Türkmenistanda Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

опубликованно 26.02.2019 // 568 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saýuti Ýahaýa Iddiden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, milli Liderimize Gana Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň dostlukly Türkmenistana mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky mähirli arzuwlaryny ýetirdi hem-de iki döwletiň we halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek babatda tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ilçiniň belleýşi ýaly, halkara bileleşikde bolşy ýaly, Ganada hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatyna, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ylalaşdyryjylyk hem-de döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berýärler.

Milli Liderimiziň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary duşuşygyň esasy mowzugy bolup, onda Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyga, şol sanda häzirki wagtda Afrika Bileleşigi, Demirgazyk we Günbatar Afrikanyň döwletleri bilen gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen baglylykda, hyzmatdaşlyga ygrarlydygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, ilçi parahatçylyk derejesi döwlet bolan, syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegi uly hormat hasaplaýandygyny aýtdy.

Duşuşykda dostlukly ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Parlamentara gatnaşyklaryň geljegi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

***

Şu gün Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde dürli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter