Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

опубликованно 26.06.2015 // 1131 - просмотров
 

Lebap welaýaty, 26-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Amyderýa jülgesindäki täze desgalaryň – Serdarabat etrabyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, Garabekewül etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhananyň açylyş dabaralaryna, şeýle hem Türkmenabat şäherindäki täze metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek türkmen Lideriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Welaýatlaryň döwrebap düzümini kemala getirmäge gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Türkmenistanyň ösüş ýoly bilen okgunly öňe gitmegi hem durmuşa geçirilýän strategiýanyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda yzygiderli gurulýan dürli maksatly döwrebap desgalar hem muňa şaýatlyk edýär. Ulanmaga berilýän desgalaryň her biri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, durmuş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli taslamalar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn bitaraplyk syýasatynyň ajaýyp miweleri bolup durýar.

Ine, düýn hem Lebap welaýatynda Köýtendag we Farap etraplarynda gurlan döwrebap suw arassalaýjy desgalar işe girizildi. Olar bu etraplaryň ilatyny arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder. Şu günki dabaralar – täze açylan desgalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanlarydyr. Şol desgalaryň hatarynda Serdarabat etrabynda gurlan döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem bar.

Watanymyzyň geljegi bolan çagalar baradaky alada Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hakyky watançylyk däplerinde we belent ruhy gymmatlyklarynyň esasynda sazlaşykly ösen, giň dünýä garaýyşly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Täze sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş türkmenistanlylaryň oňat dynç almagy we boş wagtyny peýdaly geçirmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Amyderýanyň ajaýyp kenarynda 300 orunlyk täze çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biri boldy.

... Irden döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda gurlan täze çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň esasy girelgesiniň öňünde saklanýar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Ýaş türkmenistanlylar üçin niýetlenen täzn toplumyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Ähli ýerde şadyýan çagalaryň gülki sesleri eşidilýär, joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimizi dabara gatnaşýanlar -- Mejlisiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem Lebap welaýatynda geçýän Medeniýet hepdeliginiň çärelerine gatnaşan köpsanly myhmanlar we dabaranyň esasy sebäpkärleri bolan çagalar mähirli garşylaýarlar.

Şäherjigiň merkezindäki meýdançada milli Liderimizi baýramçylygyň sebäpkärleri – çagalar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Parahatçylygyň baky nyşanlary bolan ak kepderiler we ak reňkli howa şarlarynyň ýüzlerçesi asmana uçurylýar. Ýaş türkmenistanlylar ösüp gelýän nesil barada edýän aladasy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda körpe dynç alýanlar bilen bilelikde toý bagyny kesýär we merkezi binanyň içine girýär. Şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde döwlet Baştutanymyz sagaldyş merkeziniň körpe eýeleri bilen surata düşýär.

Milli Liderimiz çagalar sagaldyş merkezi, bu ýerde körpeleriň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Çagalar dynç alyş zolagynyň desgalary 5 gektara golaý meýdanda ýaýylyp gidýär. Olarda çagalaryň birbada 300-si dynç alyp biler. Ýaş türkmenistanlylar üçin döwrebap toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda gurluşyk ulgamynda işleýän türkmen telekeçileri – “Nahal” we “Perhar” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan guruldy.

Çagalar sagaldyş merkezinde oňaýly ýatylýan jaýlardan başga-da, mejlisler zaly bolan medeni merkez, kompýuter otaglary çagalaryň ygtyýaryndadyr. Okalga zally kitaphanada döwlet Baştutanymyzyň kitaplary hem-de häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berýän neşirler ýerleşdirilipdir. Bu ýerde şeýle hem 300 orunlyk kinoteatr, 115 orunlyk amfiteatr bar.

Aýratyn binalarda naharhana, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän lukmançylyk merkezi ýerleşýär. Bu ýerde lukmanlaryň maslahatlary bilen birlikde, sagaldyş we fizioterapewtiki çäreler amala aşyrylýar.

Özboluşly akwapark hem çagalaryň hyzmatyndadyr. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalar, aýdym-saz studiýasynda, fotolaboratoriýada, halk we çeper senetçilik boýunça sapaklarda öz zehinlerini açyp bilerler. Aýry-aýry otaglar dürli gurnaklaryň işlemegi, stoluň üstünde oýnalýan oýunlar, tennis, şaşka, küşt boýunça sapaklary geçirmek üçin ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Çagalar şäherjiginde saglygy berkitmek üçin hem ähli şertler döredilipdir. Täze sagaldyş merkeziniň abadanlaşdyrylan çäginde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin enjamlaşdyrylan meýdançalaryň birnäçesi ýerleşýär. Suw attraksiony, açyk we ýapyk suw howdanlary, futbol meýdançasy, tennis korty, woleýbol, basketbol, gimnastika, ýeňil atletika meýdançasy – bularyň ählisi bu ýerde gyzykly ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Özboluşly girelge derwezesiniň öňünde uly awtoduralga ýerleşdirildi. Çagalar sagaldyş merkezi özbaşdak durmuş üpjünçilik ulgamy bilen üpjün edildi. Merkeziň gurluşygynda döwrebap şähergurluşyk ulgamynda öňdebaryjy gazananlar we milli binagärligiň gadymy däpleri ulanyldy. Binalaryň ählisi amatly geçelgeler we pyýadalar üçin niýetlenen ýodajyklar bilen birleşdirildi. Köpsanly baglar, özboluşly dynç alynýan ýerler, oýun meýdançalary, haýwanlaryň şekilleri bilen bezelen ýodajyklar we köprüjikler toplumyň çägine aýratyn öwüşgin çaýýar.

Täze çagalar sagaldyş merkeziniň enjamlaşdyrylyşy we onda döredilen şertler bilen tanyşlykdan soň, milli Liderimiz edara binasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimize çuňňur hormatyň we ajaýyp çagalar şypahanasyny gurup berendigi üçin hoşallygyň nyşany hökmünde bu ýerde terbiýelenýän körpeler milli Liderimize öz döreden sowgatlyk eserlerini, ýelkenli gäminiň şekilini gowşurdylar.

Döwlet Baştutanymyz olara minnetdarlyk bildirip, merkeziň ýolbaşçylaryna sowgat hökmünde birnäçe awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Milli Liderimiz täze sagaldyş merkezinden ugran mahaly bu ýere ýygnananlaryň ählisini ýaş türkmenistanlylar üçin niýetlenen döwrebap sagaldyş merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady. Çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa atalyk aladasy hem-de ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara münýär we Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabyna ugraýar.

Milli Liderimiziň dikuçary Garabekewül etrabynyň dolandyryş merkezinde bina edilen tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhananyň binalar toplumynyň öňündäki ýörite meýdançada gonýar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy hökümet agzalary we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatyň we etraplaryň häkimleri, şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşan gurluşyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary garşylaýarlar.

Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.

Täze kärhana “Türkmenpagta” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Engin Group Consorsium Ltd.” kompaniýasy tarapyndan ýurdumyzyň oba senagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň önümçilik düzümini giňeltmek, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugry bolan “ak altyny” – tohumlyk türkmen pagtasyny öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda bina edildi.

Mälim bolşy ýaly, bu oba hojalyk ekini dünýä dokma senagatynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda örän gymmatly çig mal bolup durýar we senagat taýdan ösen ýurtlaryň köpüsi üçin importa iberilýän harytlaryň ep-esli bölegini tutýar. Türkmenistanyň amatly tebigy howa şertleri, pagtaçylygy ösdürmäge gönükdirilýän uly möçberli serişdeler, ýokary sortly çig maly – pagta süýümini senagat taýdan özleşdirmekde iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy milli dokma senagatyny okgunly ösdürmäge mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda dokma senagaty türkmen ykdysadyýetiniň eksporta ugrukdyrylan öňdebaryjy pudaklarynyň biridir, onuň önümçilik kuwwatlyklary iň häzirki zaman kärhanalarynyň onlarçasyndan ybarat bolup, olarda arassa pagtadan önümleriň dürli görnüşleri öndürilip, dünýäniň köp sanly ýurtlaryna iberilýär. Ýerli çig mal serişdeleriniň peýdalanylmagy, önümçiligiň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary we halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýän artykmaç taraplarydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde azyk senagatyny hem hasaba almak bilen, ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklary ýaly dokma senagaty hem okgunly ösdürilýär, bu pagtaçylygyň ösdürilmegi, tohumlyk pagtanyň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalary esasynda gaýtadan işlemegiň senagat kuwwatlylygynyň artdyrylmagy bilen şertlendirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýörite kararlaryna laýyklykda, 2014-nji ýylda Daşoguz etrabynyň Köneürgenç etrabynda kuwwatlylygy ýylda 40 müň tonna deň bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen kärhana we Görogly etrabynyň pagta arassalaýjy zawodynyň binýadynda täze önümçilik bölümi, şu ýyl bolsa Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda şeýle kärhanalar pudagyň düzümleriniň üstüni ýetirdi, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň çäginde hem önümçilik bölümi ulanmaga berildi.???

Milli Liderimiziň oba hojalyk toplumyndaky ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna ýurudumyzyň pagtaçylarynyň 2014-nji ýylda 1 million 100 müň tonnadan gowrak “ak altyn” öndürendikleri şaýatlyk edýär. Şonda Lebap welaýatynyň ekerançylarynyň hem uly paýy bardyr.

Şu ýyl lebaply pagtaçylar 300 müň tonna pagta öndürmegi borçnama edindiler. Sebitde bu gymmatly çig maly gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy zawodlaryň 10-sy işleýär we şu gün bolsa Garabekewül etrabynda kuwwatlylygy ýylda 40 müň tonna deň bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen kärhana ulanmaga berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Garabekewül etraby welaýatyň iň öňdebaryjy pagtaçylyk merkezleriniň biridir. 2015-nji ýylda etrabyň ekin meýdanlarynda 8 müň gektar ýere gowaça ekildi. Ondan 21,5 müň tonna golaý pagta almak göz öňünde tutulýar.

Kärhananyň umumy meýdany 17 gektara golaý bolup, onuň düzümine dolandyryş binasy, tohumlyk çigidi arassalaýan önümçilik bölümi, şeýle hem her biriniň sygymy 5 müň tonna bolan iki sany ammar, 15 müň tonna tohumlyk çigit saklamaga niýetlenen ammar, 7 müň tonna ýokary hilli tohumlyk çigit saklamak üçin ammar we beýleki zerur kömekçi desgalar girýär. Kärhananyň toplumynyň esasy bölegi çig maly kabul etmek üçin niýetlenendir. Kärhana welaýatyň ekerançylaryny ýokary hilli tohum serişdeleri bilen üpjün eder. Welaýatyň 120 müň gektardan ybarat bolan pagta meýdany üçin 3 müň 600 tonna tohumlyk çigit zerur bolup durýar.

... Pagta arassalaýjy kärhananyň baýramçylyk görnüşinde bezelen çäginde ýaňlanýan aýdym-sazlar bu çärä aýratyn öwüşgin çaýýar. Kärhananyň esasy girelgesini dürli reňkdäki howa şarlary we grilýandar bezeýär. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda oba hojalyk işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik toparlarynyň çykyşyna syn edýär. Medeniýet we sungat işgärlerine ajaýyp aýdym-sazlary üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz pagta çil malynyň önümçilik bölümine iberilýän ýerine barýar.

Bu ýerde kärhananyň hünärmeni milli Liderimizi tehnologiýa işleri bilen tanyşdyrýar. Kärhanada ABŞ-nyň we Ýewropanyň kompaniýalarynyň innowasiýa tehnologiýaly we ýokary öndürijilikli enjamlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde işler awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Pagta kabul ediş bölüminde getirilýän çig mal her biri 60 tonna pagtany kabul etmäge ukyply elektron awtoterezileriň ikisinde agramy çekilýär.

Döwlet Baştutanymyz önümçilik binasynyň girelgeçiniň ýanyna gelýär we dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, kärhananyň içine girýär we täze önümçilik bilen tanşyp başlaýar. Kärhanada pagta çig malyny arassalamak we guratmak, pagta çigidiniň daşyny süýümden arassalamak alnan süýümi arassalamak we gaplamak, linti arassalamak we saramak, kesele garşy ýörite serişdeleri ulanmak, şeýle hem olary gaplamak üçin bölümler hereket edýär. Kärhananyň beýleki bölüminde hünärmen milli Liderimize ekmek üçin niýetlenen ýokary hilli pagta çigidini almaga mümkinçilik berýän tohumy himiki taýdan ikinji gezek işlemegiň ýörite tehnologiýasy bilen tanyşdyrýar. Hünärmeniň aýdyşy ýaly, ekiljek pagta çigidiniň ýokary hilini üpjün etmek täze kärhananyň baş wezipesidir.

Ýörite enjamlarda himiki erginler bilen tohumlyk çigitler garyşdyrylyp guradylýar, olaryň daşky gabygy aýrylýar, soňra arassalanan tohumlyk çigitler ölçegi we agramy boýunça bölünýär. Şondan soňra olara ýörite zyýankeşlerden goraýjy erginler sepilýär we kiçijik kagyz haltajyklara gaplanylýar, soňra her biri 20-25 kilograma deň bolan uly haltalara gaplanylýar. Bu haltalara degişli ýörite çyzgylar, her tapgyryň belgisi goýulýar. Bir gije-gündiziň dowamynda bu ýerde 60 tonna golaý tohumlyk çigit taýýarlanylar.

Her önümçilik bölüminde barlaghana gurnalypdyr, olar peýdalanylýan serişdeleriň fiziki-himiki görkezijiderine, taýýar önümleriň hiline gözegçilik edýär.

Tohumy ekişe taýýarlamagyň täze netijeli usulynyň önümçilige ornaşdyrylmagy häzirki wagtda her gektar meýdanda ulanylýan gowaça tohumynyň möçberini 4 esse tygşytlamaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, tohumlyk çigidiň ýokary hilli işlenilmegi köp zähmet talap edýän ýekelemek işlerini azaldyp, öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkiniçilik berer.

Şeýle hem täze nusgaly ýörite enjamlar teleskopiki barlaglary geçirmäge, arassalanan pagta süýümini ýörite böleklere bölüp, olary gaplamaga we dokma senagatlary üçin niýetlenen taýýar önümleri konweýerlere ibermäge ukyplydyr.

Pagta süýümi diňe bir ýüplük, mata ýa-da geýim bolmak bilen çäklenmän, ondan lukmançylyk pamygy we kosmetiki serişdeler, beýleki dokma önümleri, tehnik maksatly serişdeler öndürilýär. Pagtadan örän zerur azyk önümleri öndürilýär. Olaryň hatarynda pagta ýagyny, bejerijilik häsiýeti bolan pagta balyny görkezmek bolar. Önümçilik binasynyň girelgesiniň ýanynda guralan sergi ýurdumyzyň ekerançylarynyň ýokary hilli önümleri bilen tanyşdyrýar.

Täze häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhananyň işe girizilmegi Lebap welaýatynyň tutuş pagtaçylyk toplumyny ýokary hilli gowaça tohumy bilen doly üpüjün etmäge hem-de pagta arassalaýyş möwsüminde 260 adam üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Bu kärhanada işgärleriň howpsuz öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Oňat abzallaşdyrylan jaýlar, naharhana, lukmançylyk otagy olaryň ygtyýaryna beriler.

Kärhananyň çäkleri abadanlaşdyrylypdyr we ýaşyl zolaklar döredilipdir.

Hormatly Prezidentimiz kärhana bilen tanyşlygyny tamamlanyndan soň, edara binasyna bardy we Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Bu ýerde “Engin Group Consorsium Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Engin Kaleni kabul etdi. Tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça pagta arassalaýjy täze kärhanalaryň gurluşygynda baş potratçy hökmünde çykyş eden kompaniýanyň ýolbaşçysy milli Liderimizi pudagyň nobatdaky desgasynyň işe girizilmegi bilen gutlap, ýurdumyz üçin örän möhüm bolan şunuň ýaly taslamany amala aşyrmaga bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, belli türk kompaniýasy bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi, bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik düzümlerini ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.

Bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, Engin Kale öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem türkmen Lideriniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň abadançylygyna gönükdirilen ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmekde öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy.

Dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp hem-de kärhananyň işgärlerini, welaýatyň pagtaçylyk pudagynyň ähli zähmetkeşleriniň işde uly üstünlikler arzuw edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçara münüp, bu ýerden ugrady.

Döwlet Başttanymyz dikuçardan etrabyň ekerançylyk meýdanlaryny synlady. Häzirik döwürde daýhanlar üçin örän jogapkärli möwsüm dowam edýär. Hasyly ýygnamak, gowçalara ideg etmek, galla ýygnalan ýerlerde şüdügär sürümini geçirmek utgaşykly alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, dürli oba hojalyk önümleriniň öndüriliş möçberini artdyrmak, ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň mundan buýana hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwlet hem milli özgerişlikleriň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin, maýa goýum syýasatyny işjeň berjaý etmek bilen oba hojalygy düýpli özgertmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe azyk senagatyny we oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem döwlet goldawynyň netijeli gurallaryny ornaşdyrmak, şu ugurda işleýän kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, döwlet we hususy kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmeklige uly maýa goýumlary gönükdirilendir.

Bu gün ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyly almak üçin ekerançylarymyza ähli şertler döredilýär. Oba hojalyk işgärleri ýokary hilli tohumlar, dökünleriň dürli görnüşleri, häzirkizaman oba hojalyk tehnikasy, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär, olar dürli ýeňilliklerden şol sanda salgyt boýunça hem ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Oba hojalyk pudagynyň maddy üpjünçilik binýady hem yzygiderli ösdürilýän we pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň hemme sebitlerinde bu pudaga degişli bolan desgalar gurulýar, täze desgalalar ulanylmaga berilýär, bar bolan desgalaryň durky täzelenilýär. Oba hojalygyny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen zerur işler geçirilýär. Sebitlerde gök we bakja önümleri, bagçylyk we üzümçilik üçin ekerançylyk meýdanlary bölünip berilýär.

2014-nji ýylyň Türkmenabatda geçen Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmekligiň geljegi üçin meýilnamasynda aýratyn durup geçdi. Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, “Gelejekde biz diňe bir pagtany we bugdaýy öndürmek bilen çäklenmeli däldiris. Gök we bakja önümleriniň, miweleleriň we beýleki oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça hem öňümizde wezipeleri goýmalydyrys”.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz bazarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek maksady bilen her daýhan birleşiklerde öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen gaýtadan işleýän kärhanalary döretmegiň zerurlygyny belläp geçdi.

... Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Serdarabat etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň çäginde gondy. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we oba hojalyk toplumynyň edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýerli kärendeçiler garşyladylar.

Milli Liderimiz ekerançy R.Bäşimowyň kärende ýerine bardy. Kärendeçi daýhan hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhanyň ekin ýerleri, onuň ösdürip ýetişdirýän ekinleri, iş şertleri, maşgala ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy.

Daýhan özüniň kärende ýerine kartoşka we käşir ekendigini, ondan bol hasyla garaşýandygyny, şeýle hem ekiniň bu görnüşleriniň aýratynlyklary, tapawutly taraplary barada gürrüň berdi. Milli Liderimiz esasan-da ýetişdirilen hasyly ýerlemegiň usullary bilen gyzyyklandy.

Kärendeçi öz işleri barada gürrüň berip, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçiliekleriň bardygyny aýtdy. Munuň özi dürli oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny almaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, kärendeçi oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize obasenagat toplumynyň ösdürilmegi, daýhanlaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy.

Soňra milli Liderimiz kärendeçi zenan G. Joraýewanyň ekin ýerine bardy. Ol öz ýerine kelem we pomidor ekipdir. Kärendeçi zenanyň ogly U.Batyrow ýygnalan hasyly gaplamak üçin dürli göwrümdäki çelekleri ýasaýar. Hormatly Prezidentimiz çelek ýasamagyň usullary, ony ýasamak üçin ulanylýan serişdeleri bilen gyzyklandy. Ol çelekleri ýasamakda ulanylýan agaçlary gurluşyk galyndylaryndan peýdalanýandygyny gürrüň berdi. Munuň özi az çykdajyny talap edýär.

Şu pursatda milli Liderimiz özüniň hem çagalyk ýyllarynda ekin ekmek, hasyl ýygnamak, çelek ýasamak ýaly işlere meşgul bolandygyny gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň däp-dessuryna laýyklykda zähmet terbiýesiniň ýaş nesiller üçin möhümdigini belldi.

Milli Liderimiz kärendeçi zenan G.Joraýewanyň ösdürip ýetişdiren ekinleriniň görnüşleri, olary ýerlemegiň meselleri, kärendeçiniň maşgala ýagdaýy, onuň kärende ýerinden alýan girdejisi bilen gyzyklandy. Kärendeçi zenan oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döredilýän şertlere hoşallyk bildirip, munuň üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsup aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ýuzlenip, oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de özgertmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmekligi tabşyrdy.Ösen oba hojalygy döwletiň özüni üpjün edýänliginiň esasy görkezijisi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan pudagyň düşewüntliliginiwe netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen obasenagat toplumyna bazar gatnaşyklaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak wajyp ähmiete eýe bolup durýar. Bu bolsa ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge ýardam berer.

Kärendeçi zenan döwlet Baştutanymyza ýetişdirilen ekinleri ýerlemegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Milli Liderimiz ýetişdirilen hasylyň hil derejesi bilen aýratyn gyzyklandy we yhlasly zähmetiň diňe bir hasyl bolçulygyna däl, eýsem onuň hiline-de oňyn täsiriniň bardygyny belledi. Ýygnalan çeleklere gaplanan hasyllardan görnüşi ýaly kärendeçi zenanyň ekinleriniň hili örän ýokary.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde oba hojalyk toplumyna degişli önümler goýlan sergi bilen tanyşdy. Onda gök we bakja, miwe önümleri, ösümlik ýaglarynyň dürli görnüşleri, gaýtatan işlenilen önümler we beýlekiler görkezilýär. Döwlet Baştutanymyz yhlas siňdirseň, türkmen topragyndan bol hasyl önýändigini belläp, ýetişdirilen hasyly ýerlemek, olary terligine saklamak we halka ýetirmek babatda maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet bileşiginiň ýetişdirilen hasyly daýhanlardan hereket edýän bahadan almak, ekinleri ýerlemek wezipesini öz üstlerne almak babatda ýörite çäreler işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Azyk senagaty döwlet birleşigi kärendeçileriň ýetişdiren hasylyny satyn alyp, olary ýörite ammarlarda saklap, ýylyň ähli paslynda bazarlarymyzyň ter önümler bilen üpjün edilmegini ýola goýmalydyr, olaryň galan bölegini gaýtadan gaplanan görnüşde ilata hödürlemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu bolsa daýhanlary ýetişdirilen hasyly ýerlemek aladasyndan dyndarar we olaryň ykdysady taýdan gurplanmagyny şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçilere ýörite sowgatlary gowşuryp, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde welaýatyň täze metjidiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine gelýär. Bu ýere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen hormatly ýaşulular, din wekilleri ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz ýaşulularyň her biri bilen mähirli salamlaşyp,
olar bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda ýaşulularyň ýaşaýyş–durmuşy, saglygy, welaýatdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Hormatly ýaşulularyň biri welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan milli Liderimize parasatly we döredijilikli syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milletiň gadymdan gedlýän ruhy däp-dessurlaryny aýawly saklamak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Ýaşulular hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyndaky “Gurbanguly hajy “ metjidine guran zyýaratynyň kabul bolmagyny dileg etdiler. Hormatly ýaşulular özleriniň “Baýramaly” şypahanasynda göwnejaý dynç alandyklaryny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz hormatly ýaşulularyň we din wekilleriniň geljekki metjidiň ýerleşjek ýeri baradaky pikiri bilen gyzyklandy. Olar döwlet Baştutanymyzyň sowalyna jogap bermek bilen, metjidiň gurluşygy üçin ähli babatda oňaýly ýeriň seçilip alnandygyny aýtdylar.

Soňra Türkmenistanyň Baştutany hormatly ýaşulular, din wekilleri we dabara gatnaşyjylar bilen 3 müň orunlyk welaýat metjidiniň taslamasynyň çyzgylary ýerleşdirilen ýere barýar. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli Liderimizi geljekki metjidiň tehniki görkezijileri bilen tanyşdyrdy. Täze desganyň umumy meýdany 5 gektara barabar bolar. Metjidiň binasy iki gatdan ybarat bolar. Birinji gatyň meýdany 3 müň 590 inedördül metre, ikinji gatyň meýdany bolsa 886 inedördül metre deňdir. Onuň gümmez böleginiň beýikligi 40 metre, dört minaranyň her biriniň uzynlygy bolsa 63 metre barabar bolar. Onuň golaýynda 500 orunlyk sadaka berilýän jaýy, şeýle hem 50 orunlyk myhmanhanany we awtoduralgany gurmak göz öňünde tutulýar. Metjidiň çäginde şeýle hem 300-den gowrak awtoulaga niýetlenen iki sany uly duralgany gurmak meýilleşdirilýär.

Tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň, milli Liderimiz hormatly ýaşululara we din wekillerine ýüzlenip, täze metjidiň taslamasy barada olaryň pikiri bilen gyzyklandy. Hormatly ýaşululary bilen din wekilleri bu taslamany makullaýandyklaryny aýdyp, şu günki dabara gatnaşandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra aýat-doga okaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan meýdança barýar we geljekki metjidiň düýbüniň tutuljak ýeriniň binýadyna betonyň ilkinji pilini atyp, gurluşyga badalga berýär. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hem döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu dessury berjaý edýärler.

Soňra Türkmenistanyň Baştutany Türkmenabat şäherindäki welaýat medeniýet merkeziniň “Dabaralar jaýyna” barýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

Milli Liderimiz özi üçin niýetlenen ýere geçip oturýar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, şu gün haýyr-sahawatly Oraza aýynda Türkmenabat şäherinde agzaçar sadakasynyň berilýändigini belledi. Oraza halkymyz üçin sahawatly aý diýip, milli Liderimiz aýtdy we mukaddes Orazanyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzy özünde jemleýändigini nygtady.

Nesillerimizi ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna, asylly işlere ugrukdyrýan Orazanyň halkymyzyň durmuşynda tutýan orny möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Oraza aýynda milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda şäherdir obalarymyzda, her bir hojalykda agzaçar sadakalary berilýär, olar halkymyzy has-da jebisleşdirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary we ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, mukaddes Oraza aýynda Garaşsyz döwletimiziň asudalygy, mähriban halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin edilýän doga-dilegleriň, namaz-orazalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi. Goý, mukaddes Oraza aýynyň her bir güni ýagşy niýetlerden, asylly işlerden we haýyr-sahawatdan doly bolsun diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz müftä ýüzlenip, tebärek çykyp bermegi haýyş etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasynda edilen aýat-töwirleriň, ýagşy dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi. “Goý, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, Lebap welaýatyndan öň Mary welaýatyna iş saparynyň amala aşyrylandygyny, şol ýerde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň birnäçesine badalga berlendigini aýtdy. Welaýat metjidinde agzaçar sadakasynda ýagşy doga-dilegler edildi. Milli Liderimiz Sakarçäge etrabynda tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň ulanmaga berlendigini, şeýle hem welaýatda täze guruljak elektrik stansiýasynyň taslamasynyň tanyşdyrylyşynyň bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiler bilen duşuşyp, oba hojalygynda alnyp barylýan işleri ýerinde baryp görendigini, daýhanlaryň zähmet şertleri we hal-ýagdaýy bilen gyzyklanandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna iş saparynyň maksatlary barada aýdyp, onuň möhüm çäreleriň ençemesi bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Bu ýerde 3 müň orunlyk welaýat metjidiniň düýbi tutuldy, Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesinde we Farap etrabynda suw arassalaýjy desgalar, Serdarabat etrabynda 300 orunlyk çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi ulanmaga berildi, şeýle hem Garabekewül etrabynda ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän kärhana işe girizildi. Kärendeçiler bilen duşuşyp, olaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklandyk diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Milli Liderimiz geçirilen çäreler bilen baglylykda, iri senagat desgalarynyň biri bolan, Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän topluma baryp görendigini, ol ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanşyndygyny habar berdi.

Alnyp barylýan işleriň ählisi mähriban halkymyz üçin edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, öňküsi ýaly, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz hormatly ýuşululara ýüzlenip, obalaryň özgerdilişi, welaýatyň ýaşaýjylarynyň hal-ýagdaýy bilen gyzyklandy. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň öz wagtynda berilýändigi, ýerlerde agyz suwy we gaz, elektrik energiýasy bilen üpjünçilik meselelerini gozgady. Şunuň bilen baglylykda, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga isleg bildirýän raýatlara mellek ýerleriniň, karz serişdeleriniň berlişine degişli sowallar berildi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem gurluşyk materiallarynyň üpjünçiligi we obalardaky ýollaryň ýagdaýy, köçeleriň yşyklandyrylýarylyşy we umuman, ýerlerdäki işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösýär. Biz öňküsi ýaly ykdysadyýetimize köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Häzirki döwürde ýurdumyzda gurulýan binalaryň we desgalaryň umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär. Biz ata Watanymyzy dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen döwletleriniň birine öwürmek üçin yzygiderli iş alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Häzirki döwürde täze ýylyň Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça-da degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň Döwlet býujetinde köp sanly ýaşaýyş-durmuş maksatly binalary we desgalary gurmagy göz öňünde tutýarys. Täze ýylda zähmet haklaryny, pensiýalary we kömek pullaryny azyndan 10 göterim ýokarlandyrmak barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdim diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Biz mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada hemişe alada ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Lebap welaýatynyň hem ýokary depginler bilen ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Welaýatda medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalar we desgalar giň gerim bilen gurulýar. Olaryň hatarynda Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, Türkmenabat şäherindäki howa menzilini, Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän toplumy we beýleki köpsanly desgalary görkezmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, oba hojalygyny ösdürmäge hem uly üns berilýär, daýhanlarymyzyň netijeli işlemekleri, gowy ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow indi diňe bugdaý ýa-da pagta däl-de, gök we bakja önümlerini, kartoşkany hem köp mukdarda öndürmegiň wajypdygyny aýdyp, Lebap welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlarynyň şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýandygyny, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny berkitmäge uly goşant goşýandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Men çykyşlarymyň birinde galla oragyny «Bissimilla!» bilen başlap bermegi sizden haýyş etdim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz şondan soň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişilendigini aýdyp, oba zähmetkeşlerine netijeli zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi. Şu günler edermen gallaçylarymyz gije diýmän, gündiz diýmän, yhlas bilen zähmet çekýärler. Olar häzire çenli guşgursak bugdaýyň eýýäm million tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyrdylar. Merdana gallaçylarymyzyň häzirki gazanýan netijeleri bu ýyl hem bereketli hasylyň ýygnaljakdygyna şaýatlyk edýär. Şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyz hem bol hasyl ösdürip ýetişdirýärler. Bu bolsa, gymmatly çig mal bolan «ak altynyň» ýokary hasylynyň alynjakdygyny subut edýär diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanmak bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ilatymyzyň oňat dynç alyp, saglygyny berkider ýaly ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Şu maksat bilen, şypahanalary we sagaldyş-dynç alyş merkezlerini yzygiderli gurýarys. Lebap welaýatynda hem «Farap» şypahanasyny gurup, ulanmaga berdik diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ylym ulgamyny ösdürmäge, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlaryny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ilkinji milli emeli hemramyzy älem giňişligine çykarylandygyny, şunuň netijesinde uly mümkinçilikleriň açylýandygyny, ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, uzak aralykdan okuwlary geçirmäge, lukmançylyk maslahatlaryny bermäge şertleriň döredilýändigini belledi. Munuň özi şeýle hem möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezi hökmünde berkarar döwletimiziň sebitdäki ornuny has-da berkidýär. Indi siz teleýaýlymlarymyza öz emeli hemramyzyň üsti bilen tomaşa edip bilersiňiz. Ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanarsyňyz diýip, milli Liderimiz nygtady.

Görşüňiz ýaly, biz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny ähli ugurlar boýunça uly üstünlikleri gazanmak bilen garşylaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Nesip bolsa, Garaşsyzlyk baýramyny paýtagtymyzda hem, ähli welaýatlarda hem uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda, ýagny sentýabr aýynda Ýaşulularyň maslahatyny geçireris. Bu Maslahaty Awazada täze gurlan Kongresler merkezinde geçireris. Maslahatda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarys. Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler barada pikir alşarys. Şoňa görä-de, siz bu Maslahata häzirden gowy taýýarlyk görüň. Eger teklibiňiz ýa-da aýtjak pikiriňiz bar bolsa, onda Ýaşulularyň maslahatynyň garamagyna iberiň diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz berkarar döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçmek meselesi barada durup geçip, 2015-nji ýylyň «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýip yglan edilendiini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýany gaýtadan kabul edendiginiň ähmiýetini nygtady. Bu resminamanyň kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň berkarar döwletimize uly ynam bildirýändigini aňladýar. Ýurdumyzyň dünýä ýüzünde tutýan ornunyň barha berkeýändigini aýdyň görkezýär. Bitaraplyk taglymaty berkarar döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugruny kesgitleýär. Bitaraplyk syýasaty asudalyk, agzybirlik we parahatçylyk diýmekdir. Bitaraplyk Garaşsyz Watanymyzyň hemme taraplaýyn gülläp ösmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Dekabr aýynda Bitaraplyk baýramy mynasybetli köp sanly dabaraly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz bu dabaralara daşary ýurtlardan hem köp sanly ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşjakdygyny nygtap, hormatly ýaşululary bu baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Milli Liderimiz il sylagly ýaşulularyň ýurdumyzy ösdürmekde, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde hyzmatlarynyň uludygyny aýdyp, olara alyp barýan möhüm ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de olaryň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdi.

Öz nobatynda, hormatly ýaşulular Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Agzaçar sadakasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter