«Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlary tamamlandy | TDH
Sport

«Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlary tamamlandy

опубликованно 16.02.2019 // 289 - просмотров
 

Şu gün «Spartak» stadionynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu ýerde geçirilen täsirli şüweleňde Sahaliniň häzirki zaman ýerine ýetirijileri, özboluşly halk döredijilik toparlary, zehinli ýaş aýdymçylar çykyş etdiler. Göwünleri galkyndyran owadan feýerwerk baýramçylygyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Bu ýaryşlarda Türkmenistanyň sportuň hokkeý hem-de figuralaýyn typmak görnüşlerinde wekilçilik edendigini ýatlamak bolar.

Ýaryşlaryň dowamynda figuralaýyn typmakda gyzlarymyz şowly çykyş etdiler. A.Ekäýewa erkin görnüşdäki çykyşynda özboluşly typdy, L.Wahitowa bolsa örän çylşyrymly emelleri ynamly ýerine ýetirip, ýekeje-de düýpli kemçilik goýbermedi. Onuň ýerine ýetiren çykyşy sport ussatlygyna dalaşgärleriň derejesinde taýýarlanyldy.

Hokkeý toparymyz örän güýçli garşydaşlar bilen üç duşuşyk geçirdi. Sportuň gyşky görnüşleri boýunça şeýle iri ýaryşlarda olaryň toplan oýun tejribesi geljekde peýdaly bolar.

Ýurdumyzyň topary «Arena Siti» we «Kristall» sport toplumlarynyň buzly meýdançasynda yhlasly türgenleşikleri hem-de çykyşlary bilen türkmen sportunyň yzygiderli ösýändigini hem-de sportuň gyşky görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarda biziň türgenlerimiziň tejribeli garşydaşlary bilen deň bäsleşip biljek we olara mynasyp garşydaş bolup biljek günleriniň uzakda däldigini görkezdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter