Türkmen paýtagtynda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady | TDH
Jemgyýet

Türkmen paýtagtynda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady

опубликованно 12.02.2015 // 786 - просмотров
 

Aşgabat, 12-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Däbe öwrülen bu sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridiýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasy bilelikde guradylar.

Altynjy gezek geçirilýän bu ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçiriliş mowzugynyň baýlygy hem-de oňa gatnaşanlaryň sany babatda öňki ýyllarda geçirilen forumlardan has tapawutlanyp, dostlukly ýurduň senagat kuwwatynyň we eksport mümkinçilikleriniň ägirt uly meýdançasyna öwrüldi. Sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglunyň ýolbaşçylygynda senagatçylaryň we telekeçileriň wekilçilikli topary Aşgabada geldi.

Kompaniýalaryň 160-dan gowragy – önüm öndürijiler we enjamlary hem-de tehnikalary, innowasion serişdeleri we tehnologiýalary, şol sanda halkyň sarp edýän harytlaryny iberijiler sergi köşgüniň meýdançalarynda özleriniň diwarlyklaryny ýaýbaňlandyryp, ähli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýdyňlyk bilen görkezdiler.

Sergä gatnaşanlaryň hatarynda ykdysadyýetiň gurluşyk, ýol-ulag we aragatnaşyk, elektrik energetikasy ýaly ileri tutulýan ugurlarynda bilelikde işlemegiň baý tejribesini toplan we köpden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän kompaniýalar bar. Sergä gatnaşanlaryň arasynda gözden geçirilişe ilkinji gezek gelenleriň köp bolmagy bellärliklidir. Olaryň önümleri Türkiýäniň gurluşyk potratçylary we söwda ulgamynda işleýän işewürler tarapyndan Türkmenistana yzygiderli getirilýär. Sergä gatnaşanlaryň arasynda geljegi uly türkmen bazaryna teklipler bilen ilkinji gezek özbaşdak çykýan kompaniýalar hem bar. Munuň özi daşary ýurtly işewür toparlaryň ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýet okgunly ösdürilýär we döwletara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň köp ugurlarynda toplumlaýyn maksatnamalar hem taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Giň möçberli serginiň işiniň üç gününiň dowamynda oňa aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördi. Olar türkiýeli işläp taýýarlaýjylaryň we önüm öndürijileriň dürli önümlerine, öňdebaryjy tehnologiýalaryna hem-de innowasiýalaryna uly gyzyklanma bildirdiler. Serginiň barşynda oňa gatnaşan kompaniýalarynyň tanyşdyryşlary geçirildi.

Ýurdumyzyň telekeçileri, şeýle hem olaryň daşary ýurtly kärdeşleri uly işjeňlik görkezdiler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar serginiň işiniň barşynda beýan edilen täze taslamalaryň we teklipleriň üstünde bilelikde işlemek babatda ysnyşykly gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýlelikde, türkiýeli önüm öndürijileriň dürli eksport harytlaryny, tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny hödürlän bu giň möçberli sergi ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli meýilnamalaryň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, maşyngurluşyk, gurluşyk, ýokary öndürijilikli enjamlary we suw hem-de energiýa üpjünçiligi ulgamlary üçin zerur bolan enjamlary, gurluşyk serişdelerini, şol sanda turba önümlerini, metal gurluşlaryny, plastiki panelleri we olaryň düzümlerini, timarlaýyş, bezeg we beýleki serişdeleri öndürmek bilen meşgullanýan esasy kärhanalaryň diwarlyklary arkaly görkezilen Türkiýäniň eksport kuwwatynyň sergisi Aşgabat forumyna täze gatnaşyjylaryň hasabyna ep-esli giňeldildi.

Sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň diwarlyklarynda döwrebap durmuş tehnikasy we elektronika, özboluşly mebeller, edaralaryň we öýleriň bezeg önümleri, sport we okuw enjamlary, dokma önümleri we taýýar lybaslar, durmuşda ulanylýan keramika we himiýa, kosmetiki serişdeler, oýun otaglary we beýlekiler hödürlenildi.

Öz önümlerini ilkinji gezek görkezýänleriň hatarynda “Lider Dekoratif” (bezeg üçin germewler we gözenekler), “Esjim” (fitness – trenažýorlar), çyralary we daşky yşyklandyryş ulgamlaryny öndürmek boýunça ýöriteleşdirilen “Pelsan”, şeýle hem elektrik enjamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýän “Makel” we “Cellia” ýaly kompaniýalar bar. Şeýle hem “Birleşik firçanyň” diwarlygynda belli “Açar kilit” görnüşli açarlaryň toplumlary we reňkleýji çotgalaryň “Star& Gil” lineýkalary ýerleşdirildi. “Network” kompaniýasynyň erkekler we zenanlar üçin taýyn geýimleriniň nusgalary, “Taç” görnüşli ýorgan-düşek daşlarynyň toplumlary göwnejaý hilliligi we göze ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. “DorMiNa” kompaniýasynyň örtükleri, şeýle hem dokalan innowasion materiallardan taýýarlanan haly önümleri öýüň içini bezär.

“Capar Tic Hasah Capar” we “Sönmez Balloon” çagalar üçin baýramçylyk dabaralaryny guramak boýunça özboluşly teklipleriň toplumlaryny hödürlediler. Sergide şäherleriň landşaft dizaýny we bagy-bossanlyga öwürmek, seýilgähleri abadanlaşdyrmak (“Sasbud saksli”)
bilen bagly mesele öz beýanyny tapdy.

Türkiýäniň belli-belli ugurlara degişli iri kompaniýalarynyň hem-de senagatçylaryň we telekeçileriň işiň haýsy-da bolsa bir ugry boýunça ýöriteleşdirilen assosiasiýalarynyň gatnaşmagy şu serginiň möhüm ähmiýetli aýratynlygyna öwrüldi. Şunuň ýaly görnüşde toplumlaýyn çemeleşme türkiýeli önüm öndürijileriň mümkinçiliklerini giňden we dolulygyna görkezmäge, olaryň öndürýän önümleriniň köp sanly görnüşlidigini we ýöriteleşdirilendigini äşgär etmäge, galyberse-de olaryň türkmen hyzmatdaşlary bilen has netijeli we gös-göni gatnaşyklary ýola goýmagy üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berdi.

Bularyň arasynda göni gaýtadan işleýän türk kompaniýalarynyň önümlerini hem-de Türkiýäniň belli hünärmenleri tarapyndan gönden edilen owadan geýimlerini, aýakgaplary we torbalary daşky bazarda hödürlemek bilen ýörite meşgullanýan “Turkish Leather Brands” topary bar.

“TurMeda” lukmançylyk agentligi “Medikal Park” köpugurly lukmançylyk merkezleriniň mysalynda şypahanalaryň, dynç alyş edaralarynyň we hassahanalaryň işini guramak boýunça tejribe alyşmak üçin duşuşyklary geçirdi. Türkiýäniň iri “Turkish Cosmetics” kompaniýasynyň diwarlygyndaky belli kosmetiki serişdeleriň toplumlary sergä gelenleriň ünsüni çekdi.

Türkiýäniň eksportunyň agramly bölegini düzýän azyk önümlerini öndürmek boýunça senagatçylaryň we telekeçileriň ýöriteleşdirilen gildiýalarynyň diwarlyklary hem sergä gelenlerde uly ogyzyklanma döretdi. Bularyň arasyndan “Turkish poultry” (guşçulyk önümleri) assosiasiýasyny, pissäni gaýtadan işlemek arkaly dürli önümleri hödürlemek boýunça “Hazelnut Promotion Group” – “FTG” assosiasiýasyny, “MBTG” (unaş önümlerini, kösükli ekinlerden alynýan önümleri we ösümlik ýagyny giňden hödürlemek), “DEPC” (guradylan miweleri we pissäni gaýtadan işlemek we öndürmek, süýji nygmatlary taýýarlamak), zeýtun ýagyny we zeýtunyň gaplanan görnüşde öndürmek boýunça “Türkey olives” assosiasiýasyny, şeýle hem un we çörek-bulka önümlerini, süýji nygmatlary öndürmek boýunça kärhanalary mahabatlandyrmak bilen iş salyşýan “Turkish Flour” we “Delightland” kompaniýalaryny görkezmek bolar.

“Dau Turkish” syýahatçylyk agentligi tarapyndan taýýarlanan köpsanly bannerler serginiň özboluşly milli öwüşgine eýe bolmagyna ýardam berdi, bular arkaly Türkiýe Resupblikasynyň täsin galdyrýan taryhy ýadygärlikleri we bu ýurduň şäherleriniň häzirki döwürdäki gözel künjekleri barada gürrüň berilýär.

Şeýlelikde, türkiýeli önüm öndürijileriň eksport harytlarynyň şu sergisi Türkiýäniň ykdysadyýetiniň köp pudaklaýyn mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylýan ýere öwrülmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň wekilleri we telekeçiler bilen köp sanly duşuşyklaryň we netijeli gepleşikleriniň geçirilen ýerine öwrüldi. Şolaryň netijeleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar we geljegine uly umyt baglanýan ugurlar aýdyňlaşdyryldy hem-de hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän täze gatnaşyklara badalga berlip, geljekde bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen ylalaşyklar baglaşyldy.

Ýöriteleşdirilen serginiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde sergä gatnaşyjylara degişli diplomlar we halkara derejeli şahadatnamalar gowşuryldy.

Serginiň işi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda myhmansöýerlik hem-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň doganlyk halklarynyň abadançylygy we rowaçlygy ugrundaky özara peýdaly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädime öwrülen ykdysady gözden geçirilişiň ýokar derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter