Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 19.06.2015 // 935 - просмотров
 

Aşgabat, 19-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň başynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, düýn Oraza aýynyň başlanandygyny belledi. Oraza aýy mähriban halkymyz üçin mukaddes aýdyr. Oraza halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gelýän däp-dessurlaryny, medeni we ruhy mirasyny özünde jemleýär. Mukaddes Oraza aýynyň her bir güni ynsany ruhy taýdan galkyndyrýar, ynsanperwer we haýyr-sogap işlere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlary, olaryň üsti bilen mähriban halkymyzy mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Siziň mübärek Oraza aýynda berkarar Watanymyzyň asudalygy we abadançylygy, mähriban halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin etjek doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz şeýle hem ýagşy niýetleriň we umyt-arzuwlaryň hasyl bolýan mukaddes Oraza aýynyň Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza rysgal-döwlet, bereket, egsilmez bagt getirmegini arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. A.Nurberdiýewa ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek, deputatlaryň halkara derejesindäki çärelere gatnaşmagy hem-de ýerlerde iş alyp barmagy babatda milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda türkmen döwletiniň durmuş ugurly syýasatyny yzygiderli amala aşyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň beýleki ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň 15-den gowragy taýýarlanylýar, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz kanunçykaryjylyk işiniň Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we saýlawçylar bilen hemişe aragatnaşykda bolmagyny talap edýändigini belledi. Çünki kabul edilýän kanunlaryň ählisi, ilkinji nobatda, adamlaryň abadan durmuşyna hyzmat etmelidir, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy, parahatçylykly we döredijilikli zähmet çekmegi üçin oňyn şertleri döretmelidir. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek bilen baglylykda gelip gowuşýan teklipleriň ählisini üns bilen öwrenmegiň, halkymyzyň isleg-arzuwlaryny nazara almagyň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem şu ýylyň 18-23-nji maýynda Yslam ösüş bankynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň netijeleri barada habar berdi. Bu iri bankyň wekiliýetiniň agzalarynyň saparynyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri hem-de Yslam ösüş bankynyň 2016–2018-nji ýyllarda ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamynda durmuşa geçirmäge göz öňünde tutulan taslamalaryň 8-sini maliýeleşdirmäge gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Göz öňünde tutulýan işleriň hatarynda Madaw — Esenguly, Mary-Serhetabat awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak,
Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň bölegini gurmak, nebit önümlerini daşaýan tankeri, tirkeg gämilerini hem-de ýolagçy gatnadýan gämini gurmak, Atamyrat — Garabogaz şäherlerinde howa menzilleriniň gurluşyk işleri bar. Mundan başga-da, bankyň Türkmenbaşy şäherinden Baku şäherine çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi, Internet hyzmatlaryny kämilleşdirmegi maliýeleşdirmäge gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda 2016–2018-nji ýyllar boýunça degişli maksatnamany taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny has-da giňeltmäge gyzyklanmasynyň artýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Ýurdumyz bilen köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşlyk edip gelýän Yslam ösüş banky hem netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär. Yslam ösüş bankyny we Türkmenistany köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar, onuň çäklerinde iri taslamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz giň möçberli milli we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýalaryny giňden çekmek, ýurdumyzda ykdysady şertleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen okgunly ösýän hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri, makullap, wise-premýere Yslam ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2016–2018-nji ýyllar boýunça maksatnamasyny taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz döwletara derejesinde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem giň netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Milli Liderimiziň başyny başlan daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şu ýylyň, şol sanda soňky üç aýyň wakalary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şol döwür ýokary derejedäki wajyp duşuşyklary, dürli wekilçilikli maslahatlary, işewür gepleşikleri, medeni çäreleri hem-de beýleki ähmiýetli wakalary özünde jemledi.

Şu wakalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň ýakynda Türkmenistana bolan resmi sapary, şeýle hem soňky wagtda BMG-niň esasy düzümleriniň, şol sanda BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC), BMG-niň senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) hem-de beýleki iri guramalaryň, Migrasiýa baradaky Halkara guramasynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan saparlary bar. ÝB we ÝHHG, dünýäniň esasy maliýe düzümleri bilen özara hereketlere däp boýunça depginli hem-de netijeli häsiýet mahsusdyr. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, dürli pudaklarda maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, energetika hem-de ulag, ynsanperwer ulgamy, ekologiýa ýaly ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilýär hem-de goldaw tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyz bilen dünýäniň beýleki döwletleriniň arasynda däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklary, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek babatda maksadalaýyk işleri mundan beýläk-de geçirmegiň, munuň üçin bar bolan köptaraply mümkinçilikleri has doly herekete getirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňini dowam edip, ýurdumyz tarapyndan döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, ählumumy abadançylygyň bähbidine oňyn hyzmatdaşlygy höweslendirmäge we işjeňleşdirmäge gönükdirilip, öňe sürülýän halkara başlangyçlary öňe ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary umumylaşdyryp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň alyp barýan işlerine degişli olaryň öňlerinde goýlan wajyp wezipeler babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Galla oragynyň depgini gün-günden ýokarlanýar, şunuň bilen birlikde, samany ýygnamak, ýerleri şüdügärlemek we aralyk ekinleri ekmek işleri alnyp barylýar. Gowaçalara ideg etmek işleri dowam edýär, olaryň hatar aralary bejerilýär, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we ösüş suwy tutulýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda miwe, gök we bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň depginini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, bu işi öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça çäreleriň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Bu möwsümiň netijeleri boýunça obasenagat toplumynyň ähli ulgamlarynyň işine baha berler. Milli Liderimiz gowaçalara we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ählisiniň ýokary derejede geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz galla oragyna gatnaşýan kombaýnçylara, awtoulaglaryň sürüjilerine, tehniki taýdan hyzmat edýän işgärlere medeni hyzmatlary üpjün etmek meselesine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, dürli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, şol sanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda täze taryhy eýýamda bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler netijesinde bu möhüm ugurda dünýäniň dürli döwletleri hem-de esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlaryny okuwa ibermek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

“Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim, ylym, ýaşlar we sport ministrliginiň arasynda 2012-2017-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň” çäklerinde 2015-2016-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlarymyz üçin 25 talyp ýeri berilýär. Şunuň bilen baglylykda, berlen talyp ýerlerini ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sargytlary esasynda ulanmagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Rumyniýada okamaga isleg bildirýän ýaşlary okuwa kabul etmek boýunça dalaşgärlerden resminamalar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 23-nji iýun — 2-nji iýul aralygynda kabul ediler. Giriş synaglaryny iýul aýynyň 6-8-i aralygynda umumy mekdep okuw meýilnamasy boýunça test görnüşinde hem-de Türkmenistanyň taryhy dersinden söhbetdeşlik görnüşinde geçirmek meýilleşdirilýär. Okuwlar nebitgaz senagatynda, gurluşykda, ulag-aragatnaşyk, maliýe-ykdysady ulgamlarynda, obasenagat toplumynda we beýleki pudaklarda zerur bolan hünärleriň ençemesi boýunça amala aşyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň bilim syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şol syýasat bolsa ýaşlarymyzyň halkara ölçegleriniň derejesinde döwrebap bilim almagy, seçip alan hünärlerini üstünlikli özleşdirmegi, gözýetimlerini giňeltmegi üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan giň möçberli toplumlaýyn özgertmeleriň, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän giň möçberli işleriň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň dürli hünärli ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýändigini aýdyp, bilim we ylym ulgamynda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek boýunça işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan bilim ulgamynda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýaşlary seçip almak hem-de ibermek bilen baglanyşykly guramaçylyk we beýleki meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa milli maddy däl medeni mirasy toplamak, öwrenmek we aýawly saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli maddy däl medeni mirasyny düýpli öwrenmek we geljekki nesiller üçin saklamak boýunça uly işleriň geçirilýändigini belledi. Şu maksat bilen, UNESKO-nyň Halkara konwensiýasynda beýan edilen düzgünlere laýyklykda, geçen ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi döredildi. Maddy däl medeni mirasy UNESKO-nyň Bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlemek maksady bilen, bu mirasy hemmetaraplaýyn öwrenmek şol düzümiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny goramak ulgamyndaky gatnaşyklar şu ýylyň fewral aýynda kabul edilen “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny bilen kadalaşdyrylýar. Oňa laýyklykda, türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasy toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanylýar.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetine eýe bolan özboluşly ruhy mirasa eýedigini belläp, bu mirasy gorap saklamagyň, düýpli öwrenmegiň, ony geljekki nesillere geçirmek üçin şertleriň döredilmeginiň we bütin dünýäde giňden wagyz edilmeginiň döwlet syýasatynyň medeniýet ulgamyndaky ileri tutulýan wezipeler bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasy toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamasyny taýýarlamak baradaky teklibi goldap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň okuw merkeziniň gurluşygyna degişli kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Soňra wise-premýer Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Işewürlik maslahatynyň çäklerinde söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, üstaşyr-ulag we beýleki pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli pudaklarda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary GFR-nyň döwlet we maliýe düzümleriniň, firmalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen netijeli gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler. Şol gepleşiklerde mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat şäherinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň okuw merkeziniň binasyny gurmak hakynda” karara gol çekdi hem-de wise-premýere ony iň döwrebap enjamlar, aragatnaşyk serişdeleri bilen enjamlaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini mundan beýläk-de höweslendirjekdigini nygtap, Ýewropada ykdysady we tehnologik mümkinçiligi boýunça öňdäki orunlary eýeleýän hem-de döwletimiziň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan Germaniýa bilen özara gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli häsiýetini belledi. Biz söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda netijeli aragatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrarys we giňelderis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de nemes kompaniýalarynyň özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezip, türkmen bazarynda köpden bäri işleýändiklerini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň kärhanalarynda çykarylýan önümleriň ýerlenilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma önümlerini ýerlemek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda nah we ýüpek matalarynyň, öýde geýilýän dokma önümleriniň, taýýar egin-eşik önümleriniň dürli görnüşlerini elýeterli bahalardan ilata satmak boýunça öňden hereket edýän we täze açylan ýöriteleşdirilen dükanlaryň 30-synyň işleýändigi bellenildi. Welaýat söwda merkezlerinde köpugurly dükanlaryň, etrap merkezlerinde, daýhan birleşiklerinde we obalarda söwda bölümleriniň açylmagy bilen bu önümleriň içerki sarp edijilere satylyşy bäş esse artdy. Mundan başga-da, durmuş ulgamynyň edaralary ýurdumyzyň ýokary hilli dokma önümleri bilen doly üpjün edilýär.

Toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň çäklerinde pudagyň kärhanalary ýokary netijeli iň döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna Türkmenbaşy dokma we jinsi toplumlarynda hem-de beýleki birnäçe pudaklaýyn kärhanalarynda egirme we tikin önümçilikleri täzelendi. Bu bolsa önümleriň möçberini artdyrmaga we hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Onuň önümçilik kuwwatlyklary ýokary hilli we sarp edijileriň isleg bildirýän önümlerini çykarmaga mümkinçilik berýän dünýäniň esasy kompaniýalarynyň iň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Milli Liderimiz pudakda islegleri we teklipleri düýpli öwrenmegiň, içerki we daşarky bazarlarda bazar we baha syýasatyny kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek görnüşleri öndürmekde bolşy ýaly, iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek arkaly eksport ugurly bäsleşige ukyply, şol sanda taýýar önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumlarynda işleriň barşy, Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ilatynyň ýokary tizlikde Internete elýeterliligini giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Internetiň ýokary tizlikli akymynyň birini kärendä almak bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada habar aýdyldy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” ulag-aragatnaşyk pudagynyň öňünde Internet ulgamyny has-da ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeler goýuldy. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Gazagystan, Beýik Britaniýa, Russiýa we Türkiýe ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary kärendesine birleşdirildi. Ministrligiň hünärmenleri tarapyndan Eýran Yslam Respublikasy ugry boýunça Internet akymyny kärendä almak üçin taslama işlenip düzüldi. Onuň durmuşa geçirilmegi Internet akymynyň tizliginiň artmagyna, optiki-magistral ugurlaryny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagynyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radio aragatnaşygynyň ýaýbaňlandyrylan ulgamy üstünlikli işleýär, maglumat serişdeler terminaly işlenip düzülýär diýip nygtady. Telefon beketleriniň sanly ulgamlaryny hem goşmak bilen ösen awtomatlaşdyrylan tory ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny, şeýle hem giň gerimli internete girmek hem-de maglumatlar bermek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Döwletara telefon ulgamyny giňeltmek maksady bilen, transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerini çekmek dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Internetiň hem-de döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalarynyň raýatlaryň her birine elýeterli bolmagy üçin hemme şertleriň döredilýändigini, telearagatnaşygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtap, wise-premýere geçirilýän işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işler hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Aşgabat şäheriniň etraplarynda degişli meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň durmuş düzümleriniň, ulag-inženerçilik ulgamlarynyň, aragatnaşyk hem-de jemagat hojalygy ulgamlarynyň gurluşyk işleri we toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylyşy depginli amala aşyrylýar. Şeýle hem türkmen paýtagtyny elektrik energiýa bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek boýunça ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu işlere jogapkär ähli düzümler bilen utgaşykly hereket etmegiň wajypdygyny nygtap, göz öňünde tutulan ähli işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine mydama gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň ilatynyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Barlaglaryň barşynda Energetika ministrliginiň we paýtagtymyzyň häkimliginiň degişli düzümleriniň işgärleri tarapyndan ýol berlen düýpli kemçilikler ýüze çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň geçiren barlaglaryndan görnüşi ýaly, türkmen paýtagtynyň ilatynyň we kärhanalarynyň elektrik energiýasy bilen ýaramaz üpjün edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işde bökdençliklere ýol berilýändigini aýdyp, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge şäher häkimligi tarapyndan talaba laýyk gözegçilik edilmeýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamynyň işgärleriniň tomus möwsümine ýaramaz taýýarlyk görendigini aýdyp, şunuň netijesinde elektrik geçiriji ulgamlaryň we transformatorlaryň ýygy-ýygydan hatardan çykýandygyny belledi. Netijede, paýtagtymyzyň ilatyndan köp sanly arza-şikaýatlar gelip gowuşýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we paýtagtymyzyň elektrik üpjünçilik ulgamyny tomus möwsümine taýýarlamakda kemçiliklere ýol berendigi hem-de elektrik energiýasy bilen üpjünçilik gulluklarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa hem-de energetika ministri G.Saryýewe berk käýinç yglan etdi. Milli Liderimiz degişli Buýruga gol çekip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, olaryň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem 15-18-nji iýunda Beýik Britaniýanyň London we Norwiç şäherlerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklarynyň artýan depginlerini üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek üçin pudagyň hünärmenleriniň iş saparynyň barşynda Norwiç şäherinde ýerleşen elektrobeketleriň işleýşi bilen tanşandyklary barada aýdyldy. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, elektrobeketler häzirki zaman tehnologik desgalarynyň toplumyndan ybaratdyr. Olaryň arasynda kuwwatly gaz we bug turbina enjamlary esasylary bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň elektrikenergetika kuwwatlyklarynyň goşmaça güýçlerini girizmek meseleleriniň üstünde durup geçip, bu ugurda tejribe we maglumat alyşmagyň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, söwda ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň «GS1» Halkara guramasynyň agzalygyna kabul edilmegi we ýurdumyza çyzykly şertli belginiň berilmegi barada hasabat berdi.

Çyzykly şertli belgi boýunça milli gurama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýly gatnaşmagynda döredildi we häzirki wagtda munuň agzalarynyň sany 366-a ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda, ýurdumyzda çyzykly şertli belgileri bermek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan çykarylýan harytlaryň 20 müňe golaýyna çyzykly şertli belgiler berildi.

Harytlaryň we hyzmatlaryň hilini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny kadalaşdyrmagyň möhüm guraly bolup durýan «GS1» Halkara guramasyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meselä bu guramanyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 18-20-nji maýynda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilen mejlisinde garaldy. Dünýäniň 111 döwletiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy bu halkara guramasynyň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Ýurdumyzda öndürilýän harytlara berilýän şertli belgiler dünýäde 483 belgi bilen başlanar.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistana berlen degişli şahadatnama gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «GS1» halkara ulgamyna goşulmagynyň ähmiýetini nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli agzasy hökmünde ykrar edilmegini alamatlandyrýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary hilli türkmen harytlaryna islegleriň artýandygyny nazara almak bilen, harytlara çyzykly şertli belgileriň berilmegi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutanymyz milli bähbitleri goramak, sarp edijileriň hukuklaryny üpjün etmek we olara zerur bolan anyk maglumatlary bermek, haryt öndürijileriň bäsleşigini ösdürmek boýunça mundan beýläk-de netijeli işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere söwdanyň döwrebap we netijeli usullaryny ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalaryň hem-de çäreleriň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter