Aşgabatda halkara guramalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli maslahat geçirildi | TDH
Jemgyýet

Aşgabatda halkara guramalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli maslahat geçirildi

опубликованно 22.07.2015 // 891 - просмотров
 

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça ýokary derejeli milli strategiki maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe we ” Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu maslahat köp adam ýygnady. Olaryň arasynda, şu gün Aşgabatda öz işini jemlän “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn gelejegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş maslahatynyň wekilleri bar. Bu günki maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata BMG-niň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Çagalar gaznasynyň, UNISEF-iň we beýleki iýmitlenmek meseleleri boýunça pudagara komitetleriniň düzümine girýän guramalaryň, şeýle hem Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Gazagystan Respublikaksynyň Iýmit akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmäge degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň öňünde duran uzakmöhletleýin wezipeler hem-de Türkmenistanyň sagdyn iýmitlenmek barada durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek babatdaky wezipeler kesgitlenildi. Maslazata gatnaşyjylara bu meseläni öwrenmegiň usuly binýady boýunça maglumat-seljeriş materiallary hödürlendi. Şeýle hem hünärmenleriň çykyşlarynda 2025-nji ýyla çenli iýmit meselesi boýunça degişli maksatnamalary, şol sanda öňde durýan maksatlara ýetmegiň dürli ýollaryny öz içine alýan taslamalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça milli hem-de daşary ýurtlaryň tejribeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigini belläp, çykyş edenler häzirki döwürde sagdyn iýmitlenmegiň we azyk önümleriň howpsuzlygynyň, milletiň sagdynlyk derejesini we onuň durmuş hilini, ýaşaýyş dowamlylygyny, zähmet we durmuş işjeňligini öz içine alýan meseleleriň wajypdygyny nygtadylar. Iýmitlenmek ykdysady ösüşiň we durmuş ulgamynyň köp sanly ugurlary bilen utgaşýan düşünjedir.

Bu meseläniň çözgüdine möhüm ähmiýetli wezipe hökmünde garalýar. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasatyň maksady ilatyň sagdynlygyny saklamak we berkitmek, keselleriň öňüni almak, şeýle hem sagdyn iýmitlenmegi ýola goýmak bolup durýar. Sagdyn iýmitlenmek syýasatynyň durmuşa geçirilmegi – munuň özi, ilkinji nobatda, azyk bolçulygynyň, onuň ýokary hiliniň üpjün edilmegidir.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara wekilçilikli maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çuňňur manyly çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň ilatynyň kada laýyk we dürs iýmitlenmek kadalarynyň durmuşa geçirilmeginiň alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Raýatlaryň sagdyn iýmitlenmegi hakyndaky alada döwletiň borjy bolup durýar, çünki islendik ýurduň yzygiderli durmuş-ykdysady taýdan ösüşi milletiň saglygy bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanda bu ugurda giň möçberli işler alnyp barylýar. Zerur möçberdäki azyk serişdelerini we önümlerini öndürýän önümçiligiň ykdysady, kanunçylyk we maddy binýadynyň kemala getirilmegi, olaryň ilat üçin elýeterli bolmagy, şeýle hem azyk önümleriniň ýokary hilli hem-de howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz ilatyň sagdyn iýmitlenmegi bilen baglanyşykly ugurda uly üstünliklere eýe boldy. Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir ykdysady taýdan durnukly ýurt hökmünde däl, eýsem azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde ykrar edildi. Şunlukda häzirki zaman tehnologik serişdeleriň, peýdaly serişdeler bilen baýlaşdyrylan täze azyk önümlerini ornaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň we azyk senagatynyň ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ägirt uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanda öndürilýän azyk önümlerine ýokary hiliň mahsus bolmagy, olarda himiki serişdeleriň bolmazlygy hem-de ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy olaryň häsiýetli aýratynlygydyr.

Şeýle hem duzy ýodlaşdyrmak, uny demir we foli kislotasy bilen baýlaşdyrmak ýoly bilen keselleriň öňüni almak boýunça giň möçberli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemeli. Munuň özi oňyn netijeleri berýär.

Ýurdumyzda öndürilen önümleriň köp sanly halkara sergilerinde birnäçe gezek ýokary baýraga eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu günler “EKSPO-2015” ady bilen Italliýada geçirilýän wekilçilikli forumda Türkmenistanyň milli bölüminde görkezilýän önümler ýurdumyzyň tiutuş dünýäde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sagdyn iýmitlenmek meseleleriniň oňyn çözülmegine önjeýli goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Guralýan döwlet çäreleriniň hatarynda keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek we höweslendirmek üçin zerur şertleriň döredilmegi, sagdyn iýmitlenmek babatdaky jemgyýetçilik medeniýetini has kämil derejä çykarmak ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen “2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmek baradaky Milli maksatnamasynyň” tassyk edilmegi bu ugurdaky möhüm ädimi alamatlandyrdy.

Şeýle hem ýokarda agzalan Milli maksatnama laýyklykda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Pudagara utgaşdyryjy komiteti döredildi. Onuň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri girýär. Bu düzümiň mejlislerinde azyk önümleriniň ýokary hil derejesiniň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sagdyn iýmitlenmek meselelerinde we bu ulgamdaky beýleki meseleleriň çözgüdinde ilatyň maglumat bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu ulgamda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ilatyň dürli gatlaklarynyň sagdyn iýmitlenmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işlerde lukmançylyk ylmynyň talaplaryna laýyklykda ilatyň däp-dessurlary, ykdysady ýagdaýy nazarda tutulýar. Jemgyýetde sagdyn iýmitlenmegi wagyz etmek bu maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Degişli Pudagara meýilnama laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giň möçberli wagyz-nesihat çäreleri alnyp barylýar. Şeýle hem kärhanalarda, okuw jaýlarynda we beýleki ýerlerde ýörite duşuşyklar guralýar.

Bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş, durmuş- lukmançylyk, arassaçylyk, keselleriň öňüni alyş we beýleki çäreleriň kabul edilmegine gönükdirilen kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”, “Agyz suwy hakynda”, “Türkmenistanda azyk önümleriniň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sanitar gözegçiligini kämilleşdirmek hakynda” Kanunlar we beýlekiler kabul edildi. Bellenilişi ýaly, azyk önümlerine döwlet gözegçiligi, olary hasaba almak we sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy we usuly resminamalar umumy ykrar edilen halkara ülňülerine laýyk getirildi.

Azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, sagdyn iýmitlenmek we ekologiýa kadalaryna laýyklykda azyk önümçiligine goldaw bermek beýleki bir möhüm ugur bolup durýar. Şunuň ýaly talaplar diňe bir ýurdumyzyň önüm öndürijilerine däl, eýsem Türkmenistana getirilýän azyk önümlerine hem bildirilýär. Ýurdumyzyň bazarlaryna hili pes azyk önümleriniň getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen gözegçiligiň bir bitewi ulgamy döredildi. Gözegçilik, önümçilik, pudaklaýyn we döwlet derejelerinde amala aşyrylýar.

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde azyk önümleri ulgamyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek, olaryň hiline we howpsuzlygyna degişli gözegçiligi ýola goýmakda kapnunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan 2013-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Alementarius Kodeksiniň Komissiýasynyň agzalygyna girdi. Halkara düzümleri bilen ýygjam hyzmatdaşlykda ýurdumyzda saglygy gopaýyş ulgamynda birnäçe maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär.

Milli maksatnamanyň kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň hünärmenleri Türkmenistanyň tebigy-howa şertlerini göz öňünde tutup, sagdyn iiýmitlenmek meseleleri ulgamynda ylmy işläp taýýarlamalary we barlaglary amala aşyrýarlar.

Çagalaryň sagdyn iýmitlenmegi bilen baglanyşykly bejeriş-öňüni alyş çärelerinde oňyn meýiller äşgär duýulýar. Umumy bilim berýjn mekdeplerde, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda sagdyn iýmitlenmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň barşynda häzirki zaman ylym maglumatlara laýyklykda çaga iýmitiniň kadalary kämilleşdirildi.

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmek maksatnamasynyň, şeýle hem “Çaga mähirli garaýan saglyk öýi baradaky başlangyçlara”, “Ene süýdüniň ornuna ulanylýan zatlary ýerlemek boýunça halkara düzgünleriň ýygyndysyna” hem-de “Çaganyň emdirilmegini goramak we wagyz etmek hem-de çaga iýmitine degişli talaplar hakyndaky” Kanuna aýratyn ähmiýet berilýär. Çagalary irki döwürde iýmitlendirmek, şol sanda ýörite bejeriş iýmitlerini öndürmek boýunça ýurdumyzda önümçilik ulgamy ýola goýuldy.

Adamyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça maşgala lukmanlary üçin usuly gollanmanyň işlenip taýýarlanmagy möhüm tapgyr bolup durýar. Baýlaşdyrylan azyk önümleriniň dolanyşygyna yzygilderli gözegçiligi geçirmek üçin statistik hasabatyň döwlet ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen döwlet statistik hasabat resminamalary taýýarlandy.

Halkara saglygy goraýyş ulgamyny, şol sanda ilatyň sagdyn iýmitlenmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň goşandyny bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar öňdebaryjy halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdynlygyň we adamlaryň abadançylygynyň ählumumy derejede üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýar.

Pikir alyşmalaryň barşynda oňa gatnaşyjylar lukmançylyk ylmynyň ösüşini, saglygy goraýyş ulgamyny, şol sanda ilatyň sagdyn iýmitlenmegini kämilleşdirmekde tejribe alyşmalary şertlendirýän netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi barada aýtdylar. Ýygnananlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny bellediler.

Halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ilatyň sagdyn iýmitlenmegi bilen baglanyşykly möhüm meselelere bagyşlanan ýokary derejedäki milli strategik maslahatyň jemleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Onda bu ulgam boýunça ýakyn geljegiň möhüm meseleleri kesgitlendi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter