Türkmenistan—Malaýziýa: syýahatçylyk arkaly ýakynlaşmak | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan—Malaýziýa: syýahatçylyk arkaly ýakynlaşmak

 

Iki ýurduň syýahatçylyk edaralarynyň arasynda gol çekilen ylalaşyklar we şertnamalar ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýetiniň Malaýziýa bolan iş saparynyň anyk netijelerine öwrüldi. Malaýziýanyň syýahatçylyk işewürlik merkezinde guralan işewür maslahatdan başlanan köp sanly duşuşyklar, gepleşikler we geňeşmeler şeýle netijäniň gazanylmagyna getirdi. Bu ýerde kabul edýän ýurduň hem-de Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylyş geçirildi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollary, saparlary bilelikde guramagyň we beýleki ikitaraplaýyn taslamalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata bu pudagyň iri düzümleriniň, hususan-da, Malaýziýanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň, Malaýziýanyň syýahatçylyk operatorlarynyň we syýahatçylyk edaralarynyň assosiasiýasynyň, şu ugurda ýöriteleşen kompaniýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri we olaryň türkmen kärdeşleri — Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hem-de onuň welaýatlardaky bölümleriniň, hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Dostlukly geçen duşuşygyň başynda kärdeşleriň işewür söhbetdeşligi boldy. Malaýziýaly hünärmenler türkmen bazaryna ýokary gyzyklanmalaryny mälim etmek bilen, diňe bir köp sanly teklipleri hödürlemän, eýsem öz işleriniň üstünlikleri barada pikir alyşmaga taýýardyklaryny aýtdylar. Bellenilişi ýaly, türkmen hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygyň uly geljegi bardyr.

Syýahatçylyk ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetiriji gurama bolan Malaýziýanyň syýahatçylygy ösdürmek baradaky komitetiniň wekilleri bilen has ýygjam gatnaşyklar ýola goýuldy. Malaýziýanyň Мedeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň syýahatçylygy ösdürmek baradaky komitetiniň baş direktory jenap Azizan Noordiniň TDH-a beren interwýusynda belleýşi ýaly, ýurtlarymyzyň hökümetleriniň bu pudaga bolan garaýyşlary umumydyr. Ol sebitleýin çäkleri durnukly ösdürmek, halkara goşulyşmak hereketlerini, medeni gatnaşyklary giňeltmek babatda hem şeýledir. Şunda döwletiň syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmekde işjeň orun eýeleýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, däp-dessurlara hormat goýmak, göwnaçyklyk we myhmansöýerlik häsiýetleri meňzeşdir. Bu bolsa hyzmatdaşlyk üçin oňat esas döredýär. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň syýahatçylyk hem-de dynç alyş ulgamynyň wekilleriniň duşuşygy diňe tejribe alyşmaga däl, eýsem, iki ýurduň syýahatçylarynyň Türkmenistana we Malaýziýa baryp gelýänleriniň akymyny artdyrmaga-da mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde Malaýziýanyň syýahatçylyk düzümi dünýäde örän ösen düzümleriň biridir. Muny köp sanly halkara baýraklary tassyklaýar.

Türkmenistan bolsa Malaýziýa üçin daşary ýurda syýahat etmäge geljegi örän uly bazardyr. Hususan-da, malaýziýaly syýahatçylar üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherler hem-de medeni ýadygärlikleri bolan şäherler boýunça taryhy ýerlere jahankeşdelik, şeýle hem çöle syýahat ýaly ugurlar gyzyklydyr.

Malaýziýanyň syýahatçylyk pudagy bilen has ýakyndan tanyşmak üçin türkmen wekiliýetine baý maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde bu ýurduň jahankeşdeleri çekmek, degişli hyzmatlary guramak boýunça öňdebaryjy tejribeleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Malaýziýa syýahatçylar üçin köp sanly amatly şertlere we mümkinçiliklere eýedir. Birnäçe kilometre uzalyp gidýän çägesöw suwa düşülýän ýerler, ýüzlerçe örän owadan adalar, müňlerçe gektar tropiki tokaýlar, täsin geoseýilgähler, şol sanda ÝUNESKO-nyň goragynda durýan ajaýyp şäherler we obalar, köp milletli jemgyýet syýahatçylaryň uly isleg bildirýän ugrudyr. Bu ýerde dürli milletleriň wekilleri sazlaşykda ýaşaýar. Ulag we aragatnaşyk ulgamy örän ösdürilipdir. Myhmanhanalar baha babatda elýeterli bolmak bilen, bäsdeşlige ukyplylyga eýedir. Köp sanly ýokary tehnologiýaly şüweleň toplumlarynyň hyzmatlar ulgamy ýokary derejede. Bu bolsa myhmansöýerlik bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde gümrük, migrasiýa gulluklarynyň işgärlerinden, ýol görkezijilerden başlap, myhmanhanalaryň işgärlerine, dükanlaryň satyjylaryna çenli ýokary taýýarlygy geçipdir. Hut şonuň üçin-de, bu ýerde syýahatçylary hoşniýetli myhmansöýerlik, ýokary hilli hyzmat gurşap alýar.

Hut şu ýagdaý netijesinde Malaýziýa her ýylda 25 million syýahatçyny kabul edýär. 2020-nji ýyla çenli bolsa bu mukdary 36 milliona ýetirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi bir ýarym essä golaý ýokarydyr. Şunda, ýokary hilli hyzmaty ösdürmegiň hasabyna, syýahatçylyk ulgamyndan gelýän girdejini 3 esse artdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu babatda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, türkmen topary Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpuryň we ýurduň dolandyryş merkezi Putrajaý şäheriniň örän ähmiýetli syýahatçylyk desgalaryna, Malakka hem-de Langkawi şypahana adasyna baryp gördi.

Syýahatçylaryň orunlarynyň oýlanyşykly ýerleşdirilmegi sebitleýin babatda has-da ähmiýetlidir. Munuň özi ýurduň dürli sebitleri boýunça gezelençleri amala aşyrýan jahankeşdelerde uly täsir galdyrýar.

Kuah şäherinde hem Langkawiniň esasy syýahatçylyk edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanly myhmanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ýokary depginler bilen ösdürmekde geçirilýän giň gerimli işler, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziada görülýän taýýarlyk barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, Aziýa oýunlary diňe bir sebitiň sport durmuşy üçin möhüm waka bolman, eýsem, syýahatçylygy ösdürmäge täze itergi berer. Şoňa görä-de, türkmen döwleti bu ulgamyň düzümini ösdürmäge, Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar we onuň myhmanlary üçin ähli zerur şerleri döretmäge uly serişdeler goýberýär. Oýunlara tomaşa etmäge gelýän syýahatçylar üçin myhman kabul etmegiň ýörite maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Myhmanlaryň ýokary hilli kabul edilmegi örän möhümdir. Munuň özi malaýziýaly hünärmenler bilen bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri öňe sürýär.

Langkawiniň pudaklaýyn assosiasiýalarynyň, syýahatçylyk şereketleriniň we myhmanhanalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda syýahatçylygyň hyzmat düzümleri babatdaky özara gatnaşyklaryň meselelerine seredildi.

1987-nji ýylda Malaýziýanyň hökümeti bu adany salgytsyz söwdanyň künjegi diýip yglan etdi. Munuň özi onuň ykdysady ösüşiniň başyny başlady. Soňky on ýylyň dowamynda, esasan, balykçylardan we daýhanlardan ybarat bolan bu ada syýahatçylygyň bütin dünýä merkezine öwrüldi. Soňky on ýylda Malaýziýanyň hökümeti tarapyndan adanyň ykdysadyýetine 400 million dollardan gowrak serişde goýberildi. Serişdeleriň köp bölegi myhmanhanalaryň gurluşygyna, syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Şeýle hem bu ada iri milli halkara sergileriniň, maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde deňiz, aerokosmos, ulag şüweleňleri guralýar. Langkawiniň syýahatçylyk düzüminiň ösdürilmegi has ýokary derejedäki hyzmaty nazarlaýar. Şu maksat bilen adada bäş we alty ýyldyzly myhmanhanalaryň, daýwingleriň, SPA merkezleriniň, ýaht-klublarynyň gurluşygy tebigat bilen sazlaşykly ýagdaýda dowam edýär.

Şunda Malaýziýanyň “býujet” syýahatçylygy has-da ösen, “ekonom—dereje” hyzmatlary üçin şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary işjeň çekilýär. Olar öz öýlerinde daşary ýurtly myhmanlar üçin ýörite künjek döredýärler. Munuň özi ýurduň ýerli ilatynyň durmuş däpleri esasynda guralýan syýahatçylykdyr. Bu biziň ýurdumyz üçin hem örän gyzykly ugur bolup durýar. Syýahatçylyk ulgamyny guramak boýunça tejribe alyşmagyň ugurlarynyň bimöçberdigini bellemeli. Bu ugra ýolbeletleri, terjimeçileri, restoran we myhmanhana işewürliginiň hünärmenlerini taýýarlamak, birnäçe bezeg taslamalarynyň üsti bilen syýahatçylyk şekiller sungatyny döretmek girýär.

Daşary ýurtly syýahatçylar üçin özüne çekiji künjek hökmünde ýurduň meşhurlygyny artdyrmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu babatda örän oýlanyşykly we çeper şygarlar zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hem hususy şygary kabul etmek hakynda oýlanmak zerurlygy ýüze çykýar. Malaýziýanyň syýahatçylygynda şeýle şygarlaryň netije berýändigini nazara alanyňda, bu wezipe möhüm bolup durýar. “Malaýziýa—hakyky Aziýa” diýen şygar Malaýziýada ýörgünlidir.
2015-nji ýyl “Malaýziýa gelip görüň” döwlet syýahatçylyk maksatnamasynyň çäklerinde mahabat kompaniýalarynyň köpçülikleýin hereketiniň ýyly hökmünde yglan edildi. Onuň nyşanlary ähli maglumat gollanmalarynda, bannerlerde, hatda bu ýurduň syýahatçylyk düzüminiň ýolbaşçylarynyň wizit kartlarynda ýerleşdirildi. Şu ýyl bu ýerde onlarça dürli ugra degişli halkara festiwallary geçiriler.

Bir söz bilen aýdanyňda, türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygy häzirki döwürde syýahatçylyk ýaly netijeli pudagy ösdürmekde özara gatnaşyklar üçin ägirt uly geljegi açýar.

— Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýulmagy işewür hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda syýahatçylyk we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna oňyn täsirini ýetirer — diýip, Malaýziýanyň syýahatçylygy ösdürmek baradaky milli agentliginiň Merkezi Aziýa wekilhanasynyň ýolbaşçysy Norliza Zain gürrüň berýär. — Biz ähli Aziýa ýurtlarynyň artykmaçlyklaryny özünde jemleýän Malaýziýanyň geljegi uly türkmen bazarynda pugta orun eýelejekdigine, Türkmenistanyň sebitde ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy boljakdygyna ynanýaryn — diýip, ol sözüni dowam etdi.

Şoňa görä-de, bu pudakda ýurtlarymyzyň uly geljegi görünýär, hususan-da, agentligimiz syýahatçylyk ugry boýunça hökümetara türkmen-malaýziýa ylalaşyklarynyň hemmesini iş ýüzünde goldamaga taýýardyr.

Munuň özi bilelikdäki milli syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek üçin mahabat-maglumat işleriniň, neşir önümleriniň, Internet maglumatlarynyň, halkara sergileriniň we maslahatlarynyň çäklerinde pikir alyşmalaryň möhümdigini äşgär edýär. Türkmenistan syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde ägirt uly mümkinçilige eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň daşary ýurtly syýahatçylary üçin meşhur künjege öwrülmegini şertlendirer. Öz gezeginde Malaýziýa Türkmenistanyň hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga hemişe taýýardygyny tassyklaýar.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da baýlaşdyrmaga ýardam etjek bu ugurdaky işler eýýäm başlandy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter