Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary | TDH
Jemgyýet

Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary

опубликованно 27.07.2015 // 1426 - просмотров
 

2. Ykdysady kibernetika

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärleriň 8-sini, şol sanda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysady kibernetika” hünärini açmak hakynda Karara gol çekdi. Bu hünär boýunça işgärleri taýýarlamak barada milli Liderimiziň başlangyjy döwlet ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçe pikirlenýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeler bilen kesgitlenip, olar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp we dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyryp täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolmalydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda ilatyň abadançylygyny we durnuklylygyň saklanmagyny üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan döwlet syýasaty köp ugurly ykdysady we serişdeler kuwwaty bilen bilelikde milli, şeýle hem halkara ähmiýetli ägirt uly wezipeleri çözmäge hem-de ähli pudaklarda täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Bir wagt oba hojalygyna ýöriteleşdirilen ýurdumyz bu gün çalt depginler bilen ösýän senagat – innowasion kuwwatlyklary bolan senagat döwletine öwrülip, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny ileri tutýar. Elektron senagatyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümleri öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça täze döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Milli ykdysadyýetimizi ösüşiň innowasion ýoluna geçirmek boýunça Prezident maksatnamasynda kesgitlenen ägirt uly wezipeler bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagy, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny giňden ulanmagy talap edýär. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Esasy hünärler boýunça işgärleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak, jemgyýetiň we önümçiligiň möhüm we geljegi uly bolan islegine laýyklykda düýpli we amaly barlaglaryň möçberini artdyrmak möhüm şert bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak we olary ykdysadyýetde netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmak döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Täze tehnologiýalaryň bu gün dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasyny düzmegini nazara almak bilen, Türkmenistan bu ugurda yzygiderli işleri geçirýär.

Ýokary tehnologiýalar ulgamynda ýöriteleşdirilen ylmy-barlag edaralar döredilýär. Bu babatda Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine uly orun degişli bolup, onuň esasy wezipeleriniň biri ylmy işleri önümçilige giňden ornaşdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Bularyň hemmesi türkmen ykdysadyýetiniň täze döwre, IT-tehnologiýalary döwrüne gadam basýandygyna şaýatlyk edýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de okgunly ösmegi, ykdysady ösüşiň ýokary depginleriniň saklanmagy üçin diňe ykdysady we dolandyryş bilimlerine däl-de, eýsem, kompýuter ulgamlary we ýokary derejeli programma üpjünçiligi bilen işlemek endiklerine eýe bolan hünärmenler zerur bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde köp kärhanalaryň işi maglumat beriş ulgamlarynyň esasynda alnyp barylýar. Olar önümçiligiň hasaba alyş, meýilleşdiriş we ösüş netijeliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, has netijeli dolandyryş—maýa goýum çözgütlerini kabul etmäge ýardam edýär. Halk hojalygyny, onuň aýry-aýry pudaklaryny, senagat toplumlaryny, kärhanalaryny dolandyrmagy amatlaşdyrmagyň wezipeleri ykdysady kibernetikanyň ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, maliýe we gazna bazary babatda dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga, innowasion we maýa goýum işleriniň, pul-karz amallarynyň töwekgelçiligine baha bermäge ukyply hünärmenlere zerurlyk ýüze çykýar.

Şony nazara almak bilen, ýurdumyzda soňky ýyllarda bilimlere, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyna esaslanan ykdysadyýetiň we jemgyýetiň kemala gelmeginiň hereketlendiriji güýji hökmünde ýokary mekdebiň ösmegine tapgyrlaýyn geçmek işi amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipesini çözmek üçin döwlet serişdeleriniň uly bölegi innowasion ykdysadyýetiň esaslary hökmünde bilimi ösdürmäge gönükdirilýär.

“Ykdysady kibernetika” ugruny girizmegiň maksadalaýyklygy ozaly bilen häzirki şertlerde ykdysadyýeti, önümçilik işini dolandyryş babatda kibernetikanyň gazananlaryny netijeli ulanmagyň uly üstünlikleri üpjün edýändigi bilen şertlendirilendir. Galyberse-de, täze hünäriň açylmagy maglumat-kompýuter dolandyryş ulgamlarynyň ulanylmagy we ykdysady işleriň seljermesi babatda ýokary hünärli işgärleri taýýarlmagyň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Ykdysady kibernetika—bu üç ugruň: ykdysadyýetiň, matematikanyň we informatikanyň ýygnamydyr. Hünärmen-kibernetik ykdysady işleriň seljermesini we çaklamasyny maglumat tehnologiýalarynyň we matematiki nusgalaryň esasynda geçirýär. Şeýlelikde, matematika we informatika möhüm gurallar hökmünde çykyş edýär, olaryň kömegi bilen öňde goýlan maksada—ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşiniň, halkyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň döwrebap nusgasyny döretmegi üpjün etmek maksadyna ýetilýär.

Ykdysady kibernetika ylmy tehniki-ösüşiň beýleki ugurlary bilen özara gatnaşykda bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, şeýle hem onuň esasy ugurlarynyň netijeli işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwrüň şertlerinde bu ugurda hünärmenler ençeme pudaklaryň işinde zerur bolup durýar. Şol pudaklarda dolandyryş-maliýe häsiýetli çözgütleriň kompýuter goldawy giňden ulanylýar.

Ykdysady kibernetika boýunça hünärmenleri taýýarlamak matematika we ykdysady bilimiň kompýuter-maglumat usullaryny we tehnologiýalaryny düýpli öwrenmek bilen utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bu ulgamyň hünärmenleri täze maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen ykdysady ýagdaýlary seljermegiň we çaklamagyň döwrebap matematika usullaryna eýe bolmalydyr, ýkdysady desgalaryny kompýuterleşdirmek boýunça işleri guramagy başlarmalydyr.

“Ykdysady kibernetika” hünäri boýunça sapak beriljek talyplar makro we mikro ykdysadyýet buhgalter hasaby, maliýe serişdelerini dolandyryş, menejment we marketing, şeýle hem beýleki guramaçylyk-ykdysady sapaklar boýunça okuwlaryň netijeli kabul edilmegine üpjün edýän binýatlyk taýýarlygyna eýe bolarlar. Ykdysady – matematik usullaryna hünär taýdan eýe bolmak endikleri ýaş hünärmenlere önümçilik-hojalyk, maliýe, söwda işleriniň dürli ugurlarynda çözgütleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge zerur bolan goşandy goşmaga mümkinçilik berer.

Umuman, täze “ Ykdysady kibernetika” hünäriniň girizilmegi—bu ýokary hünärli işgärleri— täze döwrüň hünärmenlerini taýýarlamak işinde nobatdaky uly ädim bolup, olaryň öňünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze pikirlerini üstünlikli durmuşa geçirmek wezipesi durýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter