Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde

опубликованно 08.04.2019 // 1555 - просмотров
 

Şu gün, 9-njy aprelde Aşgabatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýokary derejedäki halkara maslahat açylýar. Ýurdumyzda iri wekilçilikli çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişlikde ýokary abraýa eýe bolýandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkynyň we her bir raýatynyň saglygy, abadançylygy hakyndaky aladanyň esasy orunda durýan oňyn döredijilik syýasatynyň ählumumy goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu maslahat dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten derejesine we üstünliklerine dünýä bileleşiginiň uly gyzyklanma bildirýändigini we milli Liderimiziň bu esasy ugurda netijeli sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek işine goşýan goşandynyň ykrar edilýändigini äşgär edýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu üstünlikleriň esasyny düzýär, ol tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň bolmagyny şertlendirdi. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Munuň üçin bolsa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen bir hatarda, ekologiýa ýagdaýyny, daşky gurşawy goramagy we bu ugurda dolandyryşyň täze usullaryny öz içine alýan giň ugurlardan ybarat bolan syýasat işlenip taýýarlanyldy.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrlarynda lukmançylykda häzirki zaman şypahana-dynç alyş ulgamy döredildi we ýurdumyzyň derman senagaty berkidildi. Saglygy goraýşy öz kärine ussat hünärmenler we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek, kanunçylyk binýadyny berkitmek babatynda ägirt uly işler tapgyrlaýyn, yzygiderli, paýhasly, ylmy taýdan esaslandyrylyp amala aşyryldy we abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi.

Maksatnamanyň amala aşyrylmagynyň esasy tapgyrlary: 1995 — 1997-nji ýyllarda ýurdumyzda ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň maşgala usuly, raýatlaryň döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy girizildi, hassahana orunlaryny rejeli peýdalanmak boýunça çäreler görüldi.

1998 — 2000-nji ýyllarda iň öňdebaryjy täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralaryň täze ulgamy döredildi. Şypahana işi täze ösüşe eýe boldy.

2001 — 2004-nji ýyllarda saglygy goraýşyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi netijesinde esasy üns keselleriň öňüni almaga gönükdirildi.

Soňra 2005 — 2010-njy ýyllarda toplumlaýyn çäreler netijesinde raýatlara lukmançylyk hyzmatyny etmekde ykdysady netijelilige ýetildi.

2010 — 2014-nji ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen özgertmeler, ony halkara derejä çykarmaga, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary we ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge mümkinçilik berdi. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmekde uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanda her ýyl 21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen senesi mynasybetli halkara sergi hem-de ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Şanly sene mynasybetli täze lukmançylyk edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň maglumat üpjünçiligi, ony dolandyrmagy kämilleşdirmek, pudagyň statistika gullugynyň işini gowulandyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça resminamalaryň elektron dolandyryş usuly döredildi, munuň özi Döwlet lukmançylyk uniwersitetini, saglyk öýlerini, hassahanalary, şypahanalary elektron ulgamyna birleşdirmäge hem-de ilaty elektron lukmançylyk kartasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. «TürkmenÄlem 52o E» milli hemranyň äleme uçurylmagy hem-de hereket etmegi telelukmançylyk we hünärmenleri uzak aralykdan okatmak tehnologiýalaryny peýdalanmagy, tejribe alyşmagy hem-de uzak aralykdan näsaglara maslahatlary bermegi kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Geçen döwürde oba we şäher ilatyna lukmançylyk hyzmatynyň hil tapawudy aradan aýryldy. Ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynyň ählisi öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary hem-de ýokary takykly abzallar bilen üpjün edildi. Milli lukmançylyk ulgamyna näsaglary bejermegiň, keselleriň öňüni almagyň, saglygy dikeltmegiň 30-dan gowrak täze usuly ornaşdyryldy.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Maksatnamasynyň hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Bütindünýa saglygy soraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän uly möçberli işleri amala aşyrýar. Şeýle hem bu gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy. Azyk önümleriniň howpsuzlygy we hili hakynda, agyz suwunyň howpsuzlygy, radiasiýa howpsuzlygy hakynda kanunlar hereket edýär.

«Türkmendermansenagat» birleşigi «Saglyk» derman kärhanasyny, bilelikdäki «Türkmenderman Ajanta Farma Limited» kärhanasyny, «Buýan» obasenagat toplumyny, «Berzeňňi» bejeriş mineral suw kärhanasyny, «Tenekar» derman kärhanasyny, zyýansyzlandyrylan sargy serişdeleri we zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanalaryny, Ýod önümçilik kärhanasyny, bejeriji palçyklaryny we deňiz duzuny gaplamak kärhanasyny öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy işi lukmanlaryň, ylmy işgärleriň ýankitabyna hem-de fitoterapiýa boýunça gollanma, şeýle hem köp ýurtlaryň alymlaryny birleşdirýän özboluşly köprä öwrüldi.

Ýurdumyzyň şypahanalarynda hem gelioterapiýa, psammoterapiýa, talassoterapiýa, aeroterapiýa, stounoterapiýa, balneoterapiýa, fitoterapiýa we beýlekiler ýaly bejerişiň tebigy usullary giňden peýdalanylýar.

Ilatyň saglyk meseleleri boýunça düşünjeliligini ýokarlandyrmak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Bu wezipäni oňyn çözmek üçin 2000-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi döredildi. Bu merkez keselleriň öňüni almagyň, gaýraüzülmeleri duýdurmagyň dürli ulgamlarynda raýatlaryň habardarlygyny gowulandyrmak boýunça işleri utgaşdyrýar. Bu maksatlar bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar.

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny 2015 — 2020-nji ýyllarda durmuşa geçirmek boýunça pudagara iş topary döredildi hem-de onuň iş meýilnamasy, şol sanda arassaçylyk — wagyz ugry boýunça öňde durýan wezipeler tassyklanyldy. Bu toparyň düzümine ýokanç keseller, süýji keseller boýunça lukmanlar, terapewtler, onkologlar, narkologlar, maşgala lukmanlary hem-de beýleki hünärmenler, şeýle hem ýaşlar, zenanlar, kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň wekilleri girýärler.

Orta mekdepleriň we orta hünär-tehniki okuw mekdepleriniň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, dürli pudaklaryň işgärleri arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginiň düzgünleri bilen tanyşdyrylýar.

Şeýle hem ähli merkezi we welaýat gazetlerinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» atly sahypalar çap edilýär, olarda milli Liderimiziň kitaplaryndan saglyk baradaky jümleler, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy baradaky makalalar, lukmanlaryň ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça maslahatlary (sagdyn iýmitlenmek, beden işjeňligi, suw içmegiň kadalary, lukmançylyk gözegçilikleri, zyýanly endiklerden ýüz döndermek, temmäki tüssesiniň zyýany we beýlekiler) çap edilýär.

«Türkmenistanyň saglygy goraýşy» ylmy žurnaly we «Saglyk» žurnaly ýylda alty gezek neşir edilýär. Giň ilat köpçüliginiň arasynda maglumat beriji kitapçalar, bu ugur boýunça (sagdyn iýmitlenmek, beden işjeňligi, maşk etmek, suwda ýüzmek, ylgaw, ýöremek, ýürek keselleri, süýji keseli, düwnük keseliniň döremegi, öýkeniň adaty bolmadyk keselleri, gan basyşy, temmäkiniň we alkogolyň zyýany, «Ynam» merkezleri we beýlekiler) ýatlama maglumatlar yzygiderli ýaýradylýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkeziniň utgaşdyrmagynda ähli milli teleradioýaýlymlar boýunça lukmanlaryň möwsümleýin ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça, çilim çekmegiň zyýany hakynda maslahatlary, şeýle hem bu meselelere bagyşlanan durmuş häsiýetli wideorolikler görkezilýär. Belli bir meselä bagyşlanan lukmançylyk teleradio gepleşikleri guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatyna bagyşlanan «Il saglygy — ýurt baýlygy» atly dowamlylygy 1 sagat bolan gepleşik Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tarapyndan taýýarlanylyp, hepdede iki gezek ýaýlyma berilýär, ol «Sagdyn durmuş ýörelgesi», «Lukmanyň maslahatlary», «Sport we saglyk», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Milli miras we saglyk», «Tebigat we saglyk», «Körpeleriň saglygy», «Çaý — melhem hem ylham», «Siziň hatlaryňyza jogaplar», «Halkara hyzmatdaşlyk» ýaly bölümlerden ybaratdyr. Her bölüm durmuş häsiýetli wideorolikler bilen bezelýär, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden ýüz döndermek boýunça peýdaly maslahatlaryň ýazgylary ýerleşdirilýär.

Habarlar merkezi tarapyndan 30-a golaý durmuş häsiýetli wideorolikler hem-de möwsümleýin keselleriň we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça, temmäki tüssesiniň zyýany hakynda, temmäkä garaşly adamlara goldaw bermek hakynda 20 radiorolik taýýarlanyldy hem-de teleýaýlymlar boýunça görkezilýär we radio ýaýlymlarda berilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň 3 — 4-nji dekabry aralygynda ýurdumyzda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek atly BSGG-niň Ministrler maslahaty geçirilip, Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Türkmenistanda şeýle hem 2014 — 2020-nji ýyllarda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Milli strategiýa tassyklanyldy.

Şeýlelikde, biziň döwletimiz zyýanly endiklerden azat hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly ýurt hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Muňa şeýle hem Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri we beýlekiler, şol sanda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilen 3-nji iýunda guralýan beýleki çäreler ýardam berýär.

Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz diňe bir möhüm ähmiýetli, giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça netijeli çäreleri görýär. Aşgabatda açylýan BSGG-niň maslahaty hem munuň ýene bir subutnamasy bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter