Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana sapary tamamlandy | TDH
Syýasat habarlary

Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana sapary tamamlandy

опубликованно 19.03.2019 // 219 - просмотров
 

Şu gün Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa Türkmenistana döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýine we Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi.

Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni özi üçin niýetlenen kabulhanadan Türkmen halysynyň milli muzeýine tarap ugrady. Bahreýniň Patyşasy we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary ussat halyçylarymyzyň ajaýyp işleri bilen tanyşdylar.

Dünýäniň islendik künjeginde gabat gelýän türkmen halylaryna ähli döwürlerde hem gözelligi we kämilligi üçin uly sarpa goýlupdyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli däpleri dikeltmek syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi hem-de halyçylygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berýändigi netijesinde zenanlarymyzyň döreden halylary Türkmenistanyň medeniýetiniň esasy gymmatlyklarynyň hatarynda durýar.

Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa özünde galan täsirlerini paýlaşyp, zähmetsöýer halyçylarymyzyň zehinine hem-de ussatlygyna ýokary baha berdi, türkmen halylarynyň aýratynlyklary, dokalyşynyň usullary we ulanylýan boýaglar bilen gyzyklandy. Bahreýniň Baştutany özboluşly milli halyçylyk sungatynyň ýokary derejesini, türkmen halyçylarynyň kämil ussatlygyny belläp, muzeýde goýlan örän owadan halylaryň umumadamzat medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolup durýandygyny nygtady.

Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa muzeýiň işgärlerine gyzykly gezelenç üçin hoşallyk bildirip, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Belent mertebeli myhmanlaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmagy we ýokarda agzalan desgalara baryp görmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi olara ajaýyp halylary hem-de ahalteke bedewleri bilen meşhur bolan ýurdumyz bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle çärelere gatnaşmak türkmen halkynyň biziň günlerimize çenli aýawly saklanyp galan baý medeni mirasynyň häzirki döwürde täze üstünlikler üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulagy Halkara ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Dostlukly ýurduň Liderini atçylyk sport merkeziniň çägine geçmäge çagyrýarlar. Bu merkez sebitde iň irileriň biri hasaplanylýar. Şol ýerde uly bäsleşikleri hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Bu dabaralarda ajaýyp ahalteke bedewleri çykyş edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» hem-de «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp kitaplaryny bu täsin gymmatlyklara bagyşlady. Şol eserler dürli dillere terjime edilip, dünýäniň köp ýurtlarynyň okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Belent mertebeli myhmanyň öňünde abraýly halkara bäsleşikleriň ençemesiniň baýraklaryna mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýigitleri at üstündäki oýunlaryň ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Çalasyn hem-de başarjaň çapyksuwarlar ajaýyp ahalteke bedewlerinde türkmen kompozitorlarynyň joşgunly sazynyň astynda dürli çylşyrymly emelleri hem-de akrobatik tilsimleri görkezdiler. “Galkynyş” toparynyň agzalarynyň köpöwüşginli çykyşy dostlukly ýurduň Baştutanynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Soňra Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa naýbaşy ahalteke bedewleriniň gözelligini, syratyny, çalasynlygyny, seýkin basyp ýörişini synlady.

Köp asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ähli başarnygyny hem-de zehinini siňdirip, hakyky sungat eserini — gözelligi we ýyndamlygy babatda deňi-taýy bolmadyk türkmen bedewlerini döretdiler hem-de olaryň arassa tohumyny saklap galdylar. Belent mertebeli myhmana görkezilen behişdi bedewleriň täsin reňkleri, uzyn we inçe aýaklary hem-de boýny tebigatyň özboluşly sazlaşygydyr we bu ulgamda ussatlyk derejesine ýeten zehinli seýislerimiziň döredijilikli hem-de tutanýerli zähmetiniň aýdyň netijesidir.

Häzirki döwürde ganatly bedewlere uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyran atçylyk pudagynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýän, häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän hem-de öňdebaryjy tehnika bilen üpjün edilen atçylyk sport toplumlary, sportuň atçylyk görnüşleriniň ösdürilmegi hem-de at çapmagyň hem-de at üstündäki oýunlaryň milli däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Ýurdumyza döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň ugratmagynda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Belent mertebeli myhman şol ýerden watanyna ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter