Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasy birinji Hazar ykdysady forumy bilen tanyşdyryş çäresini geçirdi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasy birinji Hazar ykdysady forumy bilen tanyşdyryş çäresini geçirdi

опубликованно 19.03.2019 // 489 - просмотров
 

18-nji martda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde birinji Hazar ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA we AHEHG başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryş çäresini, şeýle hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirdi. Ýokary okuw mekdebiniň rektoratynyň ýardam bermeginde gurnalan çärä 300-den gowrak adam, şol sanda professor-mugallymlar düzümi, hytaýly we türkmen talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew çykyş edip, ýygnananlary Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady we ýurdumyzda onuň baýramçylyk däpleri barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň BMG-nyň belent münberinden beýan eden we sebit hem-de ählumumy ähmiýetli wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary barada jikme-jik gürrüň berdi.

Soňra ilçi birinji Hazar ykdysady forumy bilen tanyşdyryş çäresini geçirdi, ol 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda oňa taýýarlygyň çäklerinde guramaçylyk komitei döredildi we forumy geçirmegiň konsepsiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Şeýle hem çärä gatnaşanlaryň ünsi duşuşygyň meýdançasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen çäreleriň çäklerinde çäreleri geçirmek boýunça meýilnamalara çekildi.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň ugurlary barada gürrüň berende ilçi döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmegiň, durnuklylygy we howpsuzlygy saklap galmagyň, syýasy-diplomatik özara hereketi güýçlendirmegiň, GDA-nyň halkara guramalary, şol sanda BMG we ÝeHHG bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmagy, Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin şertleri kemala getirmegiň ileri tutulýan maksatlardygyny belledi.

Ilçiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan AHEHG başlyklyk etmeginiň ikinji ýylynda Aral sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmagyň, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we daşky gurşawy goramagyň meseleleri, şeýle hem BMG-nyň Suw strategiýasyny kabul etmeginiň esasy hökmünde Merkezi Aziýa suw strategiýasyny işläp taýýarlamakda Aral deňzi töwereginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi göz öňünde tutýar.

Duşuşykda şeýle hem Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektory professor Çžan Laýbin çykyş edip, türkmen-hytaý özara hereketiniň, hususan-da ylym-bilim uylgamyndaky özara hereketiniň ösüşine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň tematikasy bieln baglanşyklylykda birinji Hazar ykdysady forumyna, Halkara Nowruz baýramyna, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Dabaranyň aýdym-sazly böleginde joşgunly küştdepdi ýerine ýetirildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter