Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 06.04.2019 // 444 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. Şweýsariýadan we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýly hem-de «Türkmengaz» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň telekeçileriniň söwdasynyň agramly bölegini Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen düzdi. Mundan başga-da, Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» kysymly karbamidi satyn aldylar.

Russiýa, Beýik Britaniýa, Şotlandiýa, BAE, Türkiýe, Gonkong, Belarus, Ermenistan, Owganystan, Özbegistan ýaly döwletleriň täjirlerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portland sement, lukmançylyk maksatly serişdeleri, kreton matany, nah ýüplügi, gaýtadan dikeldilen süýümi, mebel pamygy ýerlenildi. Geleşikler ABŞ-nyň 63 million 789 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler jemi 11 million 312 müň manatlykdan gowrak bolan kreton matany, nah ýüplügi, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter