Türkmenistanyň Prezidenti şanly seneler mynasybetli gutlaglary kabul etdi | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti şanly seneler mynasybetli gutlaglary kabul etdi

опубликованно 20.07.2015 // 987 - просмотров
 

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy hem-de 21-nji iýulda her ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli öz ýakyn egindeşlerinden gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýygnananlar—Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri bu şanly seneler bilen gutlap, milli Lideriimze berk jan saglyk, uzak ömür hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine başy başlanan uly möçberli durmuş- ykdysady ösüşiniň maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Milli Liderimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen “Saglyk” döwlet maksatnamasy döwlet syýasatynyň ynsanperwer esasynyň, onuň adamlaryň durmuşynyň täze derejesiniň we hiliniň üpjün edilmegine gönükdirilendiginiň subutnamasyna öwrüldi. Ilatyň saglygyny goramak ulgamynda geçirilen düýpli özgertmeler şol maksatnamanyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň netijeleri boldy. Bellenilişi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini hem-de maksatlaryny takyk kesgitlän bu resminamanyň kabul edilen pursadyndan bäri ýurdumyzyň lukmançylygy hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeledi.

Soňky 20 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktorynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademiginiň we ýakyn we uzakdaky daşary ýurtlaryň köp sanly esasy uniwersitetleriniň, institutlarynyň hormatly professorynyň işjeň tagallalary netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda hakyky öňegidişlik amala aşyryldy. Türkmenistanlylar tutuş ýurdumyz boýunça bina edilen ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezlerinde, klinikalarda we şypahanalarda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň doly toplumyna kepillikli elýeterlige eýe boldular.

Türkmenistanda maşgala lukmançylygynyň hyzmatlary ornaşdyryldy, raýatlaryň erkin döwlet saglyk ätiýaçlandyrmasy girizildi. Bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösumlikleri esasynda derman serişdelerini öndürmek boýunça kärhanalaryň, täze şypahana-dynç alyş merkezleriniň hem-de sebitde iri bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň giň topary döredildi.

Pudagyň täze desgalarynyň her ýylda ulanmaga berilmegi lukmanlaryň hünär baýramçylygynyň asylly däbine öwrüldi. Şol desgalar iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýurdumyzda eýýäm bar bolan ençeme döwrebap lukmançylyk edaralarynyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Olaryň hemmesi ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny hem-de sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça iri möçberli işler bilen birlikde, ynsan saglygyny we umuman, jemgyýeti düýpli pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýada öwrüldi.

Kämilleşdirilen kanunçylyk binýady saglygy goraýyş ulgamynda iri möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas boldy. Şol binýadyň üstüni soňky ýyllarda “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we aradan aýyrmak hakynda”, “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”, “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we tämmäki ulanmagyň netijelerinden goramak hakynda”, “Farmasewtika işi we derman serişdeleri bilen üpjün etmek hakynda, Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki wajyp resminamalar ýetirdi.

Ýurdumyz tarapyndan saglygy goraýşy ösdürmek boýunça toplanan tejribe Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy ýaly iri düzümleýin bölümleriniň hem-de Türkmenistan bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän beýleki halkara guramalarynyň goldawyna hem-de ykrar etmegine mynasyp bolýar.

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda kemala getirilýän saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň netijeliliginiň ýurdumyzda birnäçe howply ýokanç keselleriň doly aradan aýrylandygy baradaky köpsanly halkara güwänamalarynyň, şol sanda gyzamygyň we gyzyljanyň eliminasiýasy hakynda halkara güwänamanyň berilmegi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu güwänamalar ýurdumyza Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa edarasy tarapyndan gowşuryldy.

Häzir sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we işjeň wagyzçysy döwlet Baştutanymyzyň şahsy tejribesi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz saglygyny berkidýän ösüp gelýän ýaş nesiller üçin görelde alarlykly nusgadyr. Milli Liderimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge berýän aýratyn ünsi netijesinde döwletimiz tutuş ýurdumyz boýunça häzirkizaman sport mekdepleriniň, stadionlary, atçylyk sport we bedenterbiýe sagaldyş toplumlaryny, şol sanda Aziada-2017-niň merkezi meýdançasyna öwrüljek sebitde iri Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna uly maýa goýumlary gönükdirýär.

Milli Liderimiz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlary we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini ajaýyp baýramçylyk bilen mähirli gutlady hem-de milletimiziň saglygyny berkitmegiň we goramagyň türkmen döwletiniň syýasatynyň hemişe esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyny nygtady. Türkmen döwleti pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga hem-de kämilleşdirmäge, lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň ýygjam özara hereketde bolmagyna mundan beýläk-de aýratyn üns berer. Muňa ýakynda tassyklanan Türkmenistanyň Prezidentiniň täze “Saglyk” döwlet maksatnamasy hem-de bu maksatnamany 2015-2017-nji ýyllarda durmuşa geçirmegiň milli meýilnamasy kepilnama bolup hyzmat edýär. Olar milli lukmançylygy ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir.

döwlet Baştutanymyz Aşgabatda her ýyl geçirilýän “Saglyk-2015” halkara sergisiniň hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde gurulýan, ertir türkmen paýtagtynda açylýan “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek – sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara lukmançylyk maslahatynyň wajypdygyny belläp, bu forumlaryň ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň üstünliklerini mundan beýläk-de wagyz etmekde hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde täze ähmiýetli ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara hem-de ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür we täze taryhy eýýamda öňde goýlan strategiki wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter