Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze elektrik stansiýasynyň taslamasy bilen tanyşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze elektrik stansiýasynyň taslamasy bilen tanyşdy

опубликованно 24.06.2015 // 937 - просмотров
 

Mary, 24-nji iýun (TDH) Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan täze iri maýa goýum taslamasy – ýurdumyzda ilkinji utgaşdyrylan bug gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Mary döwlet elektrik stansiýasynyň ýakynyndaky ýörite taýýarlanan meýdançada gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi hökümet agzalary, Mary welaýatynyň häkimi, Mary DES-niň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselereini gowşurýarlar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Mary DES-ne tarap ugraýar. Döwlet Baştutanymyzy elektrik stansiýasynyň işgärleri, welaýatyň jemgyýetçiliginiň wekilleri uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrokarda tanyşdyryş dabarasynyň geçirilýän ýerine barýar, bu ýerde Mary welaýatynda guruljak utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasynyň kiçeldilen nusgasy, taslamanyň eskizleri we çyzgylary goýlupdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça meýilleşdirilen maksatnamalarda elektrik energetikasy pudagyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki hereket edýän, şeýle hem bina edilýän täze senagat we durmuş maksatly desgalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar. Onuň çäklerinde sebitlerde häzirki zaman gaz turbina elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri, paýlaýjy kiçi elektrik beketleri gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň elektrik üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamy täzelenýär. Bu çäreleriň netijesinde energetika senagatynyň kuwwatlyklary birnäçe esse ýokarlandy, munuň özi diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini üpjün etmek bilen çäklenmän, daşary ýurtlara hem elektrik energiýasyny iebrmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan energetika pudagynda sebit we sebitara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, daşky gurşawy goramak ýaly halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry boýunça meseleleriň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda hem-de BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio-20” Bütindünýä maslahatynda, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça şu ýyl Ýaponiýada geçirilen Bütindünýä III maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw maslahatynda çykyş edip, öňe süren tekliplerini görkezmek bolar. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç hem bar.

Biziň ýurdumyz gaz buglarynyň galyndylaryny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, yzygiderli ýagdaýda “ýaşyl ykdysadyýete” geçýär. Senagatda häzirki zaman eologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalara, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy we ulag pudaklarynda bu usuly ugur edinýär. Ykdysadyýetimiziň strategiki pudagynyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmekde bu pudaga ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle hem ýurdumyzyň tebigy gazynyň – häzirki wagtda elektrik stansiýalary üçin iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ýangyç bolup durýan tebigy gazyň ägirt uly möçberleriniň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenilen şu günki täze maýa goýum taslamasy degişli düzümleri mundan beýläk-de ösdürmäge, türkmen elektrik energetikasynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Bu taslama biziň ýurdumyzyň uzak möhletleýin hyzmatdaşy ABŞ-nyň “General Elektric” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy.

XIX asyrda esaslandyrylan bu köp pudakly amerikan korporasiýasy häzirki wagtda energetika enjamlarynyň önümçilingi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Mundan başga-da, “General Elektric” kompaniýasynyň dürli ýöriteleşdirilen zawodlarynda we düzümlerinde suw arassalaýan, nebitgaz we lukmançylyk senagaty üçin enjamlar, ýük we ýolagçy teplowozlary, demir ýol we deňiz ulagy üçin dizel hereketlendirijileri, uçarlar üçin reaktiw hereketlendirijiler, gämi gurluşygynda we beýlekilerde ulanylýan gazturbina enjamlary öndürilýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda gurlan täze elektrik stansiýalarynyň ählisiniň bu dünýä belli iri kompaniýanyň gazturbina enjamlary bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.

Tanyşdyryş çäresi geçirilýän meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem dünýäde belli “General Elektric” (ABŞ) we “Çalyk Holding” (Türkiýe) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyň iri we özara baglanyşykly wezipeler toplumyny çözýär, dünýäniň iň gowy tejribesini we iň täze tehnologiýalaryny ähli pudaklara ornaşdyrmagy ugur edinmek bilen özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezen daşary ýurt kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamynda ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan “General Elektric” kompaniýasynyň amala aşyrýan işleriniň netijelerine kanagatlanma bildirdi. Häzirki wagtda iki tarapyň hem bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin oňat mümkinçilikler açylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Artykow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny 2013-2020-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda Mary DES-niň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän utgaşykly bug gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasynyň tanyşdyryşa taýýarlanylandygy barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny häsiýetlendirmek bilen täze innowasiýa energetika desgasynyň umumy maglumatlary we tehnika aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.

Mary DES-niň ýurdumyzyň elektrik energetika kärhanalarynyň iň baýrylarynyň biridigini bellemek gerek. Onuň düzüminde 30-40 ýyl mundan ozal işe girizilen energiýa desgalarynyň 7-si bar. 2014-nji ýylda Mary DES-niň çäginde kuwwaty 149,2 megewatt bolan täze gaz turbina elektrik stansiýasy guruldy we ulanmaga berildi. Munuň özi DES-niň umumy kuwwatlylygyny 1500 megawatta ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda “General Elektric” kompaniýasynyň tehnika boýunça esasy bilermeni Rendi Morrell hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuşa geçirmäge taýýarlanylan taslamanyň esasy tehniki we tehnologiýa görkezijileri hakynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýasy inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň täze tapgyryna degişlidir, şu tapgyrda dünýäde iň gowularyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ozal gurlan beýleki elektrik stansiýalardan tapawutlylykda bu desgada elektrik energiýasyny öndürmek üçin ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gaz däl-de, eýsem bug hem peýdalanylar.

Ýylda 12,6 milliard kilowat/ sagat elektrik energiýasyny çykarmaga meýilleşdirilen täze elektrik stansiýasy häzirki zaman tehnologiýaly desgalaryň toplumyndan ybaratdyr. Olaryň hatarynda 9 FA gazturbinalaryň dördüsi, bugy öndürmek üçin niýetlenilen gaýtadan işleýän –gazanlaryň dördüsi, iki bug turbinasy, şeýle hem beýleki enjamlar bar.

Buggaz utgaşdyrylyp peýdalanylanda ýangyjyň ýanmagy netijesinde emele gelýän gazlar ilki başda esasy gaz turbinany herekete getirýär, soňra bolsa olar gaýtadan işleýän ýörite bug gazanyna ýygnalýar. Bu ýerde olar suwy gyzdyryp, buga öwürýärler, ol bolsa güýçli basyş astynda bug turbina geçirilýär we ony aýlap başlaýar, Şeýlelikde, tok generatorynyň bug turbinasynyň rotory hem herekete gelýär. Onuň netijesinde elektrik energiýasynyň goşmaça mukdary alynýar.

Netijede eger-de, elektrik stansiýasynyň adaty işiniň peýdaly hereketiniň netijeliligi (PHN) ortaça 34,2 göterim bolanlygyndan, utgaşykly dolandyryş işinde PHN bir ýarym esseden gowrak ýokarlanýar we 57 göterime deňdir. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde peýdalanylýan tebigy gazyň sarp ediliş ep-esli azalýar. Buggaz elektrik stansiýalary diňe bir ykdysady tarapdan däl-de, eýsem ekologiýa babatynda hem netijelidir, sebäbi önümleriň ýanmagy netijesinde daşky gurşawa goýberilýän galyndylaryň – kömürturşy gazynyň mukdary 2-3 esse azalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslama bilen içgin tanşyp, birnäçe teklipleri we bellikleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň maksatnamasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şol maksatnamanyň çäklerinde ABŞ-yň onlarça milliard dollaryna barabar bolan iri senagat toplumlarynyň birnäçesini bina etmek meýilleşdirilýär. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek, şeýle hem elektroenergiýanyň eksport möçberlerini artdyrmak üçin elektroenergetikany ösdürmäge kuwwatly goldaw bermegi üpjün etmek zerurdyr. Umuman häzirki zaman energetika ulgamyny kemala getirmek tutuşlygyna halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär, ýurdumyzda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda iň gowy dünýä tejribesi ulanylýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça Türkmenistanyň iň baý döwletleriň biri bolup durýandygyny we mälim bolşy ýaly häzirki wagtda elektrik energiýasyny öndürmek dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanylýandygyny nygtady. Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga goýberilýän maýa goýumlarynyň möçberli yzygiderli artdyrylýar. Netijede Türkmenistanyň energetika senagaty birsydyrgyn ösüşiň ýokary depginlerini görkezýär we dünýä bazaplarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasyny eksport etmegiň möçberlerini artdyrmaga ukyplydyr.

Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, milli inžener-tehniki işgärleri we iň häzirki zaman elektrik energetikasy desgalarynda işljek beýleki ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmegiň möhümdigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz utgaşykly dolandyrylýan bug gaz elektrik stansiýasynyň taslamasyny Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň okuw maksatnamasyna girizmegiň maksada laýykdygyny aýdyp, bu ýokary okuw mekdebiniň rektoryna we beýleki ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde bu pudakda ozal bar bolan hünärmenler üçin hünärlerini ýokarlandyrmagyň we hünärlerini ösdürmegiň okuwlaryny guramak gerek.

Tanyşdyryş dabarasy tamamlanandan soň döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyna geçýär.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösdürilýändigini aýtdy. Ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ähli welaýatlarda önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly häzirki zaman desgalarynyň ýüzlerçesi ulanmaga berilýär.

Durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde ilaty, edaralary we kärhanalary elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek möhüm wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şulardan ugur alnyp, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan energetika senagatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça iri möçberli işler amala aşyrylýar.

2013-nji ýylda “Türkmenistanyň elektrik energetikasyny 2013-2020-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi, onda hususan-da, gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň 14-sini gurmak göz öňünde tutulýar. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda olaryň dördüsi eýýäm ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda we Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň ýene ikisiniň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. 2013-2015-nji ýyllarda ulanmaga berlen stansiýalaryň umumy kuwwaty 1458 megawattdan geçýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalar ýurdumyzyň elektrik energetika kuwwatlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam etmek bilen, ýurdumyzda elektrik energetika pudagyna ekologiýa taýdan arassa we ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga hem-de şol bir wagtda elektrik energiýasynyň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär diýip belledi. Bu ulgamda Türkmenistan belli daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň hatarynda örän abraýly amerikan “General Elektric” kompaniýasy bar. Olar bilen bilelikde Marynyň DES-niň çäginde kuwwaty 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär.

Elektrik stansiýasynda dört sany gazturbinasy we iki sany bug turbinasy oturdylar. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzyň energetika pudagy üçin täze, birnäçe artykmaçlyklary bolan tehnologiýa ulanylar. Mysal üçin, adatça daşky gurşawa taşlanylýan ýangyç galyndylary bu ýerde goşmaça eklektrik energiýasyny öndürmek üçin peýdalanylar.

Şunuň ýaly usul galyndysyz önümçiligi guramaga we daşky gurşawy önümçiligiň zyýanly galyndylaryndan goramaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň biziň ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna laýyklykda ekologiýa taýdan arassa önümçilikleriň hemme ýerlerde ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär diýip aýtdy. Bu bolsa Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy “Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Täze görnüşli elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi bilen, ilatymyzy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli şertler dörediler. Şeýle hem daşary ýurtlara goşmaça 3 milliard kilowatt sagat elektrik energiýasyny ibermäge tehniki mümkinçilik dörär.

Soňra amerikan “General Elektric Power & Water” kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça ýolbaşçysy Rikardo Kordoba çykyş etmek üçin söz sorady. Ol döwlet Baştutanymyza bilelikdäki täze energetika taslamany goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

ABŞ-nyň işewürler toparynyň wekili “General Elektric” kompaniýasynyň halkara derejesinde özüni örän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden
Buýsanýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryna haýran galýandygyny beýan edip, jenap Rikardo Kordoba öz tarapyndan “General Elektric” kompaniýasynyň dünýäde okgunly ösýän döwlet hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny belledi.

“General Elektric” kompaniýasy energetika senagaty we okuw maslahatlaryny geçirmek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda özüniň toplan oňyn tejribesini paýlaşmaga taýýardygy bellenildi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada aýtmak bilen, “General Elektric” kompaniýasynyň ýolbaşçysy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri peýdalanmak, şeýle hem energetikanyň beýleki häzirkizaman görnüşlerini geljegi uly ugurlaryyň hatarynda görkezdi.

Işewür özlerine bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, “General Elektric” kompaniýasynyň taslama boýunça öz ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

“Her gezek Siziň ajaýyp ýurduňyza gelenimizde Türkmenistanda Siziň parasatly we öňden görüjilikli baştutanlygyňyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň şaýady bolýarys” diýip, jenap Rikardo Kordoba aýtdy we türkmen Liderine we halkymyza mundan beýläk hem abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra çykyş eden Mary DES-niň başlygy O.Çaşaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa elektrik energetikasy senagatynyň ähli işgärleriniň adyndan pudagy ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak we onuň maddy enjamlaýyn binýadyny pugatlandyrmak mesellerine hemişe üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Şunuň bilen bagyllykda, şu gün tanyşdyryş dabarasy bolan Mary welaýatynda guruljak täze kuwwatly elektrik stansiýasynyň tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça sebitde ýeke-täk bolup durýandygy bellenildi. Bu desga ozal hereket edýän elektrik stansiýalaryndan ýangyç serişdelerini ýokay tygşytlaýjylygy, ekologiýa taýdan arassalygy we ygtybarly dolandyrylýandygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, 1 kwt elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän tebigy gazyň möçberi 380 gramdan 216 grama çenli azalar. Täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen Mary DES-niň kuwwaty 2 esse artar we ol sebitde iň iri energetika desgasyna öwrüler.

Täze elektrik stansiýasynyň gurmak üçin Mary DES-niň golaýynda zerur bolan ähli düzümler, şol sanda tebigy gazy we suwy eltiji ulgamlar, awtomobil we demir ýoly, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna we daşary ýurtlara köp möçberde elektrik energiýasyny ugratmak üçin elektrik geçirijileri bar. Mary welaýtaynda bu taslamanyň durmaşa geçirilmegi netijesinde täze iş orunlarynyň ýülerçesi dörediler.

Milli Liderimizi elektrik energetikasy pudagynyň işgärleriniň öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin güýçlerini aýaman işledejdikderini ynandyryp, O.Çaşaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine alyp barýan belent jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümlerini döretmek boýunça uly göwrümli işleriň gün-günden depgininiň artýandygyny belledi. Bu bolsa sebitleri has-da depgini ösdürmek, olaryň baý we köp dürli mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ilkinji derejeli wajyp wezipeler hökmünde biz Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek wezipesini kesgitledik diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ozal aýdylyşy ýaly, "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy" şuňa gönükdirilendir. Onuň çäklerinde milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga ugur alan maýa goýumlarynyň möçberleri yzygiderli ösdürilýär. Senagat ulgamynda maýa goýumlar esasan elektroenergetikada iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge gönükdirilýär.

Bellenilen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýokary derejeli işgärleri, ähli pudaklar üçin ökde hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek zerur diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Döwlet ozalkylary ýaly bilim ulgamyny ösdürmäge giň goldaw berer, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we gözýetimleriniň giňemegi üçin hemme şertleri döreder.

Şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllyk şanly senesine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bitaraplyk syýasatynyň ýurdumyza milli ykdysadyýeti ösdürmek wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berendigini nygtady. Bitaraplyk derejesi beýleki döwletler bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň özara gatnaşyklary, şeýle hem dünýäniň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda örän uly ähmiýetli orna eýedir.

“Häzir bütin dünýäde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine uly hormat bilen garalýar. Döwletimiziň daşary syýasatynyň esasyna öwrülmek bilen, ol ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýadyny üpjün etmegiň möhüm alamaty hökmünde çykyş edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Mary welaýatynda täze elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlar bilen hoşlaşdy we olara işlerinde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň elektrik energetika senagatynyň täze iri desgasyny gurmak ynanylan kompanýialaryň—amerikan “General Elektric” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rikardo Kordoba we Türkiýäniň “Çalyk Enerji” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen aýratyn duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanda ilkinji utgaşdyryp dolandyrylýan bu gaz elektrik stansiýasyny gurmak ýaly jogapkärli wezipe ynanylandygy üçin hoşallyk bildirip, işewürler öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny mundan beýläk hem berkitmäge hem-de türkmen Lideriniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän we Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýetini pugtalandyrmak üçin aýratyn ähmiýeti bolan iri möçberli taslamalara we maksatnamalara gatnaşmaga ulygyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şunda potratçy kompaniýalaryň geljekde hem öz üstlerine alan borçnamalaryna berk eýerip, bu ägirt uly taslamany ýokary hilde we bellenilen möhletlerde amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdikleri beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň açyk gapylar we oňyn gepleşikler syýasatyny üýtgewsiz durmuşa geçirmek bilen uzakmöhletleýin deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, esasan-da, özüni ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezen we täze işläp taýýarlamalaryna, ägirt uly ylmy we önümçilik mümkinçiligine eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, energetika pudagynyň häzirki zaman ösen düzümini döretmek tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmeginde möhüm şerti hökmünde çykyş edýär, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyz iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegi hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär, munuň özi, mälim bolşy ýaly, islendik döwletiň ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu babatda “TürkmenÄlem52oE” milli aragatnaşyk älem hemrasynyň işe girizilmegini mysal hökmünde getirmek bolar, onuň taryhy uçurylyşy şu ýylyň aprel aýynyň aýagynda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan amala aşyryldy. Bu şanly waka şeýle hem Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn ähmiýetli çäre boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rikardo Kordobany ýetip gelýän baýramçylyk – ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, Türkmenistanyň “General Elektric” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk özara ynam we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylýandygynyň subutnamasydyr diýip nygtady.

Köpýyllyk üstünlikli özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň netijeli işleri aýratyn bellenildi. Onuň gönüden-göni ýardam bermeginde yzygiderli esasda işewür duşuşyklary, işewürlik maslahatlary, ABŞ-nyň meşhur kompaniýalarynyň önümleriniň sergileri hem-de iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has isleg bildirilýän ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän köp sanly beýleki çäreler guralýar.

Ähli esasy ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, oba hojalygynda, saglygy goraýyşda, bilim we beýleki ugurlarda ABŞ-nyň bütin dünýä belli meşhur kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän bilelikdäki wajyp taslamalar amerikan işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlarynyň pugtalanmagyna barha artýan gyzyklanmasyna aýdyň tassyknama bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, şunuň ýaly netijeli özara gatnaşyk edilmegi köp babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgesiniň netijesinde mümkin boldy. Ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak şol daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugry bolup çykyş edýär.

Ýurdumyz tarapyndan her ýyl ägirt uly serişdeler goýberilýän milli energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen taslamalaryň aýratyn möhüm ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir ýurdumyzyň ilatyny we senagat desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly we ygtybarly üpjün etmek bilen çäklenmän, dürli ugurlar boýunça, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklan we mundan beýläk-de saklajak goňşy ýurtlaryna türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady. Şunda milli Liderimiz alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hili hem-de bellenilen möhletleriň berk berjaý edilmegi türkmen tarapynyň üýtgewsiz talaby bolup durýandygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz we kompaniýanyň ýolbaşçylary hoşlaşanlarynda birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soň, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp we olara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.

***

Mary welaýatynda iş saparynda bolmagyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz welaýatyň atçylyk sport toplumyna baryp, ol ýerde idedilýän bedewler bilen didarlaşdy, olaryň saklanylyşy we seýisleniş derejesi bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz her gün özüniň boş wagtlaryny sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, aýratyn-da at münmegi durmuş kadasyna öwürdi. Ine bu gün hem “Behişdi bedewleriň” hakyky hossary we olara belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz bedewler bilen didarlaşdy.

Milli Liderimiz Marynyň atçylyk sport toplumynda idedilýän Melehan atly bedewi athanadan çykardy. Döwlet Baştutanymyz joşgunly bedew bilen gezim etdi. Ynsan gylykly bedew atlaryň ýagdaýyna içgin düşünýändigini, Liderimiziň “Behişdi bedewlere” bolan mährini duýup özüne edilýän idege hoşallygyny asylly hereketi bilen äşgär etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleriň gazanan gadymy şöhraty olaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň has-da berkemegi ugrunda iri möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan bedewleriň göwnejaý derejede saklanmagy, arassa ganly atlaryň baş sanynyň artdyrylmagy we olaryň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär.

Iş saparynyň barşynda, boş wagtlarynda bedewleriň ýanyna gelip, olara ideg etmegi we mähir siňdirmegi hormatly Prezidentimiziň bedewlere goýýan sarpasynyň örän belentdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy milli gymmatlyklarynyň yzygyiderli rowaç almagyna gönükdirilen syýasatynda bedewler bilen baglanyşykly ýörelgelere aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa bedewleriň şan-şöhratynyň artmagyny, türkmen çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanmagyny şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz Melehan atly bedewe atlanyp aýlawy synlady. Şeýle hem milli iderimiz bu ýerde alnyp barylýan işler, toplumda bar bolan şertleriň we bu ýerdäki athanalaryň netijeli ulanylyşy hem-de toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler bilen gyzyklanyp, bedewde aýlaw etdi.

Türkmen bedewleriniň taryhy müňýyllyklara uzap gidýär. Türkmen atşynaslary, seýisleri düýnä ýüzünde ägirt uly şöhrat gazanan atlary ösdürip ýetşdiripdirler. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen türkmen atlyrynyň gadymy şöhraty täzeden dikeldildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda bar bolan atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryna giň gerim berilýär. Her möwsümde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýetginjek çapyksuwarlaryň bäsleşikleri hem yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa atçylyk sporty boýunça milli ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz atly gezelenji tamamlap, bedewi athana alyp geldi.

Bedewe ideg eden, onuň bilen gezim amala aşyran hem-de çapdyran hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter