Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda gazanan üstünlikleri | TDH
Sport

Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda gazanan üstünlikleri

опубликованно 15.02.2019 // 740 - просмотров
 

Russiýa Federasiýasynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlary dowam edýär. Şu gün «Kristal» sport köşgünde figuralaýyn typmak boýunça ýekelikde erkin maksatnama boýunça ýaryşlar geçirildi.

Bu oýunlara Türkmenistandan iki türgeniň — Larisa Wahitowanyň we Aýna Ekäýewanyň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Bu bäsleşikleriň barşynda A.Ekäýewa erkin çykyşda 59.57 utuk toplap, jemleýji görkezijide aralyk ikinji orny eýeleýär.

Larisa Wahitowa bije boýunça üçünji topara düşüp, 33 türgeniň arasynda on ikinji bolup, buzly meýdança çykdy.

Biziň ildeşimiz çylşyrymly tilsimleri göwnejaý berjaý edip hem-de hiç hili ýalňyşlyk goýbermän, figuralaýyn typmakda ýekelikde çykyş edýän 12 türgen çykyş edenden soňra, ikinji orny eýeledi. Iki çykyşyň jemleri boýunça L.Wahitowa 90.46 utuk toplady we bu netije bilen şol pursatda diňe Gonkongdan gelen türgenden yza galdy.

Bäsleşikler tamamlanandan soňra, L.Wahitowanyň tälimçisi metbugat merkezinde bu türgeniň çykyşynyň sport ussatlygyna dalaşgäriň derejesinde taýýarlanylandygyny hem-de figuralaýyn typmagyň dürli 11 tilsimini öz içine alýandygyny aýtdy. Ähli çykyşlaryň «arassa» ýerine ýetirilmegi ýokary baha mynasyp bolmaga esas döretdi. Türkmenistandan gelen figuralaýyn typýan türgen ilkinji gezek halkara ýaryşynda üç öwrümli böküşi, iki öwrümli aksel tilsimini, iki gezek hem kaskad tilsimini we beýlekileri ýalňyşsyz ýerine ýetirdi.

— Ilkibaşda bu ýerdäki şertlere uýgunlaşyp, her günde iki gezek türgenleşmeli, aýazlara öwrenişmeli boldy. Bu ýerde hödürlenýän ýokumly iýmitler hem türgenlerimize oňyn täsirini ýetirdi diýip — tälimçi gürrüň berýär.

Ýaryşlaryň iki gününiň jemleri boýunça biziň türgenlerimiz üstünlikli çykyş etdiler, bu bolsa Türkmenistanda sportuň bu görnüşiniň giňden ösýändigini aňladýar.

16-njy fewralda «Spartak» stadionynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter