Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 28.02.2019 // 641 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä Kair şäheriniň Ramzes demir ýol menzilinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi we ýangyn zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter