Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

опубликованно 25.06.2015 // 1449 - просмотров
 

Lebap welaýaty, 25-nji iýun /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine başlanan iş saparynyň barşynda Amyderýa jülgesiniň möhüm durmuş-ykdysady ulgamynyň desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze iri senagat we ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ir säherden Mary welaýatyna iş saparyny tamamlap, döwlet Baştutanymyz Mary şäheriniň howa menzilinden Lebap welaýatyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabat şäheriniň howa menziline gelip gondy.

Döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazlary ýaňlanyp, milli tanslar ýerine ýetirilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçara münüp, Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesine tarap ugrady. Ol ýerde täze döwrebap suw arassalaýjy desgalar ulanmaga tabşyrylmaga taýýar.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary suw arassalaýjy bekediň çäklerinde gonýar. Milli Liderimizi Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi garşylaýarlar.

Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary köp öwüşginli aýdym-saz kompozisiýasyny ýerine ýetirip, gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň üstünliklerini we beýik gazananlaryny uly joşgun bilen wasp etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içimlik suw bekediniň baş girelgesine tarap ýönelýär hem-de dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär.

Ýurdumyzyň şäherleriniň, şäherçeleriniň we obalarynyň ilatyny ýokary hilli arassalanan agyz suwy bilen üpjün etmek milli durmuş ulgamyny ösdürmegiň wajyp ugurlarynyň biri bolup dkrýar. 2011-nji ýylyň başynda milli Liderimiz Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassalanan agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasyny işläp düzdi we tassyklady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Lebap welaýatynda ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem bolşy ýaly, durmuş ähmiýetli bu wajyp wezipäni üstünlikli berjaý etmek boýunça uly möçberli maksatnama durmuşa geçirilip başlandy.

Mysal üçin, häzirki wagtda welaýat boýunça Sakar etrabynda etrabyň ähli ilatly nokatlaryna suw geçiriji torlary çekmek bilen toplumda kuwwaty bir gije-gündizde 50 müň kub metr suwa barabar bolan döwrebap suw arassalaýjy desgasynyň gurluşygy alnyp barylýar, Halaç etrabynda suw geçiriji tory bolan kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr suwa barabar bolan suw desgasynyň, Serdarabat etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kubmetr suwa barabar bolan, Beýik Türkmenbaşy etrabynda turbageçiriji torlary bolan, öndürijiligi bir gije-gündizde 35 müň kub metr suwa barabar bolar, Galkynyş we Birata etraplarynda kuwwaty degişlilikde bir gije-gündizde 20 müň we 10 müň kub metr suwa barabar bolan suw desgalarynyň gurluşygy dowam edýär.

Şunuň ýaly döwrebap suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy Köýtendag we Farap etraplarynda doly tamamlandy, olaryň önümçilik synaglary üstünlikli geçirildi. Bu täze desgalaryň çäklerinde häzir dabaraly ýagdaý höküm sürýär. Agyz suw zawodlary ulanmaga tabşyrylmaga taýýar.

Döwlet Baştutanymyz desgany gözden geçirmegi önümçilik toplumyna barmakdan başlady. Bu ýerde suw geçiriji ulgamynyň ähli bölümleriniň işleri dolandyrylýar we olara gözegçilik edilýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimizi operator tüýs ýürekden garşylap, toplumyň hem-de bu ýerde oturdylan awtomatlaşdyrylan enjamyň işi bilen içgin tanyşdyrdy. Gürrüňiň barşynda döwlet Baştutanymyza suw arassalaýjy bekediň işi hem-de suwuň paýlanyşy barada aýdyň düşünje berýän ýörite wideorolik görkezildi.

Ýaş hünärmen işgärleriň adyndan önümçiligi işe goýbermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda düwmäni basdy we geçiriji ulgamlar arkaly suw akyp başlady.

Döwlet Baştutanymyz tutuş tehnologik halka boýunça önümçiligiň iş usullary bilen tanyşdy. Suw arassalaýjy desga ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Tapgyrlaýyn arassalamak, zyýansyzlandyrmak hem-de içimlik suwy sarp ediş ulgamyna bermäge taýarlamak boýunça tehnologik işler kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar we gözegçilik edilýär. Önümçilik sorujy enjamlaryň toplumy Beýik Britaniýadan satyn alnan dünýä derejeli süzgüç enjamlary, halkalar, abzallar, ölçeýji serişdeler bilen enjamlaşdyrylandyr.

Amyderýanyň suwy çekilen kanal boýunça ilki ýörite gurlan 500 müň kub metr suwy ýerleşdirip bilýän üsti açyk görnüşli saklanylýan ýere gelip gowuşýar. Şunça mukdardaky suw 10 gije-gündizlik ätiýaçlyga barabardyr. Bir günde ilkinji galdyryjynyň kuwwatly sorujy enjamlarynyň kömegi bilen suw ýörite desga gelip gowuşýar. Şol ýerde suw durlanylýar, zyýansyzlandyrylýar hem-de süzüji ulgama geçirilýär. Süzülenden soň, suw iki sany üsti ýapyk görnüşde saklanylýan ýere gelip gowuşýar, şol ýerden bolsa ikinji galdyryjynyň sorujy enjamlarynyň kömegi bilen ýene-de bir gezek zyýansyzlandyrylýar hem-de içi we daşy ýörite örtük bilen örtülen diametri 630 mm bolan geçirijiler arkaly sarp ediş toruna iberilýär. Önümçiligiň ähli bölümlerini elektrik energiýasy bilen üznüksiz we ygtybarly üpjün etmek üçin desga kuwwatly elektrohereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, bu ýerde ätiýaçlyk dizel generatory hem oturdylandyr. Suwy zyýansyzlandyrmaga we arassalamaga niýetlenen himiki serişdelerini saklamak üçin ammar hem gurlupdyr.

Toplum Köýtendag, Mukry şäherçeleriniň, Magdanly şäheriniň we etrabyň obalarynyň ilatyny ýokary hilli içimlik suwy bilen üpjün eder. 100 müňden gowrak adam – bu dag ülkesinde ýaşaýan ilatyň ählisi arassa we ýokary hilli içimlik suw bilen ygtybarly üpjün ediler. Taslamada göz öňünde tutulyşy ýaly, suw arassalaýjy desgasynyň gurluşygynyň ýany bilen “Täze jaý” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ilatly nokatlara umumy uzynlygy 100 kilometrden gowrak bolan täze magistral turbageçirijileri çekdiler.

Suw sarp ediş toruna gelip gowuşmazdan öňürti ol aralyk bölümleriň ählisinde agyz suw zawodynyň himiýa we bakteriologiýa barlaghanlarynda her sagatda düýpli barlanylyp durlar. Şol barlaghana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baryp gördi. Onuň işgärleri milli Liderimize agyz suwuny taýýarlamagyň hil alamatlarynyň barlanylyşy we oňa gözegçilik edilişi barada gürrüň berdi. Şu maksatlar bilen barlaghana dünýäniň meşhur öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bolan abzallar, serişdeler we beýleki tehnikalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Döwlet Baştutanymyz barlaghananyň ýörite gaplaryndaky örän arassa suwy ünsli gözden geçirdi. Bu suwlar şu ýerden suw geçiriji ulgama iberilip başlandy.

Barlaghananyň işgärleri dag ülkesiniň ilatyna şunuň ýaly gymmatly sowgat, suw arassalaýjy önümçiligiň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra milli Liderimiz suw arassalaýan howuzlaryň ýerleşen ýerine tarap ugrady. Ozal bellenilişi ýaly, bu ýerde bütin dünýäde meşhur “Simens” kompaniýasynyň iň döwrebap enjamlary oturdylypdyr.

Ýaş hünärmen uly monotorda suwuň hereket edişiniň ugruny hem-de
onuň arassalanyşynyň tutuş tehnologik işini görkezdi.

Suw arassalaýjy desgalaryň töweregindäki meýdançalar oňaýly abadanlaşdyrylypdyr, germewler bilen berkidilipdir, onuň töwereginde gözegçilik edýän kameralar oturdylypdyr. Önümçilikde işgärler üçin oňat durmuş şertleri döredilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde işlenip taýýarlanylýan agyz suwunyň hiline ýokary baha berip, bu desganyň gurluşygy ynanylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täze jaý” hususy kärhanasynyň wekiline ýerine ýetirilen işler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Köýtendag etrabynda suw arassalaýjy desgasy bilen tanyşlygynyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teleköpri arkaly Farap etrabyndaky suw arassalaýjy desgasynyň işine hem ak pata berdi. Şol pursat aragatnaşygyň Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 520E”aragatnaşyk hemrasy arkaly amala aşyrylandygy bellärliklidir. Häzirki wagtda wideomaslahatlar ýa-da hemra arkaly teleköprüler tehnikasy bütin dünýäde giňden ulanylýar. Ol işiň barşyny çaltlaşdyrýar, wagtdan we serişdelerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Özümiziň VSAT binýadynda aragatnaşyk hemra ulgamynyň bolmagy netijesinde bu tehnologiýalary giňden ulanmak mümkin bolýar. Bu ulgamyň mümkinçilikleri halk hojalygynyň ulgamlarynyň ählisinde diýen ýaly zerur bolup durýar.

Farapdaky desganyň kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr suwa barabardyr. Munuň özi etrabyň obalarynyň we şäherçeleriniň ähli ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin doly ýeterlikdir. Zerur bolan ýagdaýynda önümçiligiň tehniki ätiýaçlygy suwuň berlişiniň möçberlerini görnetin artdyrmaga mümkinçilik berýär. Suw geçiriji torlarynyň 25 kilometri çekildi. Täze desga daşary ýutlaryň dünýä derejeli enjamlary we tehnologiýalary, şol sanda barlaghana enjamlary, 10 sany kuwwatly sorujy enjamlar, süzgüçleriň 25-si, elektrik üpjünçiliginde bökdençlik dörän ýagdaýynda peýdalanmak üçin ätiýaçlyk dizel generatorlarynyň ikisi, döwrebap kompýuter ulgamlary bilen üpjün edildi. Suwuň ilki başky saklanýan ýeriniň göwrümi 125 müň kub metre barabardyr. Suw arassalaýjy desgasynyň çäkleri kuwwatly germewleriň iki hatary bilen beklenendir, onuň töweregi boýunça gözegçilik ediş wideokameralary gurnalandyr.

Garaşylyşy ýaly, ýylyň ahyryna çenli şunuň ýaly döwrebap suw arassalaýjy desgalary—agyz suwy zawodlary Amyderýa jülgesiniň beýleki etraplarynda hem ulanmaga tabşyrylar.

Hormatly Prezidentimiz gözden geçirmegini tamamlandan soň, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrap, dikuçarynda Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesine tarap ugur aldy. Döwlet Baştutanymyz ýol ugrunda etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Häzirki wagtda mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümi gyzgalaňly alnyp barylýar. Il bähbitli bu asylly işlere, şol sanda bugdaý ýygnap almak boýunça öňde goýlan sepgide ýetmekde Köýtendag etrabynyň gallaçylary hem mynasyp goşant goşýarlar.

Ekin meýdanlarynda “ak altyn” ýetişdirmek ugrunda hem tagallalary gaýgyrylmaýar. Şu babatda bereketli hasyly ýetişdirmek üçin gowaçalara ideg etmek işleri guramaçylykly ýaýbaňlandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň häli-şindi belleýşi ýaly, oba hojalygynda häzirki alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Bu ugurda bellenilen meýilnamalaryň mundan beýläk-de ýokary hilli we öz wagtynda berjaý edilmegi wajyp bolup durýar.

Soňra günüň wakalary Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde dowam etdi. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň himiýa pudagy üçin täze önümçilik kuwwatlyklary döredilýär. Diňe bir sebit üçin däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi üçin bu kuwwatlyklaryň ähmiýeti örän uludyr.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň golaýyndaky ýörite meýdança gonýar. Milli Liderimizi bu täsin inženerçilik desgasynyň gurluşygynda işleýän türkmen we belarus hünärmenleri mähirli garşylaýarlar.

Häzirki döwürde Lebap welaýatynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, şol sanda ýurdumyzyň tutuş oba hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmak bilen baglanyşykly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Sahawatly türkmen topragynyň baý serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak milli ykdysadyýeti özgertmegiň strategiki wezipeleriniň biri bolup durýar. Kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy hem şu wezipäni çözmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ýatagy özleşdirmek we onuň çäginde Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýete eýe bolan kaliý duzuny çykarýan we baýlaşdyrýan zawodyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmekde täze sahypany açar. Himiýa senagaty bolsa önümiň bu görnüşini daşary ýurtlara ibermek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Ýokary hilli mineral dökünleri, şol sanda kaliý dökünlerini öndürmek ulgamynda ýurdumyzyň himiýa pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň özgertmeler strategiýasynyň maksatlary hem-de ýurdumyzyň ägirt uly çig mal serişdeleri bilen şertlendirilendir. Oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda bu dökünlere bolan islegler ýurdumyzda, şeýle hem bütin dünýäde yzygiderli artýar. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk käni tebigy kaliý duzlarynyň iri ýatagy bolup durýar. Bu ýatagy özleşdirmek we onuň çäginde kaliý duzuny çykarýan we baýlaşdyrýan zawodyň gurulmagy himiýa senagatynyň ösüşinde, şeýle hem Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde täze tapgyrdyr.

Mälim bolşy ýaly, täze kärhananyň düýbi 2009-njy ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda tutuldy. Belarusuň “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti kärhanasy tarapyndan türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde gurulýan bu toplum ýylda 1 million 400 müň tonna dökün öndürmäge niýetlenendir.

Häzir 100 gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän himiýa senagatynyň geljekki ägirt uly toplumynyň çäginde gije-gündiz zähmet gaýnap joşýar. Gurluşyk-gurnama işleri güýçli depginde üç çalşykda alnyp barylýar. gurluşykda esasy potratçynyň – Belarus Respublikasynyň “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň gurluşykçylary we hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň dürli döwlet edaralarynyň we hususy kärhanalaryň işgärleri, jemi 1280-den gowrak adam zähmet çekýär. Olaryň müňe golaýy türkmen gurluşykçylarydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite gurlan çadyra tarap ugraýar. Şol ýerde görkeziş meýdançasynda bu ýatakda alnyp barylýan işler barada doly maglumatlary berýän dürli diwarlyklar we maketler goýlupdyr.

Bu ýerde “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň birinji orunbasary S.Lastoçkin eýýäm ýerine ýetirilen işleriň möçberi we bu möhüm taslamanyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilişi, taslamada göz öňünde tutulan desgalaryň, şol sanda dürli baýlaşdyryjy fabrikleriň gurluşygy barada hasabat berdi. Şeýle hem ikinji şahtanyň sütüniniň eýýäm ilkinji çig mal gatlagyna ýetendigi barada habar berildi we döwlet Baştutanymyza alnan magdanyň ilkinji nusgalary görkezildi. Täze önümçilik toplumy, bu ýerde ulanylýan tehnologiýalar we enjamlar, şeýle hem ikinji şahtada alnyp barylýan işler barada hem jikme-jik maglumatlar berildi.

Dökünleri çykarmak boýunça doly kuwwatlyga çykmak üçin her ýyl 7 million tonnadan gowrak magdany çykarmak we gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär. Şol magdan bolsa 200 metrden 1000 metre çenli çuňlukda ýerleşýär. Önümli gatlaklaryň üstüni açmak işi iki sany dik şahta sütüni arkaly amala aşyrylar. Bu sütünleri gurmak işi örän çylşyrymly tehnologiki çäredir. Onuň barşynda täsin amallaryň tutuş toplumyny ýerine ýetirmek zerur bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz birinji we ikinji şahtanyň guýularyny gözden geçirdi. Alnan magdany ýokaryk çykarmak, şeýle hem bu käne arassa howany bermek üçin niýetlenen birinji şahtanyň gurluşygy häzirki wagtda 208 metr çuňlukda alnyp barylýar. Adamlary we ýükleri düşürmäge hem-de ýokaryk galdyrmaga niýetlenen ikinji şahtanyň gurluşygynda hem şeýle çuňluga ýetildi. Şahtalaryň gurluşygynda ýerasty suwlaryň kuwwatly akymlary ýüze çykaryldy. Tehnologiýa boýunça dik şahtalaryň tutuş giňişliginde, aýdylyşy ýaly, “müdimi doňaklyk” döredilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, goşmaça doňduryjy enjamlaryň 31-si ornaşdyrylar.

Senagat toplumynyň beýleki desgalarynyň – dag sehiniň, 80 müň tonna çig maly saklamaga niýetlenen ammaryň, göteriji maşynlaryň desgalarynyň, esasy howa beriji zalyň gurluşygynda, inženerçilik kommunikasiýalary, şol sanda içerki ýerasty demir ýollary çekmekde hem işleriň depgini barha ýokarlanýar.

“Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň birinji orunbasary S.Lastoçkin bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýakyn geljekde senagat zolagyndan magdanyň ýeterlik möçberlerde çykarylmagynyň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gurluşykçylara ýüzlenip, tutanýerli zähmeti, Türkmenistanyň belent sepgitlere ýetmegine goşýan mynasyp goşandy üçin olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we ägirt uly dag magdan toplumynyň gurluşygynyň üstünliklikli tamamlanmagyny arzuw etdi. Şu toplum bilen birlikde täze ajaýyp şäher hem peýda bolar we öser. Türkmen Lideri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde serginiň guraljakdygyny we şunuň bilen baglylykda, şol sergide kaliý duzlarynyň nusgalarynyň görkezilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz bu önümi degişli halkara sergilerinde hem mynasyp görkezmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz dürli tehnologiki amallar bilen içgin tanyşmagyny dowam edýär. “Türkmenkaliý” müdirliginiň hünärmeni bu ülkäniň geljegi, onuň ýaşaýjylary, aýratyn hem milli Liderimiziň başyny başlan beýik özgertmeleri dowam etdirjek ýaş nesil barada ýadawsyz alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol önümçilik işi barada gürrüň berdi. Bu iş bolsa halkara ülňüleriniň derejesinde tehnologiki işlere awtomatlaşdyrylan usulda gözegçilik etmegi we olary dolandyrmagy nazara almak bilen, magdany gaýtadan işlemegiň iň döwrebap tehnologiýasyny göz öňünde tutýar. Bu ýerde baýlaşdyrylan kaliý hloridi guradylandan, külkelenenden we gaplanandan soň, ýokary bäsleşige ukyply hil derejesine eýe bolar.

Ägirt uly täze gurluşygyň dürli düzümleýin meýdançalaryna gelip gowuşýan tehnologiki enjamlar dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň--Germaniýadan, Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan getirilýän önümler bolup durýar.

Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işlejek täze ägirt uly senagat kärhanasynyň – Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurulmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak babatda uly ähmiýete eýedir we şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň gündogar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň özi bolsa raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam edýän degişli düzümiň döredilmegini şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň iýun aýynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde durmuş maksatly täze desgalaryň tutuş toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol desgalaryň hatarynda geňeşligiň edara binasy, umumy bilim berýän we sport mekdepleri, medeniýet öýi, çagalar bagy, hassahana, ýaşaýyş jaýlary bar.

Ýeri gelende aýtsak, Garlyk şäherçesini gurmagyň Baş meýilnamasyna laýyklykda onuň täze desgalarynyň hataryna ýene-de birnäçe desga girýär. Şäherçäni gazlaşdyrmak maksady bilen, ýokary basyşly, uzynlygy 250 kilometrden gowrak bolan Bagtyýarlyk-Garlyk gaz geçirijisi çekildi. Şeýlelikde, täze şäherçede raýatlarymyzyň netijeli işlemegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli amatly şertler döredildi we bu işler mundan beýläk hem dowam etdiriler.

Döwlet Baştutanymyz hoşlaşan mahaly Merkezi Aziýadaky iň iri kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag magdan kärhanasynyň gurluşygynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. Özüniň möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu möhüm senagat desgasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistan bilen Belarusuň arasyndaky berkeýän dostlugyň aýdyň nyşany bolmak bilen, ähli Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara öz öňlerinde duran jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, geljekki ägirt uly senagat toplumy diňe bir Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň däl, eýsem, köp döwletleriň hem hem ykdysady-durmuş taýdan okgunly ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi sebitiň ägirt uly çig mal serişdelerini netijeli özleşdirmäge mümkinçilik berer, şol bir wagtyň özünde täze iş orunlarynyň döredilmegine, özümizde ýokary hilli kaliý dökünleriniň önümçiligini ýola goýmaga ýardam eder. Bu önümçilik bolsa diňe bir Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň daşary ýurt bazarlaryna hem iberilmegini üpjün eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz täze Türkmenabat – Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurulýan ýerine geldi. Bu desgalaryň binýady milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda tutuldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň häzirki wagtda ýurdumyzyň kemala gelýän ägirt uly ulag – logistika düzüminiň möhüm desgalaryny, şol sanda Türkmenabat şäherindäki sagatda 500 ýolagça hyzmat edýän täze howamenzil toplumyny we döwrebap uçuş-gonuş zolagyny hem-de Daşoguz şäherindäki howa menziliniň desgalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Milli Liderimiz şeýle hem görkezilen çyzgylar we diwarlyklar bilen tanyşdy. Olarda bu täze desgalaryň esasy tehniki häsiýetnamalary beýan edilipdir, Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň özboluşly ganatlary şekillendirilipdir. Bu desgalaryň gurluşygy Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň hünärmenlerine ynanyldy.

Bu kompaniýanyň şu ulgamda uly tejribe toplandygyny bellemelidiris. Hususan-da, ol 2013-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga berlen ulag-kommunikasiýa düzüminiň möhüm desgasynyň – Amyderýanyň üstünden gurlan Atamyrat – Kerkiçi awtomobil köprüsiniň baş potratçysy bolup durýar.

Häzirki wagtda Amyderýanyň üstünden gurulýan Türkmenabat-Farap täze ulag geçelgesi iki çylşyrymly inženerçilik desgasyndan – uzynlygy 1750 metr bolan demir ýol köprüsinden we uzynlygy 1600 metre, gatnaw ýolunyň ini 21,5 metre deň bolan awtomobil köprüsinden ybaratdyr. Köprüleriň ganatlarynyň beýikligi olaryň aşagyndan derýa gämileriniň bökdençsiz geçip bilmegine mümkinçilik berer.

Hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ortadaky bölüji zolakdan başga-da, awtomobil köprüsiniň iki ujunda köprüden düşýän ýa-da gapdaldaky awtomobil ýollaryndan oňa münýän awtoulaglaryň hereketini päsgelçiliksiz üýtgetmegi üçin ýol aýrytlary göz öňünde tutuldy. Köprüniň gurluşygynda döwrebap gurluşlar ulanylar. Şunda amala aşyrylýan tehniki çözgütlerde ýurdumyzyň çägindäki howa we geologiki şertler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp we işleriň barşy bilen tanşyp, häzirki wagtda bu ýerde döredilýän, Amyderýanyň iki kenaryny birleşdirýän döwrebap ulag geçelgeleriniň inženerçilik-tehniki we ulanyş görkezijileri babatda köpri gurluşygynyň halkara kadalaryna laýyk gelmelidigini nygtady. Gurluşyk işlerinde seýsmiki taýdan ygtybarly we beýleki tehniki görkezijilere doly laýyk gelýän berk gurluşlar ulanylmalydyr.

Milli Liderimiz Lebap welaýaty hem Balkan welaýaty ýaly, bu gün halkara möçberli iri logistik merkezine öwrülýär diýip sözüni dowam etdi. Ozal gurlanlar bilen bolşy ýaly, Amyderýanyň üstünden täze gurulýan demir ýol we awtomobil köprileri arkaly hem gatnawlaryň mümkinçiliginiň ýurdumyzyň başlangyjy we esasy orny babatda ýakynda durmuşa geçirilen XXI asyryň ägirt uly taslamasy bolan “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýol geçelgesi bilen mümkinçiliginiň utgaşmasy yklymyň täze görnüşdäki geoykdysady ýagdaýynyň kemala gelmegindäki başlangyç nokadyna öwrüler. Munuň üstüne täze halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň, Türkmenabatdan Hazar ýakasynyň türkmen kenaryna çenli magistral demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygyny goşmak gerek. Bular Türkmenistany gatnawlaryň multimodal tory bolan tutuş Merkezi Aziýa sebitinde esasy ulag halkasyna öwürýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasynda örän gysga we ykdysady taýdan has amatly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň möhüm şerti bolar.

Şeýlelik bilen, Jeýhunyň üstünden geçýän bu täze ulag geçelgesi Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan ulag- aragatnaşyklarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrülmegine gönükdirilendir. Gadymy wagtlarda şu ýerlerden Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ugurlarynyň geçendigi özboluşly mana eýedir. Şol ýol Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň medeni we söwda hyzmatdaşlygynyň ýoly bolup hyzmat etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ýol ählumumy ösüşiň bähbidine gaýtadan dikeldilýär.

Mundan başga-da, gurulýan täze köpriler Amyderýanyň sag kenarynyň baý mineral çig mal serişdelerini tiz özleşdirmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty ýerine ýetirer. Bu kenarda iri senagat toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar, uglewodorod serişdeleriniň alnyşy üstünlikli ösdürilýär, şeýle hem munuň özi iki kenaryň ilaty üçin hem ulag gatnawy üçin ajaýyp şertleri döreder.

Türkmen tarapyndan ynanylan desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berip, şol sanda awtomobil köprüsiniň takyklanan meýilnamasyny hödürläp, Aleksandr Tislenko – Ukrainanyň düzümine “Altkom” ýol gurluşygy” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet girýän “Altkom” maliýe-senagat topary” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň direktorlar geňeşiniň başlygy ähli esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy barada aýdyp, işewürligi alyp barmak üçin hemme şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ukrainanyň kompaniýalary bilen köpýyllyk we üstünlikli iş alyp barýan hyzmatdaşlygyny belläp, ýurdumyzyň ukrain hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli iri taslamalar, hususan-da, Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk düzümi babatda taslamalar durmuşa geçirilende özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bina edilýän desgalaryň wajypdygy barada aýdyp, türkmen tarapynyň bildirýän esasy talaplary bolan gurluşygyň ýokary hilli hem-de işleriň şertnamada bellenen möhletlerde pugta ýerine ýetirilmegi ýaly talaplaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny görkezdi.

Ukrain kompaniýasynyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, berlen tabşyryklaryň ýokary hilli we öz wagtynda berjaý edilmegi üçin ähli tagallalaryň edilip, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşuljakdygyna ynandyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter