Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary | TDH
Jemgyýet

Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary

опубликованно 28.07.2015 // 1171 - просмотров
 

3. Radioelektron ulgamlary we toplumlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-sini, şol sanda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” hünärini açmak barada çözgüt kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen täzeçillik ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze tilsimatlarynyň we radioelektron ulgamlarynyň hem-de toplumlarynyň esasynda döwrebap telearagatnaşyklar düzüminiň dördeilýändigini bellemelidiris.

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk düzümini kämilleşdirmek üçin ilkinji milli aragatnaşyk hemrasy älem giňişligine çykaryldy. Ol ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlarynyň we Internetiň, telewideniýäniň ösüşini çaltlandyrmaga, beýleki döwlet maksatnamalarynyň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmelidir.

Täzeçil tilsimatlary işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bu ulgamda göz öňünde tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň aýrylmaz şertidir. Ýurdumyzda telearagatnaşyklar düzümi üçin hünärmenleri taýýarlamak wezipesi Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň üstüne ýüklenildi.

Telearagatnaşygyň ösüşini hem-de bu pudakda hünärmenlere bildirilýän talaplary nazara almak bilen, täze okuw ýylyndan Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň aragatnaşyk bölüminde täze “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” hünäri açylar.

Geljekki hünärmenleriň hünär işi radioelektron ulgamlar we toplumlar, hemra aragatnaşygy, hemra aragatnaşyk ulgamlaryny taslamagyň hem-de düzmegiň usullary we serişdeleri, olary tehniki taýdan ulanmak bilen baglanyşykly bolar.

Hususan-da, “Radoelektron ulgamlary we toplumlary” hünärini ele alan uçurymlar şu aşakdaky hünär tälimlerine we bilimlerine eýe bolarlar:

-kosmos radiotehniki toplumlaryny döretmegiň we işletmegiň umumy ýörelgeleri;

-kosmos toplumlarynyň radioelektron ulgamlarynyň düzümleýin usullaryny işläp taýýarlamak;

-kosmos toplumlarynyň radioelektron ulgamlarynyň netijeli usullaryny ulanmak;

-kosmos toplumlarynyň maksatlaryna hem-de bildirilýän tehniki talaplara laýyk gelýän kosmos toplumlarynyň radioelektron ulgamlarynyň böleklerini döretmek;

-kosmos toplumlarynyň radioelektron ulgamlarynyň hem-de hemra aragatnaşyk ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çözgütleri kabul etmek;

-kosmos toplumlarynyň radioelektron ulgamlarynyň we hemra aragatnaşyk ulgamlarynyň işlenilişiniň hil görkezijilerine baha bermek hem-de beýleki tälimler.

Geljekki hünärmenlere alan bilimlerini hemra aragatnaşyk ulgamlaryny, dürli maksatly radiolokasion, radionawigasion we radiomonitoring ulgamlarynyň ulanylyşy bilen baglanyşykly guramalarda hem-de kärhanalarda, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde hem-de beýleki kärhanalarda netijeli ulanarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halkara ölçegleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän hem-de maglumat alyşmagyň ýokary hilini üpjün edýän telearagatnaşyk ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň bütin dünýädäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär we diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde wajyp baglanyşdyryjy merkez hökmünde däl, eýsem, Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde hem türkmen döwletiniň mundan beýläkki ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýär.

Häzirki wagtda pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, iň öňdebaryjy enjamlaryň we täzelikleriň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda köp şahaly aragatnaşyk, tele we radio ulgamy üstünlikli işleýär, maglumatlar serişdeleriniň terminaly işlenip taýýarlanylýar, elektron resminamalar dolanyşygy yzygiderli ornaşdyrylýar.

Telefon beketleriniň ösen we awtomatlaşdyrylan ulgamy, şol sanda sanly ulgam ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny, giň zolakly Internete birikmek hem-de maglumatlary bermek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. “Altyn asyr” milli öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderileriniň sany barha artýar. Döwletara telefon aragatnaşygyny giňeltmek maksady bilen, halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işi dowam etdirilýär.

Ýokary tizlikli Internete geçmek, LTE tilsimatlarynyň binýadynda ykjam aragatnaşygyň iň soňky 4G nesline goşulmak boýunça işler çalt depginde alnyp barylýar. Türkmen paýtagtynda we Türkmenbaşy şäherinde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda simsiz Wi-Fi aragatnaşyk ulgamy ornaşdyrylýar. Okuw-bilim edaralaryny Internet ulgamyna köpçülikleýin birikdirmek, olary okatmagyň multimediýa we interaktiw serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça işler ýokary depginde dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlarynyň ulanylmagy ykdysadyýetiň, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň we döwlet durmuşynyňy beýleki ulgamlarynyň täzeçil ösüşine esaslanýan Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedir. “TürkmenÄlem 52oE” milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy munuň üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bu aragatnaşyk hemrasy ösüşiň hakyky kosmos tizliginiň we giň möçberli özgertmeleriň, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalaryň giň gerimliliginiň, milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendiginiň nyşanyna öwrüldi.

Senagat we ylmy-intellektual kuwwatyň gazanylan ýokary derejesi Türkmenistana ýurdumyzy çalt depgiler bilen senagatlaşdyrmak, şol sanda aragatnaşyk serişdelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi halk hojalyk toplumynyň we ilatymyzyň döwrebap aragatnaşyk ulgamlaryna bolan islegleriniň doly kanagatlandyrmagyny şertlendirer.

Köp maksatly milli emeli aragatnaşyk hemrasy ýurdumyzda älem giňişligini öwrenmek boýunça geçirilýän işleri kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge ýardam eder, tejribe ähmiýetli ylymlar ulgamynda täze taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Öň aragatnaşyk hyzmatlary elýeterli bolmadyk ilatly ýerler şol hyzmatlar bilen doly derejede üpjün ediler.

Bu aragatnaşyk ulgamynyň ulanylmagy uzak aralykdan okatmagy hem-de lukmançylygy guramak, nebit we gaz geçiriji desgalara tehniki taýdan gözegçiligi amala aşyrmak, maglumatlary geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açar. Aragatnaşyk hemrasynyň ulanylmagy tutuş ýurdumyzy ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmäge kuwwatly itergi berer, ýokary takyklyk esasynda sanly telegepleşikleri has ýokary hilli alyp görkezmäge ýardam eder.

Aragatnaşyk hemrasy iň alysdaky ilatly ýerleri hem gurşap alyp, milli aragatnaşyk we dolandyryş ulgamyny döretmek üçin möhüm ugra öwrüler. Mundan başga-da, hemra aragatnaşygy Türkmenistanda älem giňişligi bilen baglanyşykly ylmy-barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam eder, ýurdumyzyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.

Türkmenistan üçin täze pudagyň – kosmos pudagynyň döredilmegi 2015-2016-njy okuw ýylyndan başlap, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň aragatnaşyk bölüminde “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” hünärini açmak üçin esasy şertleriň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kosmos pudagyna ýokary hünärli işgärleri çekmek wezipesine aýratyn üns bermegi netijesinde, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymlary emeli hemrany dolandyrmagyň ýerüsti merkeziniň hünärmenleri boldular, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan işgärleri – fizikler, matematikler, mehanikler, aragatnaşykçylar, awiatorlar we programmaçylar bolsa daşary ýurtlarda degişli merkezleriň kärhanalarynda ýörite taýýarlyk okuwlaryny geçdiler. Ýerüsti gözegçilik ediş stansiýalaryndan kosmos orbital enjamyny dolandyrmak we oňa gözegçiligi üpjün etmek boýunça tehniki işgärler hem taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, bu hünärmenler halk hojalyk toplumynyň her bir pudagynda işlär, çünki, elektron ulgamy milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda hereket eder. Munuň özi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler bilen baglylykda, göz öňünde tutulýan ägirt uly meýilnamalar bilen şertlendirilendir. Şol özgertmeler bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap aldy. Aragatnaşyk bolsa ykdysadyýetimiziň möhüm ugrudyr.

Ýurdumyzyň ähli ýerleri iň döwrebap optiki-süýümli ulgamlar bilen gurşalyp alyndy. Ýerli telefon belgileriniň sanynyň artdyrylmagy halkara we şäherara aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sanynyň köpelmegine oňyn täsirini ýetirdi. Türkmenistanyň çäginden Trans-Aziýa-Ýewropa optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň 708 kilometrlik böleginiň geçýändigi hem uly ähmiýete eýedir. Hytaýyň Urumçi şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli onuň umumy uzynlygy 27 müň kilometre barabardyr. Döwrebap optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy paýtagtymyzy ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen baglanyşdyrýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 19-njy iýunynda bolan mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” Internet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada, hususan-da, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Gazagystan, Beýik Britaniýa, Russiýa we Türkiýe ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň kärendesine birleşdirilendigi habar berildi. Ministrligiň hünärmenleri tarapyndan Eýran Yslam Respublikasy ugry boýunça Internet akymyny kärendä almak üçin taslama işlenip düzüldi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Internet akymynyň tizliginiň artmagyna, optiki –magistral ugurlaryny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tilsimatlary ulanmagyň aýratyn wajypdygyny nygtap, ýolbaşçylardan ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna döwrebap elektron resminama dolanyşyk ulgamyny ornaşdyrmagy yzygiderli talap edýär. Ol döwlet dolandyryşy ulgamynda işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir. Elektron maglumatlar ulgamyny döretmek, resminamalar bilen dürli amallary ýetirmek bilen birlikde, bu ulgamyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem gönüden-göni monitorda elektron gol çekmek çäresini amala aşyrmak, ses arkaly tabşyryklary bermek ýa-da olary ykjam telefon arkaly çalt ugratmak mümkinçiligi bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, döwlet häkimiýet edaralarynyň derejesinde maglumatlary bermek we toplamak ulgamy döredildi, optiki-süýümli ulgamlar çekildi. Munuň özi döwlet düzümleriniň elektron iş dolandyryşyna yzygiderli geçmegi boýunça anyk ädimleriň aýdyň mysaly boldy.

Telearagatnaşyklar ulgamynda ýokary tilsimatly ulgamlaryň bolmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertidir. Munuň özi bu pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň we oňa iň täze tehnikalaryň, enjamlaryň hem-de täzeçil tilsimatlaryň giňden çekilmeginiň zerurlygyny şertlendirýär.

Şu ýylyň 20-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Halkara okuw-ylmy merkeziň açylyş dabarasynyň barşynda bu tilsimatlary ulanmagyň bir ugurlarynyň aýdyň mysaly görkezildi. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk iň täze enjamlary ornaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow multimediýa zalyna baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bu enjamlar bolsa telelukmançylygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam berýär.

Bu ýerde teleköpriniň kömegi arkaly “on-laýn” ýagdaýynda okuw sapaklaryny, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda maslahatlary we beýleki çäreleri guramak üçin şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz multimediýa zalynyň işi bilen tanşyp, okuw derslerini geçirmegiň barşynda daşary ýurtlaryň ylmy we kliniki merkezleri bilen geljekde okuw maslahatlaryny, geňeşmeleri, tejriba alyşmalary geçmek üçin göni wideo aragatnaşygy peýdalanmak mümkinçiligine ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz “TürkmenÄlem52oE” milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen halkara derejesinde geçirilýän teleköprüleriň guralmagyna giň mümkinçilikleriň açylandygyny belläp, şu ýerde milli emeli hemra arkaly häzirki zaman telearagatnaşyk tilsimatlarynyň üsti bilen tejribe sapaklaryny, ylmy alyşmalaryny ýola goýmak boýunça ýörite maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz nemes hünärmenlerine ýüzlenip, hemra aragatnaşygyny ulanmak arkaly bilelikdäki ylmy-barlaglary ýola goýmagyň, möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de teleköpriniň üsti bilen ylmy we maglumatlar alyşmagyň ähmiýetini nygtady.

Mundan başga-da, ýurdumyzda Internet ulgamynyň we häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy babatda ähli şertler döredilýär, telearagatnaşygyň okgunly ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär, Internete ýokary tizlikde girmegi üpjün edýän simsiz aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek boýunça ýokary depginli işler alnyp barylýar.

Hususan-da, Aşgabat şäherinde açylan “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde ulanyjylaryň Wi-Fi ulgamyna birikmeginiň mümkinçilikleri artdyrylýar. Bu söwda merkezi sebitde iň iri söwda we dynç alyş merkezleriniň biridir. “Aşgabat” seýilgähiniň çäginde Wi-Fi ýokary tizlikli ulgamyň elýeterli bolmagy üçin enjamlary gurnamak işleri alnyp barylýar. Bu seýilgäh aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça seýilgähiň durky doly täzelenip, täze keşbe eýe boldy.

Türkmen paýtagtynda Wi-Fi ulgamlaryny kemala getirmek işine geçen ýylyň sentýabr aýynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2014” atly VIII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öňüsyrasynda badalga berildi. Şu geçen döwrüň içinde “Ylham” seýilgähi, Tmsell öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň operatory “Altyn asyr” kompaniýasynyň merkezi edara binasy, paýtagtymyzdaky demir ýol wem halkara awtomobil menzilleri, Aşgabadyň Halkara howa menzili Wi-Fi ulgamlary bilen gurşalyp alyndy. Şeýle hyzmatlar beýleki dynç alyş merkezlerinde we aragatnaşyk bölümlerinde hem hödürlenilýär.

“Türkmentelekomyň” Wi-Fi ulgamynda bellige alnan ulanyjylaryň sany müňlerçedir. Bu görkezijiler günsaýyn artýar, paýtagtymyzdaky “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi bolsa ulgamdan peýdalanyjylaryň iň meşhur ýerleriniň birine öwrüldi. Şol ýerde bir gije-gündiziň dowamynda bu ulgama girýänleriň sany ýüzden geçýär.

Ýokary tizlikli Wi-Fi ulgamlaryny döretmek üçin zerur bolan tehnologiki zynjyry gurnamak boýunça işler "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalarynda we beýleki iri desgalarynda hem alnyp barylýar. Geljekde şeýle ulgamlar ýurdumyzyň “Arçman”, “Mollagara”, “Baýramaly” şypahanalarynda we beýleki ýerlerinde hem dörediler.

Täzeçil esasda elektron pudagy döretmek we ösdürmek, bäsdeşlige ukyply, ösen tilsimatlar, ekologiýa taýdan arassa elektron hem-de elektrotehniki senagaty, beýleki pudaklary, degişli düzümleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karara gol çekendigini bellemelidiris. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmagyň 2016-2020-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän zamanydyr. Şoňa görä-de, häzirki jemgyýetiň durmuşyny telearagatnaşyksyz göz öňünde getirmek mümkin däldir. XXI asyr örän ýokary tizlikleriň we ägirt uly maglumatlar akymlarynyň döwrüdir. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk ulgamlarynyň häzirki zaman maglumatlar giňişligine has işjeň ornaşýandygyny bellemelildiris.

Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň möçberli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynyň hem-de oýlanyşykly daşary syýasatyň üsütnlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşyp, milli aragatnaşyk hemra ulgamyny ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymy, tutuş dünýä boýunça parahatçylyk, dostluk we agzybirlik köprülerini gurýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter