Aşgabatda türk önümleriniň sergisi açyldy | TDH
Jemgyýet

Aşgabatda türk önümleriniň sergisi açyldy

опубликованно 10.02.2015 // 867 - просмотров
 

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Iki ýurduň söwda-ykdysady taýdan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen bu çäre hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine aldy.

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridiýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasynyň bilelikde guramagynda däp boýunça geçirilýän bu ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öndürýän önümleriniň giň görnüşini görkezmäge, täze işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmaga oňyn mümkinçilik döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasaty milli ykdysadyýetimize daşary ýurtly maýadarlaryň çekilmegini üpjün edýär. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň doly möçberde döwrebaplaşdyrylmagy we pudaklaryň köpugurly esasda ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyny şertlendirýär. Daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we täzeçil ýörelgeleriň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynyň ösdürilmegini, ykdysadyýetiň täze senagat ugurlarynyň kemala getirilmegini üpjün edýär.

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň söwda-ykdysady ugurlar boýunça iri hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki doganlyk ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna we Rejep Taýyp Ärdoganyň biziň ýurdumyza 2014-nji ýylda guran resmi saparlary ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry emele getirdi we söwda-ykdysady hem-de gumanitar hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny we geljekki ugurlaryny kesgitledi. Türkmen telekeçileriniň 2014-nji ýylda geçirilen Halkara Izmir sergisine gatnaşmagy, şeýle hem iki döwletiň baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçen ýylda türkmen paýtagtynda türkmen-türk işewürlik forumynyň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň, şeýle hem gurluşyk senagatyna degişli ýöriteleşdirilen sergileriň geçirilmegi iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini we haryt dolanyşygynyň artýandygyny alamatlandyrýar.

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň biziň ýurdumyzda geçirilýän altynjy sergisi türkiýeli önüm öndürijileriň mümkinçiliklerini, olaryň türkmen hyzmatdaşlary bilen ýola goýýan netijeli gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryny äşgär etdi. Bu gezekki sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň we iri senagatçylarynyň hem-de telekeçileriniň wekilleriniň 400-e golaýy biziň ýurdumyza geldi. Sergi köşgünde 160 kompaniýalar we firmalar öz önümlerini görkezdiler. Olaryň hatarynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýän kompaniýalar we biziň ýurdumyzda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän 70-den gowrak firmalar bar.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň baştutanlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň we serginiň myhmanlarynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda döwlet Baştutanymyz türkiýeli işewür toparlarynyň biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalarynyň we möhüm taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny, elektroenergetika, nebitgaz, gurluşyk,
ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, dokma senagatynda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarynda türkmen hyzmatdaşlary bilen birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde önjeýli goşant goşýandygyny, olaryň bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam edýändigini belleýär.

Sergi türkiýeli önüm öndürijileriň eksport edýän ýokary hilli önümleriniň giň görnüşlerini aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Olaryň hatarynda agyr maşyngurluşyk pudagy boýunça birnäçe teklipler, senagat pudaklary, obasenagat toplumy üçin enjamlar we gurnamalar, gurluşyk serişdeleri, awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary, durmuş-tehnikasy we elektronika, mebeller we yşyklandyryjylar, dokma önümleri, ýuwujy serişdeler, timar beriji we atyr önümleri, kanselýar harytlary, azyk senagatyna degişli bolan önümleriň köp görnüşleri bar.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Bostanсi Damler”, “Guven Makina”, “Özgül Trailer”, “MPG Makina”, “Durmuş Özgül OTO” ýaly iri önüm öndürijileriň ýük ýükleýji tehnikalary we ulag tirgegleri görkezilýär. Gurluşyk serişdeleri ulgamynda “Pakpen plastik boru”, “Em-Ka Çelik” ýaly penjireleri we gapylary öndürýän kompaniýalar, “Assan Panel” kompaniýasy ýaly diwarlar we üçekler üçin ýokary derejeli örtükleri bolan sendwiç-panelleri, “Favori Ýapi” we “Laçin Diş Tiç” kompaniýalarynyň asma potoloklary we howany arassalaýjy üçekleri, “Alimoglu Marble”, “Tumaz Marble” kompaniýalarynyň mermer plitalary, “Netbor plastik boru”, “Ufuk Boru”, “George Fisher Hakan” kompaniýalarynyň türba önümleri sergide öz orunlaryny tapypdyr.

Metal gurnamalar we dürli desgalary enjamlaşdyrmak üçin önümçilik pudagynda, şol sanda sport toplumlaryny we stadionlary enjamlaşdyrmakda işleýän “SNS Çelik”, “Genel makina”, “Saýna”, “Menta” kompaniýalarynyň önümleri görkezilýär. Şeýle hem sergide “Sönmez Tent” kompaniýasynyň ykjam myhmanhanalar, çadyrly lagerler, sport çadyrlary, angarlar, düşelgeler üçin gurnamalary bar. Dürli görnüşdäki çarçuwaly ulgamlary gurnamak üçin modul gurnamalary öndürýän “DNG çelik uzaý çati” kompaniýasynyň önümleri öz mümkinçiliklerini görkezýär. Şunuň ýaly köpugurly ulgamlar häzirki döwürde howa we demrýol menzillerini, bazarlary, stadionlary, aýlawlary üçeklemek babatda örän oňaýly bolup durýar.

“Dizaýn grup” kompaniýasy suw üpjünçiligi, lagym ulgamy we suwaryş boýunça öz hyzmatlaryny hödürleýär. “ABS” we “Esli” kompaniýalary suw arassalamakda ulanylýan kämil filt ulgamlaryny görkezýär. Energetika pudagynda ýokary netijelere eýe bolan “Beta transformator”, “Kahramanli Group”, “Timsan” kompaniýalary bolsa energetika ulgamyna degişli önümlerini görkezýärler. Ses geçirmeýän serişdeleri we örtükleri, şeýle hem maslahatlar zaly üçin degişli enjamlary öndürýän “Meloman” kompaniýasynyň önümleriniň ýany hem köp adamly boldy.

“Ýyldyz mobilýa” kompaniýasy öz önümlerini biziň ýurdumyzda ilkinji gezek görkezýär. Ol maslahatlar zaly, eýwanlar, iş otaglary we restoranlar üçin “Addo” görnüşindäki belli köpugurly binalaýyn we ýumşak mebellerini görkezýär.

Sergide çagalar edaralary, mekdepler, ylmy-barlaghanalar, şeýle hem sport meýdançalary we stadionlar üçin niýetlenen enjamlara aýratyn ähmiýet berlipdir. Çagalar üçin niýetlenen ekologiýa taýdan arassa we dürli görnüşli we göze gelüwli mebeller barlaghanalar, synp otaglary we oýun otaglary üçin niýetlenipdir. Şeýle önümleri “Doguz Okul Ýaýynlari”, “Edosis Egitim”, “Ak Ýazi ve Buro Maýiz”, “Feta Lab Manz”, “Edu” kompaniýalary görkezýärler. “Sima Kirtasiýe” kompaniýasy mekdebe degişli we beýleki kanselýar harytlarynyň örän köp görnüşlerini hödürleýär. Durmuş tehnikasyny we aşhana önümlerini öndürmekde biziň ýurdumyzda öňden belli bolan kompaniýalarynyň bölümleriniň ýany has-da köp adamly boldy. Bu ýerde sowadyjylaryň, kir ýuwujy maşynlaryň, gaz we elektroplitalaryň, çörek bişirilýän peçleriň, ýyladyjylaryň, suw gyzdyryjylaryň iň täze görnüşleri görkezildi. Şeýle hem “Beko”, “Simfer”, “Naturel”, ”Kumtel”, “King”, “Fakir” ýaly kompaniýalaryň durmuş ulgamyna degişli enjamlarynyň köp görnüşleri sergide goýlupdyr. Mundan başga-da, bu ýerde “Kaýalar Çelik”, “Karaсasan” kompaniýalarynyň aşhana enjamlary we köpçülik iýmiti kärhanalary üçin ýeňil plastik mebeller görkezilýär.

“Vestel” firmasynyň bölüminde täzeçil bezegi we şekillerinde artykmaçlyklary bolan häzirkizaman telewizorlary görkezilýär.

Nah we garyşyk matalardan taýýarlanylan dokma önümleri Türkiýe Respublikasynyň eksport uçin esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda sergide “Network” kompaniýasynyň erkek we zenan lybaslarynyň göze gelüwli nusgalary, “Astaş Oztaş elegant” firmasynyň ýokary hilli trikotaž önümleri, “Özbek Tekistil” kompaniýasynyň dürli bezegdäki ýapynjalary, “Taс.zorlutest” kompaniýasynyň ýatakhanalar üçin toplumlary görkezilýär.

Şeýle hem bu ýerde durmş himiýasyna, dürli görnüşdäki ýuwujy serişdelere, timar beriji serişdelere, müşki-ambarlara, şeýle hem çagalar üçin arassaçylyk önümlerine degişli bölümler bar. “Golden Roze”, “Gabrini”, “Roхen” ýaly kompaniýalaryň zenanlara niýetlenen timar beriji serişdeleri biziň ýurdumyzda giňden bellidir.

Şeýle hem sergide obasenagat toplumyna, azyk senagatyna degişli ägirt uly bölümleri öz önümlerini hödürleýärler. Bu ýerde guşçulyk, deri işläp bejermek, däne önümçiligi, unaş önümleri boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalar ugurdaş önümlerini görkezýärler. Şeýle hem bu ýerde balyk we balyk önümleriniň köp görnüşleri höldürlenýär. Ýeri gelende aýtsak, önümleriň tagamyny barlamak üçin ondan dadyp görmek mümkinçiligi ýola goýlupdyr. Mundan başga-da, bu ýerde dürli maňyzlar, şeýle hem köp görnüşli süýji nygmatlar we konditer önümleri görkezilýär.

Üç günüň dowamynda türkiýeli işewürler toparlary özleriniň türkmen hyzmatdaşlary bilen birnäçe duşuşyklar geçirerler we gurluşyk serişdeleriniň we enjamlarynyň, dürli görnüşdäki halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligi boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze teklipleri öňe sürerler. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň kompaniýalary özleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny, täzeçil ýörelgelerini we halkara bazarynda alyp barýan işlerini äşgär edýän maglumatlary bilen çykyş ederler. Şeýlelikde, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň wekilleri, hünärmenleri, telekeçiler duşuşyklaryň barşynda türkiýeli kärdeşleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Sergi öz işini 12-nji fewrala çenli dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter