Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 16.03.2019 // 350 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, dizel ýangyjyny, owganystanly işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýna, portlandsement, nah we garyşyk ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 87 million 416 müň dollaryndan gowrak boldy.

Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Türkiýeden, Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 6 million 420 müň manatlykdan gowrak nah we garyşyk ýüplük satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter