleriniň hem-de amaly başarnyklaryň bitewüligini kemala getirýän ylmy-barlag işlerine geljekki ýokary hünärli işgärleriň — talyplaryň çekilmegi arkaly mümkindir.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna geçirilmegi hem şu maksada gönükdirilendir, bu institutda hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini öwrenmek işleri alnyp barylýar. Täze hem-de örän geljegi uly ýokary okuw mekdebiniň hünär ugrunyň şunuň ýaly akademiki taýdan “berkidilmegi” elektrik energiýasynyň alternatiw önümçiligi bilen baglanyşykly häzirki zaman ylmy barlaglaryny geçirmek üçin maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilmegine ýardam berer.

Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzümine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň binýadynda döredilen (ondan Derman ösümlikleri institutyny aýryp, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümine geçirmek bilen) Umumy we amaly biologiýa institutynyň geçirilmegi ýokary okuw mekdebiniň ylmyny ösdürmekde tutuş bir ugry açýan ýene bir täzeçillik boldy.

Şu gün ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm çözgütlerinden ruhlanyp, bu mynasybetli Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde guralan maslahata gatnaşdylar. Bu ýere alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylmy döredijilik işi bilen meşgullanýan talyplar ýygnandylar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ylym-bilim ulgamy döredildi, ýaşlaryň ylmyň we tehnologiýalaryň ýokary gazananlaryny özleşdirmek üçin giň mümkinçilikler açyldy. Bu ulgamda ýokary tehnologiýalara hem-de düýpli nazaryýet bilimlerine daýanýan Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetiniň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeler durýar.

Hususy bölege milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň netijeliligine hem-de halkara bäsdeşlige ukyplylygyna goşýan goşandyny, onuň dünýä zähmet bölünişigine hem-de ählumumy söwda gatnaşyklaryna, şeýle hem Türkmenistanyň geosyýasy we çig mal artykmaçlyklaryna we halkymyzyň giň aň-paýhas mümkinçiliklerine goşýan goşandyny artdyrmaga mümkinçilik berýän bazar höweslendirmeleriniň döredilmegi giň gerimli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu mümkinçilikleriň herekete getirilmegi ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik depginlerde ösmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany senagatlaşdyrmagyň hem-de düzümleýin özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan tapgyrynda ykdysadyýetiň milli nusgasyny dünýäniň täze ýagdaýlaryna we meýillerine uýgunlaşdyrýar, bu bolsa ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamaga şert döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan 29-njy ýanwarda kabul edilen resminamalaryň we çözgütleriň, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň düzümini kämilleşdirmek, ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen, kabul edilen kararlaryň ägirt uly ähmiýetini bellediler.

Ýygnananlar milli Liderimiziň çagyryşyna hem-de aladasyna jogap bermek bilen, öz öňlerinde durýan täze wezipeleri ýokary jogapkärçilik, hünär ussatlygy, tutanýerli zähmet hem-de döredijilik ylhamy bilen durmuşa geçirjekdiklerine ynandyrdylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edip, 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygarynyň ylmy jemgyýetçiligi täze açyşlara we ýokary sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýan ugur görkeziji taglymat bolup durýandygyny nygtaýarlar.

Şeýlelikde, şu ýylyň birinji aýy eýýäm Türkmenistanyň durmuşynyň, onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de özgertmegiň ýolunda ykbal çözüji wakalara beslendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze başlangyçlary ýakyn geljekki döwür üçin uly işlere badalga berdi, diňe bir guramaçylyk derejesinde däl-de, adamlaryň aňynda hem-de kalplarynda bolup geçmeli özgertmeleriň baş ugurlaryny kesgitledi, bu bolsa döredijiligiň kuwwatly güýjüni emele getirmäge, okgunly ösüş häsiýetli taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter