Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary | TDH
Jemgyýet

Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary

опубликованно 29.07.2015 // 1611 - просмотров
 

4. Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmegiň, şol sanda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny senagatlaşdyrmak, Diýarymyzyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipeleri eziz Watanymyzyň gazananlaryny berkitmegiň bähbidine öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda türkmen hünärmenlerini taýýarlamagyň zerurlygyny talap edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-sini, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek” hünärini açmak hakyndaky çözgüdi hem şu maksada ýetilmegine hyzmat edýär.

Täze hünär häzir gurluşygy alnyp barylýan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanasy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny ugur edinýär. Täze hünär boýunça bilim aljak talyplar okuw meýilnamasynyň 1-nji we 2-nji tapgyry tamamlanandan soň şu hünärler boýunça bölüner: gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini ýerastynda özleşdirmek; şahtalaýyn we ýerasty gurluşyk; magdan maşynlary we enjamlary (ýerasty gazuw işleri).

“Gazylyp alynýan peýdaly gaty magdan känlerini gözlemek, agtarmak we özleşdirmek” kafedrasynda dag-magdan işleri boýunça hünärler--gazylyp alynýan peýdaly magdan känleriniň geologiki surata düşürilmegi we gözlegi, dag magdanlaryny açyk usulda özleşdirmek, magdan gazylyp alynýan känleri öwrenmek işi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak hünärleri hereket edýär.

Eger magdan geologlary minerallaryň düzümini we häsiýetini öwrenseler, dag inženerlerine döwrebap usullary peýdalanmak bilen dag-magdan önümçiliginiň wezipelerini çözmek, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary ýerastynda işläp taýýarlamagyň ösen tehnologiki ulgamlaryny ornaşdyrmak, känleriň gorlaryny takynlamagy we işläp düzmegi taslamak işleri hem-de beýlekiler degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä ähmiýetli ägirt uly nebitgaz serişdelerinden başga-da, gazylyp alynýan peýdaly magdanlara we senagat ähmiýetli suw minerallaryna-da baýdyr.

Türkmenistanyň Döwlet balansynda senagat taýdan özleşdirilmäge taýýarlanan gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň we suw mineral çig malynyň känleriniň 200-den gowragy bar. Olaryň arasynda dürli mineral duzlary, ýod-brom senagat suwlary, selestin, kükürt, bentonit we kaolin palçyklary, ozokerit, barit, gips, örtgi we syrça daşlary, himiýa senagaty üçin karbonat çig maly, dürli gurluşyk serişdelerini öndürmek üçin dürli mineral çig mallary bar.

Gorlaryň hili we mukdary boýunça aýry-aýry görnüşleri dünýä gorlary bilen barabardyr. Diňe selestin magdanlarynda bar bolan stronsiniň tapylan gorlary GDA ýurtlarynyň balans gorlarynyň 85 göteriminden gowrakdyr.

Soňky ýyllaryň geologiýa--gözleg işleriniň barşynda ýüze çykarylan marganes, mis, demir, gurşun, sink, altyn we platinoidler kuwwaty ýurdumyzyň känlerinde bu metallaryň senagat möçberindäki gorlaryny gözläp tapmaga ýokary baha bermäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň ýerleri aýratyn-da dürli mineral duzlarynyň—nahar, kaliý, sulfat we magniý duzlarynyň känlerine baýdyr. GDA ýurtlarynyň kaliý duzlarynyň iri ýataklarynyň ýedisinden ikisi ýurdumyzyň çäginde ýerleşýär.

Iri Garabogazköl ýatagy dünýä belli natriý sulfat känleriniň dördüsiniň biri bolup, bişofitiň we epsomitiň hem uly gorlary bar.

Türkmenistan Merkezi Aziýada ýod-brom senagat suwlarynyň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Öz hili boýunça dünýäniň iri gorlary bilen deňeşdirip boljak bentonitler hakynda aýratyn aýtmak gerek. Ýurdumyz gymmatly we örän seýrek duş gelýän çig malyň-ozokeritiň dünýä möçberindäki gorunyň 40 göterimden gowragyna eýedir.

Türkmenistan himiýa senagaty üçin mineral çig mal boýunça dünýäde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şunda Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby ägirt uly kuwwata eýe bolup, bu ýerde gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň onlarça görnüşi bar. Geologlar bu ýerde kükürt, fosfat, daş duzy, gips känlerini, selestin, ýarym metal, hek we beýleki gazylyp alynýan peýdaly çig mallaryň üstüni açdylar. Olaryň esasynda himiýa önümlerinden başga-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi çalt depginler bilen ösdüriler.

Orta Aziýada iri kaliý dökünleri öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyny gurmagyň taslamasy şu strategiki meýilnamalar bilen gös-göni baglydyr. Ol bir ýylda 1,5 million tonna çenli dökün öndürmäge ukyply Garlyk kaliý duzlarynyň käniniň binýadynda işlär.

Oba hojalygyny özgertmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen baglylykda, köp isleg bildirilýän ýokary hilli mineral dökünlerini, şol sanda kaliý dökünini öndürmek babatda ýurdumyzyň himiýa pudagynyň kuwwatlygyny artdyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň özgertmeler strategiýasy we Diýarymyzyň ägirt uly çig mal serişdeleri bilen şertlendirilendir. Garlyk käni tebigy kaliý duzlarynyň iri ýatagydyr.

Häzir Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda-da halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, bereketli türkmen topragynyň baý serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen bagly uly özgerişlikler bolup geçýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi özgertmek boýunça alyp barýan strategiki ugrunyň baş wezipesidir. Kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygy hem şu wezipäniň çözgüdi bilen gös-göni baglydyr. Käni özleşdirmek hem-de bu ýerde Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýetli desgany— kaliý duzuny çykarýan we baýlaşdyrýan zawody gurmak ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmekde täze sahypany açar.

Mälim bolşy ýaly, täze kärhananyň düýbi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň iýun aýynda tutuldy.

Häzir 100 gektardan gowrak meýdany eýeleýän himiýa senagatynyň geljekki ägirt uly desgasynyň çäginde gurluşyk--gurnama işleri üç iş çalşygynda alnyp barylýar. Gurluşykda baş potratçynyň --“Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hem gurluşykçylary we dürli döwlet hususy kärhanalaryndan bolan ýerli hünärmenler—jemi 1 müň 280-den gowrak adam zähmet çekýär. Olardan 1 müňe golaýy türkmen gurluşykçylarydyr.

Dökün öndürmek boýunça doly kuwwatlylyga çykmak üçin her ýyl 200-den 1000 metre çenli çuňlukda ýerleşen magdanyň 7 million tonnadan gowragyny çykarmak we gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär. Önümli gatlaklary açmak dik guýularyň ikisi bilen amala aşyrylar. Şeýle guýulary gazmak örän çylşyrymly tehnologiki iş bolup, täsin amallaryň birnäçesini öz içine alýar.

Häzir gazylyp alnan magdany çykarmak, käne arassa howa geçirmek üçin niýetlenen birinji guýunyň gurluşygy 200 metrden gowrak çuňluga baryp ýetdi. Adamlary hem-de ýükleri düşürmek we galdyrmak üçin niýetlenen ikinji guýunyň hem gurluşygy şol çuňluga bardy. Guýularyň gurluşygynda ýerasty suwlarynyň uly akymlary ýüze çykaryldy.Tehnologiýa boýunça dik guýularyň daş-töwereginde “baky doňaklyk” döredilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, doňduryjy enjamlaryň goşmaça 31-si oturdylar.

Senagat toplumynyň beýleki desgalarynda—dag-magdan bölüminde, 80 müň tonna çig mal saklamaga niýetlenen magdan ammarynda, ýokary galdyryjy ulaglaryň binasynda, esasy howany tämizleýji zalda, inženerçilik kommunikasiýalaryny, şol sanda içerki eltiji demir ýollaryny çekmekde iş depginleri artýar.

Ägirt uly gurluşygyň dürli düzüm meýdançalaryna getirilýän tehnologiki enjamlar Germaniýadan, Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan dünýä belli önüm öndürijileriň önümleridir.

Garlyk dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurulmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň bilen birlikde, gündogar sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu bolsa adamlaryň täze durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen degişli düzümiň döredilmegini şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň iýunynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde durmuş maksatly täze desgalaryň toplumy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda Geňeşligiň, umumybilim berýän we sport mekdebiniň, medeniýet öýüniň, çagalar bagynyň, hassahananyň, ýaşaýyş jaýlarynyň binalary bar.

Garlyk şäherçesini gurmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, ýene-de täze desgalaryň ençemesiniň gurulýandygyny bellemek gerek. Şäherçäni gazlaşdyrmak üçin uzynlygy 250 kilometrden gowrak bolan ýokary basyşly Bagtyýarlyk-Garlyk gaz geçirijisi çekildi.

Häzir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde dag magdan känlerini senagat taýdan özleşdirmek üçin bu we beýleki maksatnamalary durmuşa geçirmäge oňaýly şertler döredildi. Ozal ulag meselesinde ýüze çykýan kynçylyklar belli bir derejede ösüşi bökdeýärdi. İndi bu mesele çözüldi: Türkmenabat-Atamyrat-Kerkiçi demir ýolunyň çekilmegi hem-de Amyderýanyň üstünden demir ýol köprüsiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bu ýerleri Türkmenistanyň polat ýollarynyň esasy ugurlary bilen baglanyşdyrdy. Bu bolsa ýurdumyzyň iňňän uly ykdysady kuwwaty bolan günorta-gündogar sebitinde özgertmeleri düýpli çaltlaşdyrdy.

Häzirki döwürde Hazaryň himiýa we Balkanabadyň ýod zawodlarynda ýola goýlan ýod-brom senagatynyň geljegi uludyr. Olaryň esasy önümleri bolan ýokary derejedäki arassa tehniki ýod derman serişdelerini, foto serişdelerini, elektronika, sintetiki kauçuk, dürli himiki täsir ediji maddalary öndürmekde giňden ulanylýar. Deňiz ýakasyndaky zawodda öndürilýän kaliý ýodaty Türkmenbaşy şäheriniň demirgazygynda, deňiz kenarynda ýerleşýän, duz gatlaklaryny işläp taýýarlaýan “Guwlyduz” kärhanasyna hem iberilýär. Bu ýerde ýoda baýlaşdyrmak üçin ýörite tehnologiki ulgamlar işe girizildi.

Hazaryň kenarynyň demirgazyk böleginde ýerleşen Garabogazköl aýlagy hem örän özboluşlydyr. Onuň suwlarynda Mendeleýewiň sanawyna girýän elementleriň 60-dan gowragy gabat gelýär. Bu ýeri dünýäde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly duzlaryň tebigy şertlerde senagat möçberinde kristallaşmasy bolup geçýän seýrek ýerleriň biridir. Aýlagdaky baý ýataklary işläp taýýarlamagy “Garabogazsulfat” önümçilik birleşigi amala aşyrýar. Bu birleşigiň önümleri bolan kükürtturşy natriý (natriý sulfaty) we magniý (epsomit), şeýle hem hlor gatyşykly magniý (bişofit) ISO-9001 halkara hil ölçeglerine laýyk gelýändigi barada güwänama mynasyp boldy. Bu önümler önümçiligiň köp pudaklarynda- aýna, kagyz, ýuwujy serişdeler, teletin öndürmekde, metallurgiýa, himiýa, gurluşyk senagatynda hem-de oba hojalygynda ulanylýar.

Türkmenistanyň esasy gazylyp alynýan baýlyklary nebit bilen tebigy gazdyr. Ýurdumyzyň çäkleriniň dörtden üç bölegi nebitiň we gazyň iňňän köp mukdaryny özünde saklaýar.

Türkmenistanyň çäklerinde gaza baý sebitleriň ençemesi bar. Hünärmenler olaryň arasyndan Günbatar Türkmenistan, Merkezi Garagum, Böwrideşik, Türkmenabat, Üňüz aňyrsyndaky Garagum, Murgap, Garabil-Bathyz ýaly ýerleri tapawutlandyrýarlar. Günbatar Türkmenistanda Günbatar Türkmen çöketligindäki neogen gatlaklaryndan nebit bilen bilelikde ugurdaş gaz alynýar.

Tüwergyrda, Uly Balkanda, Köýtendagda daş kömür gatlaklary bar. Tüwergyr kömür käni Günbatar Türkmenistanda, Garabogazdan 60 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýär. Bu ýerde Gapakly, Çaýyrly, Amanbulak, Salakbent, Üçtagan, Çagyl we beýleki onlarça açyk kömür känleri ýerleşýär. Tüwergyryň kömri goňrumtyk reňkde. Şeýle kömür ýura eýýamynyň gatlaklarynda duşýar hem-de 0,3-den 2 metre çenli galyňlykda bolýar. Geçirilen buraw işleri Gyzylgaýa we Çagyl obalarynyň arasynda 10 metre çenli galyňlykdaky kömür gatlagynyň bardygyny ýüze çykardy. Tüwergyr kömür käniniň gorlary 2 milliard tonna golaý diýlip çaklanylýar.

Tüwergyrda, Köýtendagda we käbir beýleki ýerlerde paleogen gatlaklarynda marganesiň birleşmeleri tapyldy. Köýtendagda ýura eýýamynyň hekli çökündilerinde gurşunyň we sinkiň gatlaklary büdür-südür we oýuk görnüşde ýüze çykaryldy. Köýtendagda mezozoý eýýamynyň çökündi jynslarynda mis magdany hem gabat gelýär. Günbatar Köýtendagda barit gorlarynyň barlygy anyklanyldy. Käbir ýataklardaky baritiň düzüminde gurşun bilen sink bar.

Soňky geçirilen barlaglar simap almakda çig mal bolup hyzmat edýän kinowar maddasynyň ýataklarynyň 200 töweregini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Simap minerallary Köýtendagda, Uly Balkan daglarynda duşýar. Köpetdagyň käbir ýerlerinde witerit we flýuorit ýüze çykaryldy.

Ýer ýüzünde iň köp duşýan himiki madda alýuminiý hasaplanylýar. Ony esasan boksit magdanyndan alýarlar. Türkmenistanda boksit Tüwergyrda gabat gelýär. Ol ýura eýýamynyň toýunly-çägeli çökündilerinde duşýar.

Türkmenistanda gymmat baha daşlardan ýaşma, halsedon, oniks gabat gelýär. Ýaşma dürli reňkli bolup, jaýlaryň içki bezeginde ulanylýar. Ol Tüwergyrda bar, şol ýerde halsedonyň hem dürli görnüşleri duşýar. Şeýle hem halsedon Uly Balkan daglarynda gabat gelýär.

Türkmenistanda duş gelýän gymmat baha daşlaryň arasynda iň owadany mermer görnüşli oniksdir. Gadym döwürden bäri ony şaý-sep ýasamakda ulanypdyrlar. Oniksiň esasy gorlary Köýtendagyň karst gowaklarynda jemlenendir. Şeýle hem ol Köpetdagda gabat gelýär.

Görşümiz ýaly, Türkmenistan ýerasty we ýerüsti gazylyp alynýan peýdaly dag-magdan baýlyklarynyň ummasyz gorlaryna eýedir. Senagat ähmiýetli täze känleriň açylmagy olary işläp taýýarlamak üçin kuwwatlyklary döretmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Bu bolsa ýurdumyzyň himiýa senagaty kärhanalarynyň ösüşini üpjün eder. Önümçilikde täze tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirilýän özgertmeler we ylmyň gazananlary, şeýle hem şu ugurdaky enjamlara bildirilýän ähli talaplara jogap berýän täze önümçilik kuwwatlyklary bu ösüşiň düzüm esasy bolup durýar.

Himiýa senagaty üçin çig malyň mukdary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmen döwleti ajaýyp tebigy baýlyklary toplumlaýyn özleşdirmäge ileri tutulýan wezipe hökmünde garaýar. Bu bolsa öz gezeginde milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudagy bolan himiýa senagatynyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda birnäçe wezipeleri ýüze çykarýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ylym ulgamynda gysga wagtda möhüm düzüm üýtgetmeleri amala aşyryldy. Täze ylmy-barlag institutlaryň birnäçesi döredildi, dünýäniň ylmy-tehniki enjamlaryny öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezi açyldy. Ýurdumyzyň döwrebaplaşdyrylan ylym ulgamy indi doly güýjünde işleýär. Ylmy-barlag institutlarynda döwrüň wajyp meseleleri boýunça maksatlaýyn işler yzygiderli ýerine ýetirilýär. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işjeň ulanylýar.

Himiýa institutynda ýoduň, bromyň we beýleki seýrek duş gelýän elementleriň birleşmelerini ýüze çykarmagyň ylmy esaslary öwrenildi. Bu bolsa ýodlaşdyrylan we bromlaşdyrylan suwlary toplumlaýyn işläp taýýarlamagyň tehnologiýasyny önümçilige ornaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Halk hojalygy üçin zerur bolan ýerli maddalaryň sintezi boýunça düýpli barlaglaryň netijesinde, natriý sulfatynyň tebigy şertlerde kristallaşmagynyň bolup geçýän ýeri bolan dünýäniň iň täsin künjekleriniň biri Garabogazkölüň baýlyklaryny toplumlaýyn işläp taýýarlamagyň täze tehnologiýasy işlenip taýýarlanyldy. Alymlar mineral dökünleri, melioratlary, biostimulýatorlary öndürmegiň täze tehnologiýalaryny, Türkmenistanyň fosfor magdanlaryny baýlaşdyrmagyň tehnologiýasyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar.

Institutyň işgärleri Türkmenistanyň täze ýataklaryndan alynýan nebitiň, gazyň we gaz kondensatynyň himiki düzümlerini öwrenip, alnan netijeler boýunça olary täzeden işlemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirdiler. Bu bolsa alynýan önümiň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam berdi. Şeýle hem alymlara nebitgazy gaýtadan işleýän zawodlaryň senagat galyndylaryny täzeden işlemegiň mümkinçiliklerini we geljekde olaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny ylmy taýdan esaslandyrmak başartdy.

Ýurdumyzda duşýan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň onlarça görnüşi, şol sanda suw mineral we mineral baýlyklar, kaliý we natriý duzlary, kükürt, hek, dürli metallar, gymmat bahaly daşlar, uglewodorod baýlyklarynyň ägirt uly gorlary agrosenagat toplumy üçin diýseň zerur bolan azot, fosfor, kaliý dökünleriniň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem Türkmenistan gün energiýasyna we düzüminde ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny almaga mümkinçilik berýän enjamy döretmek üçin zerur bolan kremniý düzümli çägä baý döwlet hökmünde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu babatda dünýä energetikasynyň geljegi üçin möhüm ähmiýetli bolan, örän ýokary hilli kremnini almagyň täzeçil tilsimatlaryny işläp düzmek we barlaglary geçirmek boýunça türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi uludyr.

Bu giň göwrümli meýilnamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyz gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary almakda, gaýtadan işlemekde we daşamakda daşky gurşawa zyýan ýetirmezlik barada hukuk esaslaryny işläp taýýarlamagyň tarapdarydyr. Türkmenistan ekologiýa meselesinde täze teklipleri we başlangyçlary öňe sürmek bilen, halkara derejesinde peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillerini beýan edýär.

Bu hyzmatdaşlyga milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugry üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak wezipesini amala aşyrýan Halkara nebit we gaz uniwersiteti mynasyp goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdebinde “Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek” hünäriniň açylmagynyň ýurdumyz üçin hem, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän “açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Türkmen döwleti bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk etmek isleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin hem geljegi uludyr .

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter