Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 24.03.2019 // 440 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Germaniýadan we Türkiýeden gelen telekeçiler degişlilikde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we nebit koksuny, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Özbegistan. Geleşikler umumy ABŞ-nyň 15 million 465 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden Türkiýedan, Gazagystandan gelen işewürler jemi 4 million 746 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi 504 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter