Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy

опубликованно 20.07.2015 // 1605 - просмотров
 

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy baýramçylygy mynasybetli saglygy goraýşy ulgamyna degişli täze iri desgalaryň açylyş dabaralary, şeýle hem saglyk düzüminiň nobatdaky ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň düýbuni tutmak çäresi geçirildi. Şanly seneler mynasybetli guralan çärelere saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň ulgamyna eýe bolmagyna mümkinçilik döreden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

... Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň ulagy Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň düýbüniň tutulýan ýerine geldi.

Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlerikleriň, pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurudmyzyň welaýatlarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda şu gezekki çärelere gatnaşmak üçin ýörite çagyrylan Germaniýadan professor-lukmanlar we beýleki daşary ýurtly myhmanlar bar. Şeýle hem bu ýere şu gün öz hünär baýramçylygyny belleýän saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri geldiler.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.

Döwlet Baştutanymyz ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde ilatymyzyň beden we ruhy taýdan, sagdynlygy, her bir adamyň, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi boýunça amala aşyrylýan iri möçberli işlere degip geçdi. Ýaşulular milli Liderimize türkmen halkynyň saglygy we bagtyýar durmuşy barada ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz adamlar we olaryň saglygy hakdaky aladanyň geljekde hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyny belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş maksatnamalary we taslamalar ilata hil taýdan täze, ýokary derejede lukmançylyk hyzmatyny hödürlemäge gönükdirilip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge ýardam bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döredijilik toparlarynyň we ussat ýerine ýetirijileriň ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabaralara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz özi üçin ýörite taýýarlanan ýere geçýär. Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, öz çykyşyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda baýramçylyklaryň goşalanyp gelýändigi barada aýtmak bilen başlady. Ýakynda Oraza baýramyny, Galla baýramyny belläp geçdik. Indi bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen bagly dabaralara gatnaşýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu täze halkara lukmançylyk merkezleriniň - 180 orunlyk hirurgiýa merkeziniň, 120 orunlyk endokrenologiýa merkeziniň düýbüni tutýarys. Bu toplumyň endokrinologiýa ulgamyna degişli dürli keselleriň, şol sanda süýji keseliniň öňüni almak, anyklamak hem-de bejermek boýunça meseleleri çözmekde uly ähmiýeti bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny kabul etdik. Maksatnamanyň esasy wezipesiniň keselleri bejermek däl-de, olaryň öňüni almakdygyny, şonuň esasynda hem şu döwrüň içinde uly işleriň amala aşyrylandygyny, birnäçe keselleriň ýurdumyzda ýok edilendigini bellemeli., Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de beýleki birnäçe abraýly halkara guramalarynyň şol keselleriň ýok edilendigi baradaky güwänamalarynyň ýurdumyza gowşurylandygyny aýtmak isleýärin.

Keselleriň öňüni almak üçin maşgala lukmanlarynyň ulgamy ýola goýuldy, bu usul iş ýüzünde özüniň netijeliligini görkezdi. Ýurdumyzda meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş gäwänamasy ulgamyny girizdik, ýokary derejeli anyklaýyş we bejeriş – öňüni alyş hyzmatlarynyň umumy elýeterli bolmagyna ýardam berýän beýleki köpsanly çäreler durmuşa geçirildi.

Käbir keselleriň öňüni almak we bejermek üçin merkezleşdirilen hassahanalar zerur bolup durýar. Biz Halkara saglyk merkezleriniň müdiriýetini döretdik. Onuň düzümine Kardiologiýa merkezi, Halkara iç keselleri merkezi, Halkara anyklaýyş merkezi, Kelle we boýun keselleri halkara merkezi, Ene mähri merkezi, Göz kesellerini bejerýän oftalmologiýa merkezi we Stomatologiýa merkezi girýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Her ýyl ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň şanly senesinde lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak ýa-da açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi.

Şu gün hem biz täze Okuw-ylym merkezini açarys. Diňe ylym bilen aýakdaş gitmek bilen biz oňyn netijeleri gazanyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu Okuw-ylym merkezi geljekde ylmy-barlag işlerini geçirer ýaly, lukmanlarymyzyň öz hünärini ýokarlandyrmak üçin, kliniki ordinatorlar, aspirantlar, doktorantlar tarapyndan degişli ylmy-barlag işlerini geçirip, ylmyň gazananlaryny amaly tarapdan durmuşa geçirip, keselleriň öňüniň alynmagy üçin zerur şertleri üpjün eder.

Ýene bir açyljak desga Halkara kardiologiýa merkezidir, ol durky täzelenilen we düýbünden täzeden gurlan binalardan ybaratdyr. Öňki kardiologiýa merkezi 20 orunlyk bolan bolsa, täze halkara kardiologiýa we kardiohirurgiýa merkezi 150 orunlukdyr. Bu ýerde raýatlarymyz üçin ýürek-damar keselleriniň öňüni almak, bejermek ýa-da hirurgiýa taýdan bejeriş amallaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi. Bu merkezler täze saglyk halkara müdiriýetiniň düzümine girýär.

Milli Liderimiz şeýle hem sagdyn nesli ösdürip ýetişdirmek üçin öňi bilen eneleriň sagdynlygynyň zerur bolup durýandygyny aýtdy. Şu gün biz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy merkezini açarys. Bu ýerde biziň aýal-gyzlarymyz, çagalar üçin ähli lukmançylyk hyzmatlary, şol sanda akuşerçilik-ginekologiýa bejeriş işleri ýola goýlar. Zerur bolsa, bu ýerde ylmy-barlag işleri hem geçirilip bilner.

Döwlet Baştutanymyz ýene bir desga hakynda, çilimkeşlik, arakhorluk, neşekeşlik ýaly belalardan saplanmak üçin şu gün Tejen şäherinde 120 orunlyk ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň açylýandygyny aýtdy. Bu merkez bu zyýanly endiklerden ejir çekýän adamlara sagdyn-durmuş ýörelgesini saýlap almaga kömek eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk bejeriş işlerinde saglygy goraýyş ulgamynyň derman serişdeleri bilen üpjün edilmeginiň ähmiýeti baradaky meselede durup geçdi. Dermanyň ýokary hilli saklanylmagyny, olaryň ulanyş möhletini, hiliniň barlanylyşyny we dermanhanalara öz wagtynda ýetirilmegini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana müdirliginiň häzirki zaman halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze ammarlary üpjün eder – ol şu gün ulanmaga berilýän desgalaryň biridir.

20 ýylyň içinde, hakykatdan hem, uly işler amala aşyryldy, paýtagtymyzda merkezleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň ençemesi – Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, Şikesleri bejeriş merkezi, Ýokanç keselleri merkezleriniň toplumy, ýöriteleşdirilen harby hassahanalar gurlup ulanmaga berildi, welaýatlarda “Ene mähri”, anyklaýyş merkezleri, obalarda saglyk öýleri guruldy – näçe sanasaň sanap oturmaly. Bu işler dowam etdirilip, milli saglygy goraýyş ulgamyny ýokary dünýä derejesine çykarýar diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagt, saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerine bolsa ynsan saglygyny bejermek ýaly asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýygnananlar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra şu günki dabara gatnaşýan oglanjyk bilen gyzjagaz hormatly Prezidentimize ýörite gutyny getirip, ýadygärlik ýazgy galdyrmagy haýyş etdiler. Bu ýere ýygnanlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljek nesillere niýetlenen ýazgyny guta salyp, täze binanyň düýbüniň tutuljak ýerine bardy. Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň binýadyna beton garyndysyny atyp, onuň gurluşygyna ak pata berdi. Ýaşulular we dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde germaniýaly professorlar bilen lukmançylyk pudagynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdy we olaryň türkmen kärdeşleri bilen täze işjeň gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine baha bermekleri üçin, olary şu günki açylýan desgalar bilen tanyşmaga çagyrdy.

Täze desganyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň şu künjegindäki lukmançylyk şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Halkara okuw-ylmy merkezine tarap ugrady.

Milli Liderimiziň ulagy Halkara okuw-ylmy merkeziniň öňündäki meýdançada saklandy. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselelerini gowşurdylar. Dabara gatnaşýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, daşary ýurtly myhmanlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Şeýle hem bu ýerde okuw-ylmy merkezi, onda amala aşyrylýan işleri ösdürmek boýunça iş alyp barýan daşary ýurtly alymlar bar. Olar täze merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň lukmanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik ýagdaýynda garşyladylar.

Halkara okuw-ylmy merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar şanly waka mynasyebtli belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz täze binanyň toý bagyny kesýär. Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň içine girip, onuň aýratynlyklary bilen tanyşýar.

Merkeziň esasy wezipesi lukmançylyk biliminiň derejesini ýokarlandyrmak, ylmy barlaglary geçirmek, dürli görnüşdäki şekilleri ulanmak arkaly saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek bolup durýar.

Täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň ýokary ösüş derejesi bolan döwletleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmagyny üpjün edýär. Hil taýdan täze kämil düzümi emele getiren bu merkez lukmançylyk pudagynyň esasyny düzmek bilen, ol ulgamyň ýokary hilli mümkinçilikleriniň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün edýär we lukmançylyk ulgamynyň täzeçil ýol bilen sazlaşykly ösüş strategiýasyny kesgitleýär.

Halkara okuw-ylmy merkezi, öňdebaryjy tehnolgiýalar bilen üpjün edilen iri bilim merkezidir. Ol ähli täzeçil ýörelgeleriň döredilmegini, ornaşdyrylmagyny we giňden ulanylmagyny öz içine alýan lukmançylyk düzüminiň kemala getirilmegindäki nobatdaky tapgyr bolup durýar. Bu merkezde täze işläp taýýarlamalar bilen meşgullanmak, ylmy – barlag taslamalaryny amala aşyrmak, ilat üçin täzeçil lukmançylk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmak işleri alnyp barylar.

Merkezde oturdylan enjamlaryň Orta Aziýa ýurtlarynyň hiçisinde ýokdugyny bellemeli. Bu kämil enjamlaryň kömegi bilen, talyplar, ordinatorlar, lukmanlar we beýleki hünärmenler tejribe sapaklaryny geçerler, öz hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrarlar, möhüm işläp taýýarlamalary, düýpli we amaly barlaglary geçirerler, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenenler we kämil usullary, tehnologiýalary synagdan geçirerler. Toplumyň düzümine endoskopiýa, hirurgiýa bölümeçi bolan Lukmançylyk türgenleşik bölümi, ylmy-anyklaýyş we usulyýet bölümi, barlag we seljeriş ylmy bölümi özünde jemleýän merkeze girýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýerleşýän embriologik we sütin öýjükleri ylmy-anyklaýyş barlaghanasyna bardy. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda iň häzirkizaman ugurlaryny biridir.

Milli Liderimiz bu ýerde implantasiýanyň öňüsyrasynda genetiki-anyklaýyş döwründe kemisligi ýüze çykarmak bilen blastomerleri öwrenmek, ekstrakarporal tohumlandyrma meseleleri boýunça anyklaýşy we barlaglary geçirmek bilen baglanyşykly usullar bilen tanyşýar. Şunuň ýaly anyklaýyş çäreleri genetika sebäpler boýunça tohumyň ösüşini kesmek töwekgelçiligini aradan aýyrýar we doga näsaglygy bolan eneden sagdyn çaganyň dünýä inmek mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Dünýäniň dürli ýerlerindäki klinikalarda şunuň ýaly tejribäniň ulanylmagy, bu tehnologiýanyň netijeliliginiň ýokarydygyny subut etdi.

Häzirki döwürde adamyň bedeninde sütün öýjüklerinden dürli öýjükli ulgamyň emele gelýändigine hiç hili şübhe ýok. Häzirki zaman lukmançylygynda adamyň sütün öýjükleri bejeriş maksady bilen başga ýere geçirilýär. Meselem, bejeriş mahalynda gan aýlanyş ýagdaýyny dikeltmek üçin zerur çäreleri ýerine ýetirmek mümkinçiligi döreýär. Bu merkezdäki dikeldiş hirurgiýasynda dürli keselleri bejermekde ulanmak maksady bilen, mezenhimal sütün öýjükleriniň dürli görnüşleriniň şekilini döretmäge mümkinçilik berýär. Olaryň sanyny we hilini hem-de olary gerekli ýerine oturtmaga taýýarlamagy üpjün edýär.

Bu ýerde işleýän lukman hormatly Prezidentimiziň sowallaryna jogap bermek bilen, enjamlar, olary barlaghana şertlerinde ulanmagyň kadalary barada gürrüň berdi. Şeýlelikde, Germaniýada öndürilen “LAMINAR AÝIRFLOW CABIN” enjamy özünde gepofilter saklaýar we daşky gurşawdan gelen mikroblaryň täsirini peseldip, sütün öýjükleriň arassa ýagdaýyny saklamagyny üpjün edýär. Munuň özi sütün öýjüklerine düzümiň kadasyna laýyk getirmäge çenli bolan ukyplylygy we adam bedeniniň ýürek damarlary, beýni öýjügi, nerw sütünleri, öýken, bagyr, kentlewük we deri ýaly dürli böleginiň kadaly işini ýola goýýar.

Bu barlaghanada oturdylan Indoneziýanyň önümi bolan “Ecko” enjamy sütün öýjükleriniň kadaly ýaşamagy we saklanmagy bilen baglanyşykly ylmy barlaglarda giňden ulanylýar. Onuň maksatnamalaýyn üpjünçiligi sütün öýjüklerini saklamak, köpeltmek we ösdürmek üçin zerur bolan şertleri, ygtybarly goraglylygy ýola goýar. Ol CO2 ölçeglerinde degişli ýylylygy we çyglylygy üpjün edýär.

Öýjük terapiýasy sütün öýjükleriniň mümkinçiliklerine daýanyp, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen öýjüklere öwrülmäge we täzeden dikelmäge ukyplydyr. Sütün öýjükleriniň şunuň ýaly aýratynlyklary netijeçinde ol adam teniniň ähli ýerindäki zeper ýeten öýjükleri çalyşmak we täzeden dikeltmek wezipesini ýerine ýetirýär. Şeýle hem ol has ýiti keselleriň 80-den gowragyny bejermekde işjeň ulanylýar. Barlaghananyň sowadyjy enjamy sütün öýjükleri 86 dereje suwuklykda alty aýdan bir ýyla çenli bolan möhletde saklamaga mümkinçilik berýär.

Ýaponiýanyň “Olympus” inwertirlenen mikroskopy lukman hünämenleriň ygtyýarynda bolup, ol janly sütün öýjükleriniň köpelmegine hem-de ösmegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol wideokamera bilen üpjün edilip, kompýuter ulgamyna birikdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan germaniýaly professorlara ýüzlenip, olaryň sütün öýjüklerini barlamagyň geljegi bilen baglanyşykly pikirlerini diňledi. Şonda myhmanlaryň biri tejribeli kardiolog öz iş tejribesinde sütün öýjüklerini näsagyň infarkt keseliniň öňüsyrasyndaky ýagdaýynda ulanandygyny we bu usulyň oňat netije berendigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň patomorfologik ylmy-anyklaýyş barlaghanasyna bardy.

Bu barlaghananyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, bu ýerde Wisto-- we sitomorfometriýa öýjükleriň ýadro gurnaýjylaryny ýüze çykarmak we adam bedeniniň aýry-aýry ýerleri boýunça barlag işleriniň geçirilýänligidir. Şeýle hem barlaghana immun ulgamynyň doly ýetmezçiligi bilen bagly ylmy barlaglary geçirmäge, bedeniň agzalarynyň we dokumalarynyň trasplantologiýasynda patomorfologiýa işini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnan bu enjamda Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň makro we mikrosopiki derejede bedeniň dürli agzalaryna edýän täsiri öwrenilýär.

Döwlet Baştutanymyz lukmandan barlaghanada ulanylýan täzeçil usullar we barlag serişdeleri barada aýdyp bermegini sorady. Merkeziň işgäri otagda oturdylan enjamlar toplumy barada aýtmak bilen, kliniki anyklaýyş we synag işlerini awtomatlaşdyryş enjamlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan Germaniýada “Leica” kompaniýasynyň “Aperio CS2” göçüriji ulgamyň iş tertibini görkezdi. Bu enjam gistologiýa şekillerini göçürmek we olary saklamak maksady bilen, keseli anyklamak hem-de surat görnüşinde bir bitewi maglumat binýadyna utgaşdyrmak üçin ýokary öndürijilkli we örän tiz hereket edýän gural hasaplanylýar.

Şeýle hem lukman bu ýerde oturdylan Daniýanyň “Dako” kompaniýasynyň enjamynyň artykmaçlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu enjam immunogistohimiýa anyklamasy üçin niýetlenip, oňa işläp taýýarlaýjy, reňkleýji gurallar girizilendir. Olaryň kömegi bilen islendik dokumalarda antigenler we beýleki serişdeler anyklanýar, şeýle hem käbir doly anyklamasy kyn bolan keselleriň sebäpleri kesgitlenýär we anyklanýar. Bu bolsa ejir çekýän adamlara patogenetiki taýdan bejergi geçirmäge mümkinçilik berýär.

Soňra milli Liderimiz biohimiýa we gemotologiýa ylmy-anyklaýyş barlaghananyň innowasiýa enjamynyň, şol sanda barlaghana enjamynyň işleýiş häsiýetleri bilen tanyşýar, bu lukmançylyk enjamy gysga wagtyň içinde allergiýa keselleriniň sebäbini anyklamaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anyklaýyş enjamynyň işleýiş aýratynlyklary hem-de onuň şeýle enjamlar bilen deňeşdirilende artykmaçlyklary bilen gyzyklandy. Hünärmegniň gürrüň berşi ýaly, “Phadia 250” enjamy häzirki wagtda awtomatlaşdyrylyş, hil we hyzmat ediş möçberleri allergiýa häsiýetli we autoimmun keselleri gysga wagtyň içinde aňrybaş derejede anyklamak boýunça iň häzirki zaman abzalydyr. Ol bir wagtyň özünde 50 nusgany kabul etmäge hem-de allergiýa görnüşli keselleriň 700-den gowrak görnüşini ýüze çykarmaga ukyplydyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza iň täze biohimiýa seljeriş enjamy görkezildi, ol biohimiýa barlaglaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmäge we lipid, uglewod, belok we mineral çalyşmalaryň önümlerini kesgitlemäge ukyplydyr. Bu enjamyň kömegi bilen ýokanç keselleriň döremeginiň sebäbini ýüze çykaryp bolar.

Beýleki enjamlaryň hatarynda barlaghanada “Centaur” awtomatlaşdyrylan immunoferment anyklaýjy abzal hem bar. Onuň kömegi bilen ähli garmonlary, onkomarkerleri, kardiomarkerleri ganazlyk alamatlaryny ýüze çykaryp hem-de gysga wagtda delilli netijeleri alyp bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk tehnikalarynyň yzygierli täzelenendigini we her gün diýen ýaly olaryň has kämil görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi. Hünärmenlerimiziň öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmegi üçin olarda ýokary pikirlenmek ukybyny ösdürmek maksady bilen okuw maslahatlaryny yzygiderli guramak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutatynymz dabara gatnaşýan “Simens” kompaniýsaynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, bu ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, kompaniýanyň toplan tejribelerini türkmen lukmalarynyň öwrenmegi boýunça okuw sapaklaryna nemes hünärmenleriniň çekilmeginiň möhümdigini belledi.

Halkara okuw-ylmy merkeziniň Ylmy -barlag bölüminiň düzüminde molekulýar-genetik, situ-genetik, mikrobiologiýa barlaghanasy, şeýle hem metalbolizmi öwrenmek boýunça barlaghana we başgalar bar.

Seljeriş bölümi merkeziň möhüm bölümleriniň biridir. Onuň işi saglygy goraýşyň ösüşini, döwrebaplaşdyrylmagyny we dolandyryşyny ylmy-amaly usulda üpjün etmäge, ykdysady binýadyny döretmäge, Türkmenistanyň döwalet elektron saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy taýdan esaslandyrylan dolandyryşyny üpjün etmäge, derman serişdelerine Döwlet sanawyny girizmäge we lukmançylyk tehnikalaryna, lukmançylyk ähmiýetli beýleki enjamlaryna Döwlet sanawyny girizmäge gönükdirilendir.

Soňra milli Liderimiz Okuw merkeziniň endeskopiýa we robotlaşdyrylan hirurgiýasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşýar. Bu ýerde boks –türenleşik enjamy we hirurglaryň dürli amallary ýerine ýetirmegi üçin okuw geçilýän türgenleşik-simulýator enjamy bar, şunda bu tälimleri hünärmenler weterinariýa barlaghanasynda işe girişmezden ozal haýwanlar bilen geçirilýän synaglar arkaly özleşdirýärler.

Hünärmen döwlet Baştutanymyza bu häzirki zaman enjamyny işledip görmek bilen onuň tehniki aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Norwegiýanyň “SimSurgery” kompaniýasynyň önümi dünýäde iň kämil simulýatorlaryň biri bolup, ýaňy işe başlan, şeýle hem tejribeli endohirurglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin peýdalanylýar. Bu enjamda maşklar ýerine ýetirilende içki agzalaryň we dokumalaryň hakyky ýagdaýy görkezilýär we näsaz hereketler ýüze çykanda, olaryň ýaramaz netijeleri (gan akmak, ýolunmak we ş.m.) ýaly netijeler görkezilýär. Maksatnamalaýyn şekiller dürli çylşyrymlyklary we köp basgançakly maşklary sazlamaga mümkinçilik berýär.

ABŞ-nyň “Helskea” kompaniýasynyň LapVR wirtual simulýatory endohirurgiýa gurallaryndan başarnykly peýdalanmagy öwrenmek, binýatlaýyn utgaşdyrmany, iş ýüzündäki tälimleri we endohirurgiýa amallary ýerine ýetirmek zenan keselleriniň hirurgiýasynda degerli tälimleri almaga niýetlenendir.

Bu enjamyň kömegi bilen hiç hili gan görkezmezden operasiýalary geçirmegi içgin özleşdirip bolar, mysal üçin, körçegäni aýyrmakda, enjamyň ekranynda görkezilişi ýaly göbek ingisi ýa-da öthaltasy bejerilende ulanylýar.

Şweýsariýada öndürilen Wirtamed guraly bolsa beden agzalarynda ownuk gan çykarmasyz amallary ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Onuň kömegi bilen bogunlary birleşdirijileri dikeltmek hem-de ýüze çykýan beýleki beden näsazlyklaryny aradan aýryp bolar. Soňra bu usulyň ýerine ýteirilişi görkezildi. Myhmanlar monitoryň kömegi bilen lukmanyň ähli hereketlerine syn edip bildiler.

Şeýle hem üç derejeli endohirurgiýa we robotohirurgiýa ukyplaryny ele almak üçin iň täze enjam bar. “Da Vinsi” roboty örän çylşyrymly mikroskopiýa amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ähli keselleýiş ýagdaýlarynyň hakykata örän ýakyn görnüşde suratlandyrylmagy okatmagyň ýokary netijeliligini üpjün edýär, ýörite kompýuter maksatnamalary bolsa hünärmenleriň ösüş derejesine we ussatlygyna baha bermäge mümkinçilik döredýär.

Bu okuw merkezi kliniki okuw türgenleşik merkezi we wiwarium bilen bilelikde köpugurly simulýasiýa toplumynyň düzümine girýär.

Kliniki merkeziň okuw esbaplary näsaglaryň hakyky ýagdaýyny suratlandyrýan türgenleşik garantgylaryndan ybaratdyr we elektron okuw maksatnamalary bilen üpjün edilen dolandyryş enjamly simulýatorlardyr. Bu okuw usulyýeti soňky ýyl talyplar we ýaş hünärmenler üçin niýetlenendir we onuň maksady ýaşlarda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlary meýilleşdirmegiň esasynda kliniki pikirlenmäniň tärlerini iş ýüzünde kemala getirmekdir. Bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji gezek Aşgabatda ornaşdyrylandygyny bellemeli.

Bu, mysal üçin, öýünde heläkçilige uçran adama gaýragoýulmasyz kömege gelýän gulluklar tarapyndan ýardam berilmegi, awtoulag çaknyşygyny mysaly meýilleşdirmek we tiz kömek bermekdir. Doly abzallaşdyrylan tiz kömek ulagy we okuw garantgysy şikest ýetmegiň bolup biljek dürli ýagdaýlaryny meýilleşdirmäge hem-de tälim alýanlara näsaglar hassahana äkidilen ýagdaýynda mümkin bolan gaýralmalary öwrenmäge mümkinçilik berýär.

“Learning Spase” lukmançylyk simulýasiýa merkeziniň dolandyryş ulgamynyň kömegi arkaly (“Okadylýan giňişlik”) simulýatordaky hereketler gözegçilige alnyp, ýazgy edilip ýa-da netijeleri jemlenen wagtynda ara alnyp maslahatlaşylyp biliner.

Şeýle simulýatorlaryň kömegi bilen, lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň şikes alanlara ýa-da ýürek kesellilere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berlende ýerine ýetirmeli işleriniň yzygiderliligi we iş endikleri özleşdirilýär. Okuw-türgenleşik merkezinde tiz kömek otagy, kompýuter tomografiýa otagy, koronar angiografiýa otagy, ultrases barlagy otagy, döwrebap maneken-simulýatorlary bolan, anesteziolog lukmanlarynyň we operasion şepagat uýalarynyň gatnaşmagynda jikme-jik amaly okuwlary geçmek üçin operasion otagy bar. Bu operasion enjamlarda ähli ýagdaýlary, dem alyş ýollarynyň geçirijiliginiň bozulmalaryndan başlap, anesteziologiýadaky çylşyrymly ýagdaýlara, meselem, howply gipertermiýa çenli modelirlemek mümkin.

Reanimasiýa bölüminde ululara we çagalara, şol sanda bäbeklere bejerginiň güýçli depginde geçirilýän ýagdaýlaryny modelirlemek bolýar. Çaga dogruş otaglarynda dogrum barada, dogrum wagtynda ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlar boýunça amaly okuwlar geçilýär. Şeýle hem wideoendoskopiýa otagy, meseleleri türgenleşdiriji otag diýlip atlandyrylýan otag, derman serişdeleriniň taýýarlanylýan otagy bar. Ýol berilmeli däl ýalňyşlyklaryň 30-göterimi derman serişdeleriň mukdarynyň we taýýarlanyşynyň, goýberilişiniň nädogrulygy bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Şepagat uýalary üçin amaly okuwlar şeýle ýalňyşlyklaryň sanynyň azalmagyna niýetlenendir.

Şepagat uýalaryň işini kämilleşdirmek üçin, näsaglara gözegçilik etmek hem-de olar bilen gürleşmegiň düzgünlerini özleşdirmek üçin, aýratyn ideg talap edýän ululara we çagalara meňzedilip ýasalan “näsaglar"- trenažerlar ýöriteleşdirilipdir.

Hassahana otagy lukmanlar we şepagat uýalary üçin agyr görnüşli ýagdaýlar, näsaglaryň bejergisiniň alnyp barlyşyny we dürli-dürli hünärleriň arasyndaky iş ýörelgelerini kämilleşdirmek üçin niýetlenipdir. Süňk mulýažlarynyň we artroskopiýa otagy, ortoped lukmanlara hakyky hirurgiki enjamlary ulanyp sapak geçmäge mümkinçilik berýär.

Okuw-ambulatoriýa bölüminde lukmanlaryň iş endikleriniň kämilleşmegi üçin amaly sapaklar guralýar. Türgenleşik merkezinde iň çylşyrymly türgenleşdirijiniň biri hem stomatologiki türgenleşdirijidir. Ol bejergi mahalynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar bilen, ýagny agyra çydamsyzlyk, üsgülewük, ýürek bulanma, ýürek urşunyň kadasynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar bilen modelirlenipdir. Türgenleşdiriji dürli ýagdaýda nädogry hereketi görkezip biler. Onda dogry netijä gelmek öwrenýänleriň näsag bilen iş endikleriniň kämilleşmegine, hakyky iş ýagdaýynda tejribesini artdyrmaga kömek eder.

Mundan başga-da merkezde urologiýa we GBB (gulak, burun bokurdak) türgenleşdirijileri gurnalypdyr. Çekge süňküni deşmegiň we burun boşluklarynyň çäginde endoskopiki hirurgik amalllaryň taktil ikitaraplaýyn aragatnaşykly modelirlenilmegi öwrenýän operasion çägiň anatomiki gurluşyny we dokumalaryny duýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem endoskopiki sinus hirurgiýa türgenleşdirijisinde hem meşgullanma göz öňünde tutulypdyr.

Oftalmolog lukmanlara göni we göni däl oftalmoskopiýa üçin, şeýle hem döwrebap türgenleşdirijini ulanmak bilen witroretinal hirurgiýadan okuwlar geçilýär.

Robotlaşdyrylan hirurgiýanyň türgenleşdiriş otagynda dünýä-de deňi bolmadyk hem-de dürli okuw gurluşlary bIlen üpjün edilen “Da Winçi” atly robotlaşdyrylan hirurgiki ulgam gurnalypdyr. Robot iki bölekden durýar. Birinji bölek dolandyryjy üçin, ikinji bölek – dört elli awtomat- hirurgyň işini ýerine ýetirýär. Robotyň elleriniň biri operasiýa edilýän ýeri görkezýän wideokamerany saklaýar, beýleki iki eli hakyky alynan wagtda hirurgyň amala aşyrýan işini ýerine ýetirýär, dördünji el bolsa hirurgyň kömekçisiniň etmeli işini ýerine ýetirýär. Hirurg-lukman operasiýa edilýän ýeri 3-D görnüşde birnäçe esse ulaldyp görmäge mümkinçilik berýän dolandyryjynyň başyna geçip oturýar we enjamlara erk etmek üçin niýetlenen ýörüte abzallary peýdalanyp işleýär.

Döwlet Baştutanymyz binanyň multimediýa zalyna baryp gördi. Milli Liderimiz telelukmançylygyň mümkinçiliklerini ulanmaga şert döredýän enjamlaryň artykmaçlyklary bilen tanyşdy.

Bu ýerde işleýän hünärmene operasiýa zalynyň gollanmasynyň multimediýa zaly bilen baglanyşdyrylmagy merkezde okuw geçýänlere hirurgiýa maksatnamasynyň aýratynlyklaryny öwpenmäge, weterinar barlaghanada hirurgiýa işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýaş lukmanlaryň hirurgiýa taýýarlygy bilen bir hatarda, “Learning Space” ulgamynyň kömegi bilen Kliniki simulýator merkezinde ýerine ýetirilýän şeýle okuw sapaklaryny we beýleki bäsleşikleri guramaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde şeýle hem teleköpri arkaly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda okuw derslerini guramak we beýleki çäreleri geçirmek üçin mümkinçilikler bar.

Bu ýerde myhmanlara munuň nähili bolup geçýändigi görkezildi: teleköpri Okuw-ylmy merkezini paýtagtymyzyň halkara lukmançylyk merkezleriniň ikisi bilen birikdirip, olaryň arasynda “häzirki wagt” (“on—laýn”) tertibinde göni gürrüňdeşligi görkezmek üçin giňişlik döredildi.

Döwlet Baştutanymyz multimediýa zalyň işi bilen tanşyp, okuw derslerini geçmegiň barşynda daşary ýurt ylmy we kliniki merkezleri bilen geljekde okuw maslahatlaryny, geňeşmeleri, tejribe alyşmalary geçmek üçin göni wideoaragatnaşygy peýdalanmak mümkinçiligine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz “Türkmen Älem52oE” milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen halkara derejesinde geçirilýän teleköprüleriň guralmagyna giň mümkinçilikleriň açylandygyny belläp, şu ýerde milli emeli hemra arkaly häzirki zaman telearagatnaşyk tehnologiýalaryň üsti bilen tejribe sapaklaryny, ylmy alyşmalary ýola goýmak boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýene-de nemes hünärmenlerine ýüzlenmek bilen, hemra aragatnaşygyny ulanmak arkaly bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýmagyň, möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belläp, teleköprüniň üsti bilen ylmy we maglumatlar alyşmagyň ähmiýetini nygtady.

Bu ýerde şeýle hem interaktiw ekrany peýdalanmak bilen täze okadyş tehnologiýasy görkezildi: 3D ölçeginde köp esse ulaldylan dokumalaryň ýa-da beden agzalarynyň şekillerini “işläp” olaryň ýagdaýyny öwrenmek mümkindir.

Hünärmen bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijleriniň enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny, olaryň Orta Aziýada ýeke-täkdigini aýdyp, döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary häzirki zaman enjamlary we kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw-ylmy merkeziniň açylyş dabarasy bilen ýene bir ýola gutlady hem-de olara işlerinde üstünlik arzuw etdi. Merkeziň işgärleri hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamynyň we lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan Halkara kardiologiýa merkeziniň açylyş dabarasynyň geçýän ýerine tarap ugrady.

Bu ýerde köp sanly dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.

Merkeziň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belli aýdymçylaryň we tans toparlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bu ýerde geçirilýän dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda merkeziň toý bagyny kesdi. Şunlukda ýurdumyzyň saglygy goraýyş düzüminde ýene-de bir ähmiýetli desga açyldy.

Halkara kardiologiýa merkezi bilen tanyşdygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýanynda Germaniýadan gelen belli kardiolog lukmanlar ýanynda boldy. Döwlet Baştutanymyz olar bilen bu merkeziň enjamlaşdyrylyşy, onuň häsiýetli aýratynlyklary boýunça pikir alyşdy.

Halkara kardiologiýa merkezi täze gurlan iki sany döwrebap binadan ybaratdyr. Olar ýörite gurlan geçelge arkaly baglanyşýar. Şeýle hem Kardiologiýa merkezi lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary we iň häzirki zaman tehnikalar bilen üpjün edilip, ol ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Merkez 141 näsag üçin niýetlenip, bu ýerde olara ýokary derejedäki lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar.

Merkeziň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde ýokary hünär derejesi bolan kardiolog, kardiohirurg, reanimatolog, terapewt, newropotolog, ginekolog we beýleki ugurlara degişli lukmanlar kabul edýärler. Şeýle hem merkezde keseli anyklamak ulgamynda ulanylýan usullaryň we enjamlaryň ägirt köp görnüşi işjeň ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyň barşynda ehokardiografiýa barlag otagyna barýar. Milli Liderimiz gyzylödegiň üstünden ehokardiografiýa barlagyny amala aşyrmak , ýürek-damar kesellerini stress usuly arkaly anyklamak üçin oturdylan ejamlaryň mümkinçilikleri bilen tanyşýar.

Bu ýerde işleýän lukman döwrebap enjamyň artykmaçlygy barada aýdyp, bu ýerde oturdylan enjamlaryň Orta Aziýanyň ýurtlary boýunça diňe Aşgabatda bardygyny uly buýsanç bilen belledi hem-de netijeli işlemek ugrunda döredilen aňrybaş mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.

Şöhle anyklaýyş we angeokardiografiýa bölümi kardiologiýa anyklaýyş ulgamynda täze ölçegleri emele getirýär. Meselem, häzirki zaman “Simens” nemes kompaniýasynyň “Somatom Delfinition” kompýuter tomografi bir öwrümde 128 kesimi bolan şekili ýerine ýetirip bilýär. Şeýle hem bu bölümde rentgenologiýa tehnikasynda iň häzirki zaman enjam bolan köpugurly “Luminos Fuston” sanly gurnama ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow koronar gan aýlanyşyň we damar ulgamynyň irki döwürdäki näsazlygyny ýüze çykarmaga we ony täzeçil usullar bilen bejermäge niýetlenen angiografiýa
Otagyna bardy. Mili Liderimiz bu ýerde otagda oturdylan Germaniýanyň enjamlary bilen tanyşdy. Bu enjamlar diňe bir keselleri anyklamaga däl, eýsem olary öz wagtynda kateter ulanmak ýoly bilen aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Bölümde kardiologiýa ulgamy býounça dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde ýakyn döwürlerde mümkin bolmadyk hasap edilýän öňdebaryjy usullar ulanylýar. Olar 15 mikron ölçegi bolan damarlara optiki kogerent tomografiýasyny ulanmak arkaly ýüregiň damaryndaky gan aýlanyşynyň ölçegini amala aşyrýar.

Şeýle hem bu ýerde uly geljegi bolan böwrek deňerwasiýasy bejeriş usuly ulanylýar. Ol agyr arterial keseli bolan näsaglarda arteriar gan basyşyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Ýewropanyň öňdebaryjy klinikalarynda ornaşydyrylýan bu usul howpsuzdyr –em-de netijelidir. Ol gapdal arterialara kateter oturtmak arkaly we ultrasesiň kömegi bilen böwrek nerwlerine täsir edýär. Ol gan basyşyň ýokarlanmagyny kadalaşdyrýar. Bu çäräniň dowamlylygy 60-80 minuda barabardyr.

Ýene bir angiografiki enjam damar ulgamyna diagnostik barlaglardan başga-da ýüregiň hereketini we onuň geçirijiligini anyklamak üçin niýetlenendir. Bu enjam ýürek ulgamyna elektrofihiologik barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär. ABŞ-nyň “CARTO” nawegasiýa ulgamy ýüregiň elektoişjeňligi baradaky wajyp maglumaty almaga hem-de elektrokardiostimulýator gurnama arkaly bejeriş geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bölümiň oýlanyşykly enjamlaşdyrylmagy tutuş merkezde bolşy ýaly, bejerişe bolan toplumlaýyn çemeleşmeleri özünde jemleýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desganyň buýrujysynyň, onuň potratçysy boaln Türkiýäniň “Gap Inşaat” kosmpaniýasynyň we enjamlary getirýän Germaniýanyň “Hospital Internasional” kompaniýasynyň işine kanagatlanma bildirdi.

Ýökary tehnologiýaly çylşyrymly operasiýalary az töwekgelçilikde geçirmäge mümkinçilik berýän we häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän enjamlaryň tapawutly tarapy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň merkeziň beýleki bölümlerindäki koronar hirurgiýadan we beýleki hirurgiýa kesellerinden tapawutlydygyny belledi. Näsaglar bu ýerde toplumlaýyn bejergini alyp bilýärler. Ol bolsa gyssagly hem-de anyklaýyş çärelerini geçirmäge, netijeli bejerişi amala aşyrmaga we lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we enjamlaryň gije-gündizleýin gözegçiligi astynda dikeldiş işleriniň netijeli bolmagyna ýardam berýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň operasiýa we gan-damar kesellerini intensiw bejermek boýunça dikeldiş otagyna bardy.

Bu ýerde işleýän lukman döwlet Baştutanymyza merkeziň operasiýa bölüminiň dünýäniň öňdebaryjy kardioklinikalarynyň derejesindäki tehnologiýalara, usullara we mümkinçiliklere eýe bolan üç sany operasiýa zalynyň bardygy barada aýtdy. Bu toplumda “OCTOPUS” (Medtronik, ABŞ) toplumynyň kämil enjamlary, emeli gan aýlanyşy üpjün edýän enjam, gözegçiligiň häzirki zaman köpugurly ulgamy, zerur ýagdaýlary anyklamaga niýetlenen Germaniýanyň önümi bolan ultra şöhle anyklaýyş enjamy bar. Bu ýerde oturdylan enjamlar diňe bir Orta Aziýada däl, eýsem tutuş dünýäde iň häzirki zaman görnüşleridir.

Lukmanyň aýdyşy ýaly, anesteziologýa we intensiw terapiýa bölümi Germaniýanyň öňdebaryjy “Dragär”, “Siýemens” we “Fresenius” ýaly kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde barlag geçirmek, onuň netijelerini dessine almak we täze işläp taýýarlamalaryň maksatnamalaýyn üpjünçiligi boýunça zerur maglumatlary almak hem-de olary bellemek üçin zerur şertleri üpjün edýän häzirki zaman ulgamy oturdylypdyr. Onuň kömegi bilen näsagyň ýagdaýyna, operasiýa mahaly onuň beden agzalarynyň işleýşine gözegçiligi amala aşyrýar.

Merkeziň düzüminde Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň (“Simens”, “Roche”, “Sysmex”) häzirkizaman awtomatik analizatorlary
bolan kliniki – anyklaýyş barlaghanasy bar. Bu ýerde gematologiýa barlaglary, biohimiýa, immuniologiýa barlaglary alnyp barylýar. Şeýle hem gipertonik keselleri anyklamak üçin immuniologik görnüşiň sanawy örän giň. Bu ýerde ýiti koronar sindromyny, çişleri we düwnük keselini anyklaýan enjamlar bar. Olar bagryň irki döwürdäki firozyny ýüze çykarmkk üçin baglanyşdyryjy öýjügiň ösüş ýagdaýyny kesgitleýär.

Mundan başga-da merkezde fiziotperapewtik bölüm işleýär. Onda elektroterapiýa, magnitoterapiýa, gidroterapiýa, şöhle bilen bejeriş, lazer terapiýasy we beýleki hyzmatlar hödürlenýär. Bölümde fitobar bolup, onda dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň, beýleki içgileriň dürli görnüşleri bar.

Soňra milli Liderimiz iki binany baglanyşdyrýan dälizden geçip, merkeziň durky täzelenen binasyna bardy. Bu ýerde köp ýyllardan bäri zähmet çekýän halypa lukmanlar milli Liderimizi garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz özüniň lukman bolup işlän döwürlerinde bile işleşmek miýesser eden lukmanlary bilen görşüp, olaryň hal-ahwallary, işleri bilen içgin gyzyklandylar. Halypa lukmanlar soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, näsaglara edilýän hyzmatyň hil taýdan täze derejä çykandygyny buýsanç b.ilen belläp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiz olara işlerinde üstünlik arzuy etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden täze açylýan desganyň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkeziň açylyş dabarasynyň guralýan ýerine tarap ugrady.

Täze merkeziň açylyşy mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar milli liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasaky gyzlar horoimatlyPrehzidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň ýanyndaky meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çyky şlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze merkeziň toý bagyny kesýär. Hormatly Prezidentimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkez bilen tanyşyp başlaýar. 7-nji gatdan ybarat bolan bu merkez 670 orunlyk bolup, onuň 28 bölümi bar. Bu iri lukmançylyk edarasy enelere we çagalara ýöriteleşdirilen ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen birnäçe bölümlerden ybaratdyr. Olaryň hatarynda kabul ediş bölümi, barlaghana ylmy-kliniki bölümi, anyklaýyş-maslahat beriş bölümi, ýatymlaýyn anyklaýyş bölümi, çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş, fiziobejeriş we bejeriş bedenterbiýe, çagalaryň gemotologiýa ylmy-kliniki, çaga iç keselleri ylmy-kliniki we başga-da birnäçe bölümler bar.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde ýerleşýän operasiýa toplumynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Lukman bölümiň enjamlaşdyrylyşy barada aýdyp, bu ýerde dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir.

Bu ýerde endeskop arkaly operasiýa geçirmäge niýetlenen “Karl stors” kompaniýasynyň laporaskop enjamynyň aýratynlygy barada gürrüň berdi. Ol näsaglarda uly kesim etmän endaskop arkaly operasiýa geçirmäge mümkinçiilik berýär. Bu bolsa çagalarda operasiýadan soňky agyrynyň bolmazlygyny, olaryň tiz sagalmagyny üpjün edýär.

Şeýle hem bölümde Germaniýanyň Maguet kompaniýasynyň altyn ölçegine laýyk gelýän operasiýa stoly oturdylypdyr. Bu operasiýa stoly hirurg lukmanyň çagalarda dürli operasiýalary geçirmegi üçin ähli amatlyklary özünde jemleýär. Onuň ýumşak, ýöriteleşdirilen köp gatlakly düşegi, elektro we mehaniki usul arkaly dolandyrylmagy operasiýa edilýän näsag üçin has-da oňaýlydyr.

Şeýle hem çagalar hirurg lukmanlarynyň ygtyýarynda “Erbe” kompaniýasynyň elektrohirurg enjamy bar. Onuň kömegi bilen operasiýa wagtynda dokumalary kesip, gan akýan damarlaryň ýörite usul bilen ganyny durzup bolýar. Bu enjam näsagda gödek tyg ýaralarynyň emele gelmegini ň öňüni alýar we operasiýanyň dowamlylygyny azaldýar.

Umuman aýdanyňda, operasiýa toplumynda dürli derejedäki bejerişi alyp barmak üçin ähli şertler döredilipdir. Bu toplumda 13 operasiýa bölümi bolup, olaryň 5-si gyssagly operasiýalary, 8-si bolsa meýilnamalaýyn operasiýalary ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Bölümleriň enjamlaşdyrylyşy dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Olarda operasiýanyň has amatly usullary işjeň ulanylýar. Olaryň netijeli ulanylmagy näsaglaryň keselhanada ýatýan möhletini azaldýar we olaryň tiz sagalyp maşgalalaryna gowuşmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz merkeziň bölümleri, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşlygyň barşynda bir ýaşa çenli çagalaryň hirurgiýa ylmy-kliniki bölümine baryp gördi. Bu ýerde gaýragoýulmasyz kömegi bermek we netijeli bejerişi amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler bar. Bu ýerde torokal, abdominal, gepatologiýa, progtologiýa, neýrohirurgiýa ýaly we başga-da birnäçe bölümler bar. Olarda meýilnamalaýyn barlaglary, öýken, bagyr, aşgazan bilen baglanyşykly keselleriň, şeýle hem adam saglygyna howp salýan beýleki keselleriň öňüni almak we gyssagly bejermek işleri alnyp barylýar. Bu ýerde lukmançylyk hyzmatlarynyň iň täze görnüşleri hödürlenýär. Aýratyn-da, bölümde koronar hirurgiýa, ýürek keselleriniň hirurgiýasy we başga-da birnäçe ugurlar boýunça bejeriş işleri ýola goýlandyr. Ýewropanyň belli klinikalarynda tejribe geçen lukmanlar näsaglara toplumlaýyn esasda bejergi geçirýärler. Olar öwrenen iş tejribelerini işjeň ulanýarlar.

Çaga hirurgiýasynyň ylmy-klinika bölümi ýokary derejedäki hirurgiýa bejerişi amala aşyrmaga mümkinçilikb erýän häzirki zaman enjamlary
bilen üpjün edilipdir. Merkeziň abir we iki orunlyk otaglarynda köpugurly krowatlardan başlap, kislorod bermek üçin niýetlenen enjamlara çenli ähli zerur şertler döredilipdir. Şepagat uýalarynyň merkezleşdirilen bölümi göz öňünde tutulypdyr. Endeskopyň kömegi arkaly dürli bejeriş çäreleri geçirilýär. Munuň özi bejerişi şikestsiz alyp barmaga. Onuň möhletini azaltmaga we näsaglaryň tiz sagalmagyna mümkinçilik berýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň oýlanyşykly toplumlaýyn esasda enjamlaşdyrylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meseleleriniň gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, ulgamda ulanylýan enjamlary getirýän “Simens” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Ýurdumyzda ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz ýakynda Lebap welaýatynda ýurdumyyň hususy telekeçileri tarapyndan gurlan birnäçe suw arassalaýjy desgalaryň ulanmaga berlendigini aýtdy. Olaryň tehnolgik gurnamalarynda “Simens” kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýdyp, hormatly Prezidenitmiz ýene-de köp sanly suw arassalaýjy desgalaryň guruljakdygyny beldedi we şunuň ýaly möüm taslamalara gatnaşmaga germaniýaly hünärmenleri çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz merkez bilen tanyşlygyň dowamynda anestazologiýa we reanimasiýa bölümine bardy.

Bu ýerde hünärmen elektrik sazlaýjysy blan ýörite krowatyň, emeli dem alyş enjamynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Bäbekleriň anesteziologiýa we renimasiýa bölüminde kemis dogan çagalara gözegçilik etmek we olary bejermek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Otagda neýrosonografiýa, ehokardiografiýa, içki agzalarda ultrases barlaglaryny, poratiw rentgen geçirmäge mümkinçilik berýän enjamlar bar.
Bu ýerde ulanylýan usullar Türkmenistanda ilkinji gezek ýola goýulýar. Bu usulyň kömegi arkaly täze dogan çagalaryň netijeli bejerişini üpjün etmäge mümkinçilikb erýär. Şeýle hem bu ýerde ganyň kömürturşy gazynyň dereesini ölçeýän gural bar. Ol emeli dem alyş enjamynyň astynda ýerleşýär. Otag CPAP ýokary ölçegli enjam bilen üpjün edilipdir. Ol dem alyş ýollarynda kemçiligi bolan bäbekleriň dem alyşyny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Bäbekleriň ylmy-kliniki patalogiýa bölüminde Germaniýanyň “Drager” kompaniýasynyň “Infinity Central Station” enjamy oturdylypdyr. Sensorly enjam birwagtyň özünde birnäçe monitordan maglumat almaga we ony gyssagly geçirmäge, wagtlaýyn ölçegleri ýüze çykarmaga mümkinçilikb erýär. Enjamyň artykmaçlygy onyň ähli maglumatlary awtomatik usulda ýazýanlygydyr we ony saklaýanlygydyr. Gyssagly lukmançylyk kömegini berýän otag zerur bolan lukmançylyk serişdeleri bilen doly üpjün edilipdir.
Merkezde diňe bir ýokary tehnologiýaly anyklaýyş we bejeriş enjamlary däl, eýsem ýörite taýýarlanan gurallar bar.

Döwlet Baştutanymyz çaga krowatlarynyň häzirkizaman görnüşlerine ünsi çekmek bilen olaryň bezeg aýratynlyklaryna görä otagyň reňklenmeginiň, oňa dürli gülleriň, köekleriň we taýçanaklaryň şekilleriniň çekilmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi çagalaryň ruhuny göterip, olaryň tiz sagalmagyna ýardam berer.

Şeýle hem merkezde ýetmez çagalaryň agramy bilen baglanyşykly ýöirte bejeriş ýerine ýetirýän enjam bar. Şunuň ýaly enjamlar bäbekler üçin zerur ýylylygy we çyglylygy saklýar hem-de olaryň saglyk ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Täze enjam çaglaryň saglygyna zyýan ýetirmezden bejeriş çäresini alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz çagalaryň toksikologiýa we gemodializ bölümine baryp görýär. Bu ýerde işleýän lukman hormatly Prezidentimize ýiti we dowamly böwrek ýetmezçiliginde dürli ýagdaýlardaky näsaglara, şol sanda ýylan çakyp zäherlenenlere ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň berilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimize “Frezenius” kompaniýasynyň “5008 Cor Diax” emeli böwrek enjamy görkezildi. Munuň özi gemedializ üçin niýetlenen enjamlaryň önümçiliginde dünýäde öňdebaryjydyr. Şeýle hem bu ýerde “Drager” kompaniýasynyň “Cawina-300” emeli dem alyş enjamy, “Frezenius” kompanýiasynyň “Multifiltrat” enjamy we “Braun” infuzion hem-de perfizion nasoslary bar.

Bölümde “Bejeriş görkezijilerini dolandyryş ulgamy” kompýuter ulgamy girizildi. Ol lukmana näsaga dializ berilýän pursatynda monitorda onuň netijelerine gözegçilik etmäge we ýagdaýy zerur derejä getirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem bu ulgam ähli ulanylýan enjamlaryň arasynda bir bitewi maglumat ulgamyny döretmäge, şeýlelikde bölümiň işiniň netijeliligini okarlandyrmaga, bejerişiň hiline yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşýan daşary ýurtly alym lukmanlar, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň wekilleri merkezde döredilen şertleriň, onda oturdylan enjamlaryň dünýä ülňülerine doly laýyk gelip, olaryň sebitde ýeke-täkdigini nygtadylar. Munuň özi Türkmenistanda hormatly Prezidentiň ýolbaşçylygynda adamlaryň, aýratyn-da çagalaryň sagdynlygy hakyndaky aladanyň döwlet syýaatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini alamatlandyrýar diýip. Dabara gatnaşyjylar bellediler.

Hormatly Prezidentimiz sagdyn çagany kemala getirmek üçin, ilkinji nobatda enäniň saglygynyň zerurdygyny belläp, munuň üçin ýurdumyzda ähli amatly şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hökümeti bilen birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky ähtnama hakyndaky karara gol çekildi. Bu resminama ýurdumyzda çagalaryň we ulularyň arasynda öňüni alyş sanjym çärelerini geçrmek üçin 1016-2020-änji ýyllarda degişli lukmançylyk serişdelerini satyn almak, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasy bilen däp bolan hyzmatdaşlygy dowam etmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň çaganyň irki ösüşi we irki dikeldiş bölümine baryp gördi.

Bu merkezde çaganyň irki ösüşi hem-de çaganyň saglygyny dikeltmek boýunça bölüm açyldy, ol çaga keselleriniň öňüni almak meselelerine döwlet derejesinde üns berilýändiginiň nyşanydyr.

Bölümiň işgäriniň gurruň berişi ýaly, onuň wezipesi çaganyň ösüşindäki näsazlyklary mümkin boldugyça irki döwürde ýüze çykarmak we bejermek, usulyýet kömegini bermek hem-de ösüşinde kemislik bolan maşgala goldaw bermek, dikeldiş mahalynda çagalaryň ene-atalaryny olaryň dürli oýunlara çekilmegine gözegçiligi ýola goýmak boýunça şahsy maksatnamany işläp taýýarlamak ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Bölümde bar bolan oýnawaçlar haýsydyr bir ýagdaýy ýerine ýetirýärler. Käbir oýnawaçlar çagalaryň dabanyndaky nerwleri oýarmak. Şeýlelikde ýasydaban keeliniň öňüni almak, daýanç, hereket agzalaryny berkitmek üçin niýetlenendir. Beýleki bir oýnawaçlar bolsa çagada ownuk hereketleriň işjeňligini artdyrýar, olarda reňkleri saýgarmak we pikirleniş ukyplaryny ösdurýär. Ýene-de birnäçe oýnawaçlaryň kömegi arkaly çagalaryň eşidiş mümkinçilikleri kesgitlenýär. Şeýle hem çaga agzalarynyň tutuş ulgamyny berkitmäge gönükdirilen oýnawaçlar bar.

Milli Liderimiz dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen oýun otaglarynyň ikisine baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda bolýan germaniýaly lukman bu otaglaryň guramaçylyk derejesiniň ýokarydygyny, olaryň çagalaryň ukyplaryny, bilesigelijigini artdyrmak nukdaýnazaryndan abadanlaşdyrylandygyny belledi. Şeýle hem myhman otagyň diwarlaryndaky ertekilerden alnan şekilleriň, gahrymanlaryň, şeýle hem halk ertekisi Ýartygulagyň şekilleriniň bolmagy çagalara oňyn täsir etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Merkez bilen tanyşlygyny tamamlap, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti täze Merkeze ýöriteleşdirilen awtoulaglary sowgat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atoulagda Ahal welaýanyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze gurlan Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammarlar toplumyna tarap ugrady. Toplumyň umumy eýeleýän medýnay 6 gektara barabar bolup, onuň 2,6 gektarynda toplumyň esasy binalary we teniki desgalary ýerleşýär.

Bu ýerde milli Liderimizi şanly wakalar mynasybetli belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary taýýarlan sungat ussatlary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammarlar toplumynyň toý bagyny kesip, bu ýerde döredilen şertler bilen tanşyp başlady.

Ammaryň içindäki howa yzygiderli arassalanyp durýar we awtomatik uulda degişli ýylylyk saklanýar. Bu işlere ýörite gurallar arkaly gözegçilik edilýär.

Ammaryň çägirnde AGW robot-ýükçi ulanylýar, ol awtomatik usulda dürli ýükleri ondan-oňa geçirmek, ýerleşdirmek işlerini alyp barýar. Ammarlarda import dermanlyk serişdeleri kabul edýän bölüm bolup, olar degişli ugurlar boýunça ýerleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde gümrük çäreleri, ýurdumyzda öndürilen dermanlyk serişdelerini kabul etmek we paýlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem bölümde gaplamak, taýýarlamak we ugratmak amallary ýerine ýetirilýär. Toplumda uly ammarlardan başga-da lukmançylyk pamyklary, sargy serişdeleri, taýýar garyndylar, gipsler we gips sargylary üçin ýörite ammarlar bar.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň goşmaça ammary göz öňünde tutuldy. Ol dermanlyk serişdeleriň we beýleki lukmançylyk önümleriniň gozgalmaýan gorlaryny saklamak üçin niýetlenendir.

Şeýle hem ammarlar toplumynyň düzümine üç gatly edara ediş binasy girýär. Onda Baş dermanhanalar birleşiginiň dolandyryş bölümleri ýerleşdi.

Toplumyň çäginde birbada 51 maşyny kabul etmäge niýetlenen ýapyk duralga bar. Duralga on sany ýük ýükleýji, bäş sanysowadyjy we on kiçi göwrümli ýük ulaglaryna niýetlenendir. Bu ulaglaryň köpüsi “MERSEDES BENZ” kysymly ulaglardyr. Olaryň birnäçesi sowadyjy we ýapyk nowalary bolan uglaglardyr. Döwlet Baştutanymyz hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyryp, dermanhana birleşiginiň işgärelrini täze ammarlar toplumynyň açylmagy bilen gutlady we bu ýerden ugrady.

Paýtagtymyzdaky dabaralar Prezident “Oguzhan” köşkler toplumynda dowam etdirildi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy we Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli bu ulgamda has tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine ýokary döwlet sylpaglaryny gowşurdy.

Milli Liderimiz dabarany açmak bilen oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýygnananlaryň ählisini “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, bu şanly senä gabatlanyp köpsanly çäreleriň geçirilýändigini, şol sanda täze lukmançylyk desgalaryň açylandygyny belledi.

Bularyň ählisi biziň bu ulgamda ýeten sepgitlerimizi aýdyň görkezýär, olar “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesi bolup, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, ony düýpli özgerrtmäge täzeçe çemeleşmeleri kemala getirmäge ýardam berdi.

Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän hem-de iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bejeriş-anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, ýerli çig malyň esasynda ýokary hilli derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy we ulanmaga tabşyryldy diýip, döwlet baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ýurdumyzda dünýä lukmançylyk ylmynyň iň oňat gazananlaryna we öňdebaryjy tejribelere esaslanýan milli saglygy goraýyş ulgamynyň netijeli nusgasy döredildi. Bu bolsa, raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistan abraýly halkara guramalary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we Çagalar Gaznasy (UNICEF) bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma keselleriniň ýokdugyny, şeýle hem unuň demir we foliý turşusy, duzuň ýod bilen baýlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm halkara resminamalary berildi.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine «Ýewropa hili» halkara sylagy gowşurydy. Bu ýokary okuw mekdebi «Awisenna direktoratlygy» Bütindünýä maglumatlar goruna girizildi. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan netijeli işlerimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aýdyň subut edýär diýip. Milli Liderimiz nygtady.

Lukmançylyk dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçin hem, biz dünýä ösüşiniň täze şertlerini we maksatlaryny nazara almak bilen, parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge, ynsanperwerlik däplerini ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýäris. Abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem dünýäniň ösen döwletleriniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkara lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde möhüm taslamalary we maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde milli lukmançylyga keselleri anyklamagyň we bejermegiň täze innowasion usullary ornaşdyryldy.

Türkmen hünärmenleriniň onlarçasy Germaniýanyň iri saglygy goraýyş merkezlerinde hünärlerini ýokarlandyrdy. Germaniýaly lukmanlar we professorlar, bu ýurduň lukmançylyk ulgamynyň Tejribeli hünärmenler gullugynyň (SES) işgärleri Türkmenistana yzygiderli gelip, özara tejribe alyşýarlar.

Biz ýurdumyzy durmuş-ykdysady we tehnologik taýdan mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmek maksadyndan ugur alyp, ilkinji milli aragatnaşyk emeli hemrasyny älem giňişligine çykardyk. Bu bolsa, saglygy goraýyş ulgamynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, hilini has-da kämilleşdirmäge hem şert döredýär.

Dölwet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy hirurgiýa, kardiologiýa we kardiohirurgiýa, trawmatologiýa we ortopediýa, iç keseller, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, onkologiýa, oftalmologiýa, stomatologiýa, ýokanç keseller, epidemiologiýa, saglygyň tebigy çeşmeleri we sagdyn durmuş kadalary ýaly ugurlar boýunça häzirki zaman usullaryny – telelukmançylyk we ylmy-barlag işlerini giňden alyp barmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Hormtly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen 20 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanylan uly üstünlikler barada aýtmak bilen, bu üstünliklere garaşsyz Türkmenistanyň zähmetsöýer saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly goşant goşandygyny belledi. Şunda biziň daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan goşandy uludyr diýip, döwlet Baştutanymyz daşary ýurt raýatlarynyň birnäçesini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, şeýle hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň öňdebaryjy işgärlerini orden we medallar bilen sylaglamak hem-de olara hormatly atlary dakmak baradaky çözgüdi yglan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy ägirt uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra degişli Permanlar okaldy. Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda ýokary döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, alym – lukmanlar hormatly Prezidentimiziň elinden mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç hem-de tolgunmak bilen kabul edýärler. Olaryň ählisi milli Liderimize türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işi, oňyn özgertmeler syýasaty, netijeli başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şol syýasat we başlangyçlar bolsa Watanymyza wepaly gulluk etmegiň nusgasy hökmünde garaşsyz Türkmenistana belent abraý hem-de dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyny getirdi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny we lukmançylyk ylmyny ösdürmäge goşan mynasyp goşandy, bu ulgamda türkmen – german netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmanlary Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.

Lukman – kardiohirurg, pensioner Ýohann Engelbert Maýsner türkmen Lideriniň elinden “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordenini kabul etmek bilen, döwlet Baştutanymyza öz zähmetine berlen belent baha üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Ol ýokary sylagyň gowşurylmagy meniň üçin uly hormatdyr we mertebedir diýip aýtdy. Öz wagtynda men Türkmenistanda ilkinji kardiologiýa klinikasynyň açylyşyna hem-de ilkinji gezek açyk ýürege operasiýa edilişine gatnaşdym. Ondan bäri 17 ýyl geçipdir. Şol döwrüň içinde meniň operasiýa eden çagalarym indi uly adamlar bolupdyrlar, ýurduňyzda ýokary derejeli hünärmenleriň tutuş nesli kemala geldi, olar öz ussatlyk derejesini ýyl-ýyldan kämilleşdirýärler. Bu örän möhümdir, sebäbi hünär derejäňi we bilimleri yzygiderli ýokarlandyrmak döwrüň baş talabydyr. Türkmen hünärmenleri bu wezipäni göwnejaý ýerine ýetirýärler. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyly içinde öňde goýlan wezipeler ýerine ýetirildi. Emma muňa garamazdan hormatly Prezidentiň ýadawsyz tagallalary netijesinde Maksatnama täze ösüşe eýe boldy we täze görnüşde hereket edýär diýip, myhman nygtady.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, lukman – neýrohirurg Hans-Peter Rihter Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwigşafen şäheriniň Dental klinikasynyň professory, “Prof.Dr.Dhom & Partner” hususy klinikanyň direktory Gýunter Ýakob Dom Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglandy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grossharden uniwersitet klinikasynyň lukman – endokrinology, professor Klaus Giorg Parhofer Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglandy

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grossharden uniwersitet klinikasynyň direktorynyň orunbasary Uwe Hasbargen Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglandy.

GFR-iň “Hospitalia international” kompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň klinika meseleleri boýunça uly geňeşçisi Karl Weýland Türkmenistanyň “Watana blan söýgüsi üçin” diýen madaly bilen sylaglandy.

Ol Türkmen Liderine ýüzlenip, öz adyndan we öz kärdeşleriniň adyndan ägirt uly hoşallygyny beýan etdi. Şu gün nemes hünärmenleri türkmenistanly kärdeşleri bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan goşandy üçin ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular diýip, ol aýtdy. Diňe birek-birek bilen jebislikde işleşip, saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünilkleri gazanmak mümkindir. Tutuş toparyň işiniň netijesi onuň agzalarynyň çuňňur bilimlerine hem-de ýokary hünär derejesine, olaryň pikirdeşdiklerine, birek-biregi goldaýandyklaryna baglydyr diýip, professor Parhofer belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan şahsy goşandyny hem-de bu ulgamy yzygiderli golaýandygyny nygtady. Türkmen hünärmenleri iň gowy daşary ýurt tejribesini işjeň özleşdirýärler, olaryň dünýäniň abraýly luknmançylyk merkezlerinde hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri bar. Nemes hünärmenleri öz bilimlerini paýlaşmak üçin Aşgabada gelýärler. Biz siziň ýurduňyzda luknman kärdeşleriň ruhy birligini kemala getirmek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigine göz ýetirdik diýip aýtmak bilen, professor şu gün gowşurylan ýokary sylagyň Türkmenistanyň we Germaniýanyň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly höwes döredýändigini belledi.

***

Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde dowam etdirildi.

Dabaranyň dowamynda ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň şanly 20 ýyllygy bilen döwlet Baştutanymyzy gutlap, milli Liderimize öz zähmetine berlen ýokary baha, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy üçin alyp barýan ýadawsyz işleri üçin çuňňur hoşallygyny beýan etidler. Ýygananlar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny aýdyp, özleriniň ähli gujur gaýratyny we başarnyklaryny döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan täze ”Saglyk” döwlet maksatnamasyny amala aşyrmaga gönükdirjekdiklerini ynandyrdylar.

***

Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde çilimkeşlik, arakhorluk, neşekeşlik ýaly belalardan saplanmak üçin 120 orunlyk ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň açyldy. Bu merkez zyýanly endiklerden ejir çekýän adamlara sagdyn-durmuş ýörelgesini saýlap almaga kömek eder we ol Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir.

Anyklaýyş bölümi we maslahat beriş otaglary 3 gatly binanyň 1-nji gatynda ýerleşýär, merkeziň 2-nji we 3-nji gatlarynda bejeriş bölümleri ýerleşýär. Bu ýerde bejerişiň we dikeldişiň has öňdebaryjy we netijeli usullaryny, şol sanda terapiýa we psihoterapiýa kesellerden saplanmagyň netijeli usullaryny ulanmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem merkezde iňňe bilen bejermek, fizioterapiýa, palçyklar bilen bejermek hem-de beýleki bejeriş usullary giňden ulanylar. Näsaglaryň saglygyny dikeltmekde zähmet bilen meşgullanmak aýratyn orna eýe bolar—olaryň ygtyýarynda agaç ussaçylyk we tikin ussahanalary bolar. Bu ýerde sport bilen meşgullanmak üçin hem şertler göz öňünde tutulandyr—açyk we ýapyk sport zallary, woleýbol, basketbol we futbol meýdançalary näsaglaryň ygtyýarynda bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter