Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr | TDH
Jemgyýet

Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr

опубликованно 22.03.2019 // 726 - просмотров
 

Türkmenistanda täze bag ekmek möwsümi başlandy. 21-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz gününde tutuş ýurdumyz ýowaryna çykdy. Ol diňe bir ildeşlerimiziň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygy bolman, eýsem, türkmen hakynyň milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ruhubelentliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Köpetdagyň etegindäki Nowruz ýaýlasyndaky meýdançada bag nahalyny oturtmaga gatnaşyp, giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden hem-de Ak bugdaý etraplarynyň aralygynda agaç nahallarynyň 1,5 million düýbi we sebitlerde hem saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzümiň şonça möçberi ekiler. Tutuş ýurdumyz boýunça şu bag ekmek çäresiniň barşynda miweli agaçlaryň hem-de üzümiň 600 müň düýbüni, tut agaçlarynyň hem 300 müň düýbüni oturtmak meýilleşdirilýär. Bu işleri guramak ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ýurdumyzda BMG-niň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär.

Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny hem-de Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini goramak we beýleki möhüm meseleler bilen baglanyşyklydyr. Kanunçylyk namalarynyň tutuş toplumy, şol sanda Tokaý kodeksi, ösümlik we haýwanat dünýäsi, aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky kanunlar hem-de beýleki möhüm resminamalar tebigaty goramak ulgamynda öňde goýlan wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir.

Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine toplumlaýyn uzakmöhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol resminamada senagat düzüminiň okgunly ösmegi, ulag kommunikasiýalar ulgamynyň has giňelmegi, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň ýokary depginlerde ösmegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň işjeň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty gatnaşýar.

Häzirki döwürde Aşgabady bagy-bossanlyga bürenen şäher diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyz tomsuň jöwzaly günlerinde hem ýaşyl baglary, suw çüwdürimleriniň ajaýyplygy, bark urýan dürli reňkli gülleri bilen haýran galdyrýar. Täsin sosna, serwi, derek agaçlarynyň tokaýlyklary hem-de köp öwüşginli gül aýmançalary paýtagtymyzyň şäher ýakasynyň tebigatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Köpetdagyň eteginde arça, pürli we saýaly agaçlary ekilen meýdanlar ýaýylyp ýatyr. Şunuň netijesinde, soňky ýyllarda bu ýerde guşlaryň hem-de haýwanlaryň dürli görnüşleriniň sany ep-esli artdy. Şolaryň hatarynda seýrek duş gelýänleri hem bar.

Ýaş agaçlaryň elde döredilen tokaýlyklary, baglar, seýilgähler hem-de seýilbaglar Türkmenistanyň ähli, hatda iň alysdaky künjeklerinde hem onlarça müň gektara ýaýylyp gidýär. Olar tebigatyň ajaýyp hem-de möhüm künjegine öwrülip, ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar. Derýalaryň we akabalaryň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny öz içine alýan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasy, Garagumuň merkezinde ýerleşen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürendi.

Ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde, Daşoguz welaýatynda köpçülikleýin tokaý zolaklarynyň döredilmegi aýdyň mysallaryň biridir. Aral sebitinde topragyň zaýalanmagynyň hem-de çölleşmäniň öňüni almak maksady bilen, Sarygamyş kölüniň kenarynda, Bötendag baýyrlygynyň töweregindäki 20 müň gektar meýdanda ägirt uly tokaý zolaklary döredilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli bag ekmek çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek boýunça umumy dünýä işine saldamly goşantdyr. Her bir şäheriň we obanyň töwereginde döredilýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýyny döredip, tomsuna Garagumuň jöwzaly ýelinden, gyşyna bolsa aýazly şemallardan goraýar.

Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek meselesiniň hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýandygyny ýene-de bir gezek nygtamalydyrys. Möwsümleýin bag ekmek çärelerine taýýarlyk görmek we şolaryň netijeleri ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýar.

Wideoaragatnaşyk arkaly 19-njy martda geçirilen iş maslahatynda bu meselä aýratyn üns berildi. Şonuň barşynda hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerine degişli tabşyryklary berip, ählihalk ýowaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini we geçirilmegini üpjün etmegi talap etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň «gök guşagyny» giňeltmek boýunça işlere örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, nobatdaky bag ekmek möwsüminiň barşynda ekiljek bezeg hem-de miweli agaçlaryň nahallaryny sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda saýlamagyň hem-de ekilen nahallara göwnejaý ideg etmegiň zerurdygyny belledi.

Ozal bellenilişi ýaly, ekologiýa çäresi Milli bahar baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralaryň möhüm bölegine öwrüldi. Bu çäräni geçirmek üçin Ahalyň dag etegindäki jülgesindäki Nowruz ýaýlasynyň ajaýyp künjegi seçilip alyndy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaşajyk tut nahalyny oturtmak bilen, köpçülikleýin bag ekmek işiniň täze tapgyryna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyna ýygnananlaryň ählisi agzybirlik bilen goşuldylar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümiň wekilleri türkmen topragynyň baýlygyny artdyrýan çärä işjeň gatnaşdylar.

Ýeri gelende aýtsak, öňki ýyllarda Nowruz ýaýlasynda eýýäm tut we miweli agaçlaryň müňlerçe düýbi oturdyldy. Şu ýowaryň barşynda 12 gektar meýdana bag nahallary ekildi. Şeýlelikde, ýakyn geljekde bu ýerde ajaýyp tokaý zolaklary hem-de miweli baglar peýda bolar.

Tut nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegi Beýik Ýüpek ýoly bilen özboluşly sazlaşygyň nyşanyna öwrülýär. Tutuş adamzat medeniýeti babatda bu ägirt uly ýörelgäni täzeden dikeldip, ýurdumyz taryhy pursatlary janlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Beýik Ýüpek ýoly esasan tut ýapraklaryndan alynýan ýüpek matalaryň döreýşi bilen baglanyşyklydyr.

Tut agaçlary senetkärçilik babatda hem gymmatly hasaplanylýar. Biziň ýurdumyzda tutdan milli saz gurallary ýasalýar. Örän berk, dykyz
hem-de agyr häsiýete eýe bolan tut agaçlary gurluşykda we neçjarçylykda köp ulanylýar.

Orta Aziýa sebitlerinde tut şa agaç, onuň miwesi bolsa şatudana hasaplanylýar. Tudana önümlerinde karotin, С we E witamin ýaly tebigy serişdeler bolup, şolar köp keselleriň dermany hasaplanylýar. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-köpçülikleýin neşirlerinde gürrüň berilýär.

Tut agajy köp halatlarda seýilgähleriň bezegi hökmünde ulanylýar. Şäherleriň köçelerinde, seýilgählerde we dynç alyş zolaklarynda tut agajy köpçülikleýin ekilýär. Şahalarynyň öz wagtynda kesilmegi netijesinde, agaçlar gyş döwründe hem bezeg görnüşindäki durkuny saklap galýar.

Her ýyl Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralaryň tokaý hojalyklarynda we nahalhanalarynda ekmek üçin zerur tohumlar taýýarlanylýar, soňra üç-dört ýylyň dowamynda şolardan saýaly, pürli, miweli agaçlaryň nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Hut şu ýaşdaky nahallar örän güýçli we durnukly bolýar. Nahallaryň ýokary hilli dökünler bilen iýmitlendirilmegi hem şolaryň kadaly ösmegine ýardam edýär.

Suwarmagyň netijeli we tygşytly tehnologiýalarynyň, şol sanda damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň ulanylmagy suwuň kadaly berilmegini hem-de rejeli ulanylmagyny üpjün eder. Bu tehnologiýalar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özlerini gowy tarapdan görkezdi. Şol çäreleriň berjaý edilmegi ösümlikleriň tomus aýlarynda hem kadaly ösmegine ýardam eder, geljekde ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm şerti hökmünde tokaý zolaklarynyň döredilmegini üpjün eder.

Şunuň bilen baglylykda, ekilýän nahallaryň dürli sebitleriň toprak-howa şertlerine has durnukly görnüşlerini saýlap almak hem örän wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Alymlaryň we hünärmenleriň maslahatlaryna görä, ýollaryň ugrunda hem-de şäherleriň hem-de obalaryň golaýynda ekilýän pürli agaçlar daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tozan garyndylaryndan 6-7 esse köp hem-de çalt arassalaýandygy, adamlaryň saglygyna oňat täsir edýändigi bilen tapawutlanýar.

Miweli agaçlar barada aýdylanda bolsa, olar islendik künjegiň gözelligine gözellik goşýar. Şol baglar gülleýän döwründe aýratyn gözel keşbe eýe bolmak bilen, bu döwür tamamlanandan soň hem özüniň ajaýyp durkuny saklap galýar hem-de datly miwelerini eçilýär.

Türkmenlerde ähli döwürlerde tebigata aýawly garalypdyr. Beýik Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilen tebigatymyz täsin gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda daşky gurşaw bilen bitewülikde we sazlaşykda ýaşapdyr. Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, has takygy, dag çeşmeleri, sahawatly topragy, amatly howa ýagdaýy ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam etdi. Geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri ýurdumyzyň çäginde gadymy döwürlerde gülläp ösen suwarymly ýerleriň bolandygyny, ata-babalarymyzyň bolsa ekerançylyk bilen meşgullanyp, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirendiklerini subut edýär.

Biziň günlerimizde hem ülkämiziň ekologiýa abadançylygyny saklap galmak üçin bag ekmek çäresinden hiç kim çetde durmaýar. Şunda milli özboluşlylygyň aýratynlyklary hem öz beýanyny tapýar. Çünki Türkmenistanda bag nahalyny eken adam aýratyn hormat-sarpa eýe bolupdyr. Adamlar baglara syn edip, onlarça ýyl geçenden soň hem bu baglary ýetişdiren adamyň adyna alkyş aýdýarlar. Baglara hemişe-de aýawly garalýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň emeli tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek pikiri ählihalk goldawyna mynasyp boldy.

Şeýlelikde, Aşgabatda şu gezekki ýowaryň barşynda saýaly we pürli agaç nahallarynyň 53 müň düýbi oturdyldy, şol sanda Berkararlyk etrabyndaky Sport kölüniň töwereginde, Garaşsyzlyk şaýoly bilen Oguzhan köçesiniň çatrygynyň günorta-günbatar tarapynda, Köpetdag etrabyndaky Serhowuzly seýilgähiň günorta böleginde ekildi. Bagtyýarlyk etrabynda bag nahallaryny oturtmak işi Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen «10 ýyl abadançylyk» köçesiniň çatrygynyň günbatar-demirgazyk tarapynda, Büzmeýin etrabynda Jemagat hojalygy institutynyň günbatar tarapynda, Senagat köçesiniň ugrunda amala aşyryldy.

Mundan başga-da, Garagum derýasynyň kenarlarynda, 782-nji we 818-nji kilometrleriň aralygyndaky meýdanda tut nahallarynyň 41 müň düýbi ekildi. Şol nahallar 82,5 gektar meýdany tutýar. Gurtly kölüniň töweregindäki 164 gektar meýdana bolsa topragy berkitmek üçin sazagyň 80 müňden gowrak düýbi oturdyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de Energetika ministrligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda, Ýanbaş-Gökdere zolagynda hem-de Garagum derýasynyň ugrunda giň möçberli bag ekmek işleri ýerine ýetirildi. Umumy meýdany 138,5 gektar meýdanda agaçlaryň, üzümiň we sazagyň 20 müňden gowrak düýbi oturdyldy.

Şol bahar gününde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tutanýerli zähmet çekildi. Raýatlarymyzyň müňlerçesi bag ekmek işine ruhubelentlik we uly höwes bilen goşuldy. Tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowarynyň barşynda agaç nahallarynyň 460 müňden gowragy oturdyldy. Agaç nahallaryny oturtmak işinden başga-da, bu çäräniň barşynda ozal ekilen nahallara ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi ýaş agaç nahallarynyň oňat düýp tutmagyna we güýç toplamagyna mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilýän täze ýaşyl zolaklar iri tokaý toplumlarynyň bir bölegine öwrülip, özüniň nurana gelejegini baýramçylyk lybasynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygarynda garşylaýan sahawatly türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter