Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

опубликованно 10.04.2019 // 1100 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler.

Bu waka milli Liderimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Onuň esasy ugry halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi bolup durýar. Şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek sebitleri toplumlaýyn ýagdaýda senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy köpugurly esasda ösdürmek boýunça wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

...Dabaranyň geçýän ýerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýere milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän özgertmeler eýýamynyň ýyl ýazgysyna aýdyň sahypa bolup girjek şanly wakanyň şaýatlary bolýan köp sanly adamlar ýygnandylar. Ähli ýerde Döwlet baýdaklary pasyrdaýar, täze gurluşygyň möçberlerini beýan edýän şekiller, çyzgylar goýlupdyr. Şeýle hem bu ýerde Ahalyň dag eteklerinde biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň şekilleri görkezilýär. Bu ýerde ak öýler oturdylyp, türkmen toýlaryna mahsus dessurlar, şol sanda toý däpleri, milli oýunlar, senetkärlik eserleri görkezilýär. Bu ýerde äpet haly dokaýan kyrk gyzyň hünäri has-da täsirli boldy.

Ähli baýramçylyklarda bolşy ýaly, täze binanyň düýbüni tutmak çäresi hem ýatda galyjy dabaralara beslendi. Ýakyn wagtda giň möçberli gurluşyk işleriniň başlanjak ýerinde bagşylaryň owazy ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň çykyşy bilen utgaşdy. Köp sanly janköýerler pälwanlaryň tutluşyklaryna tomaşa etdiler. Ýigitler «Ýaglyga towusmak» oýnuny ýerine ýetirdiler, oglanlar bolsa aşyk oýnadylar we beýleki oýunlara gümra boldular. Sahnalaşdyrylan çykyşlarda gadymy türkmen elipbiýiniň harplarynyň şekilleri peýdalanyldy. Munuň özi tomaşaçylary Oguz han döwrüne syýahata çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy täze şäheri gurmak boýunça ilkinji gurluşyk işlerine badalga beriljek ýeriň ýanyndaky meýdançada saklandy. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy we deputatlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň baştutanlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, telekeçiler, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri milli Liderimizi mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýan medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu ýerde taryhy pursatlaryň özboluşly beýanyna öwrülen tutuş şäheriň keşbi janlandyrylypdyr. Onda belli milli binagärlik ýadygärlikleri, şol sanda meşhur Änew metjidiniň, Paryzdepe ýadygärliginiň, şöhratly Parfiýa galasynyň, Şähryslamyň şekilleri bar. Onuň ýanynda bolsa Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde bina ediljek Ruhyýet köşgüniň, medeniýet merkeziniň, kitaphananyň, muzeýiň, welaýat häkimliginiň binasynyň, köpugurly hassahananyň we beýleki birnäçe desgalaryň taslamalary görkezilýär. Olar ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda bu ýerde emele geler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häzirki zaman dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine bardy. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu günki wakanyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, şu gün ägirt uly taslamanyň — tutuş şäheriň gurluşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine badalga berilýär. Şunuň ýaly giň möçberli taslamalary amala aşyrmak, pugta ykdysady binýady we örän uly ösüş ugurlary bolan ýurda başardýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Bu merkeziň gurluşygyna özgertmeleriň geçirilýän ýyllarynda toplanan şähergurluşyk tejribelerine esaslanyp başlaýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kompaniýalarynyň özlerine ynanylan möhüm gurluşyk taslamalaryny ynamly durmuşa geçirýändiklerini aýtdy. Şeýlelikde, ýurdumyzda agrosenagat kärhanalary we senagat toplumlary, täze nusgaly ýaşaýyş toplumlary we şäher nusgaly şäherçeler gurulýar. Bu desgalar halkara ölçegleriň iň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek meseleleri hemişe aýratyn üns merkezinde saklanýar diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzyň raýatlaryna gozgalmaýan emläk üçin ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Bu bolsa, şäherlerimiziň we obalarymyzyň ilaty üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şonuň netijesinde we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barha giň gerime eýe bolmagy bilen, her ýylda müňlerçe maşgalalar ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da, kottejleriň hem uly toplumlary gurulýar. Bu hem raýatlarymyzyň hususy isleglerine we ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýän ähli amatlyklary bolan oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny saýlap almagynda mümkinçilikleri barha giňeltmäge şert döredýär. Şeýle hem Aşgabatda şeýle ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna Çoganlyda badalga bereris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Aşgabatda binalary we desgalary gurmagyň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde işler netijeli alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, täze kaşaň myhmanhanalar gurulýar. Edara binalary we durmuş maksatly desgalar bina edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bir döwürler boş ýatan çetki sebitde, onuň ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi netijesinde, sanlyja ýyllarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy guruldy. Bu zolak halkara derejeli şypahana zolagyna öwrüldi.

Gadymy türkmen topragynyň beýleki şäherlerini bezän ajaýyp binagärlik toplumlary, täze obalar guruldy. Ähli ýerde gurulýan häzirki zaman kärhanalary we fabrikleri, saglyk, medeniýet we sport merkezleri, ýokary okuw mekdepleriniň we umumybilim berýän mekdepleriň täze binalary döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň mysallaryna öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň öňe tarap ägirt uly ädimleri ynamly ädendigini aýdyň görkezdi.

Bu işleriň ählisi döwletimizi ösdürmek boýunça biziň döredijilikli strategiýamyzyň hakyky miweleridir. Ýurdumyzda türkmen halkynyň, her bir maşgalanyň, Garaşsyz Watanymyzyň her bir raýatynyň abadançylygy we bagtyýar durmuşy esasy ileri tutulýan ugurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ýörelgesi bu ugurda innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we iň oňat dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak bolup durýar. Bu işleriň ählisi adamlaryň durmuşynyň iň ýokary ölçeglerini, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi, rahat durmuşda ýaşamagy we dynç almagy üçin iň oňat şertleri üpjün etmäge niýetlenendir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny ýokary depginler bilen alyp barýar we bu ugra ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga, gönükdirilen milli strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde örän uly ähmiýet berilýär.

Döwletiň öz raýatlarynyň öňündäki borjy hökmünde öňe sürülýän bu asylly maksady durmuşa geçirmäge Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ähli mümkinçilikleri, syýasy, dolandyryş we beýleki serişdeleri gönükdirildi. Bu işe ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň mümkinçilikleri çekilýär. Ýurdumyzy abadanlaşdyrmaga, bagy-bossanlyga öwürmäge aýratyn üns berilýär.

Bu meseleleriň tutuş toplumyna, watandaşlarymyz üçin iň amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek maksady bilen, ekologiýadan başlap, jemagat hyzmatlaryna çenli iň ýokary talaplar bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat taýdan güýçli depginler bilen ösýändigini belledi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini birleşdirýän täze ulag ýollary gurulýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär.

Bu ýollar Ahal welaýatynyň çäklerinde birleşip, ýurdumyzyň gündogarynda we günbatarynda ýerleşen iki çetki sebiti özara baglanyşdyrar. Bu halkara ähmiýetli awtomobil ýollary Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluna birleşip, «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlar boýunça goňşy ýurtlara çykalgany üpjün edip, özboluşly çatrygy emele getirer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwürlerinde uly ýollaryň şeýle çatryklaryna «ýedi ýoluň çatrygy» diýlipdir. Hakykatda, gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Türkmenistanyň bütin çägi şeýle atlandyrylypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň keşbinde her gün täze, ajaýyp özgertmeler bolup geçýär. Bu özgertmeleriň biziň üçin ösüş babatda täze mümkinçilikleri döredýändigini ynam bilen bellemeli.

Ine, indi biz ýene-de bir möhüm täze ösüş eýýamyna gadam basdyk. Biz şu gün bütinleý täze şäheriň düýbüni tutýarys. Bu şäher geljekde ýurdumyzyň ýene-de bir ykdysady, işewürlik, maýa goýum merkezine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe tarp ýerden başlanýandygyny aýdyp, hut şu ýerde — Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň şöhratly sene ýazgysynyň täze, ajaýyp sahypasynyň ýazyljakdygyny belledi. Bu şöhratly sene ýazgysy dowam etdiriler. Ony geljekki nesillerimiz hem dowam etdirerler.

Taslamanyň çuňňur manysy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Ahalyň dolandyryş merkeziniň taslamasynda şäheri we bütin sebiti dolandyryş-çäk birligi bilen bilelikde ösdürmegiň ulgam emele getiriji innowasion düzüm böleginiň binýadynyň goýlandygyny belledi. Geljekki şäheri gurmak üçin geljekde durmuşyň nähili boljakdygyny anyk bilmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Ony, sanly we intellektual ulgamlarsyz, ýokary tehnologiýalarsyz göz öňüne-de getirip bolmaz. Olar biziň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşýarlar. Ýöne, dünýäniň umumy ösüşi bilen deň gadam urmak bilen bir hatarda, özümiz üçin we geljekki nesillerimiz üçin milli mirasymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy, köpasyrlyk medeniýetimizi we däp-dessurlarymyzy hem aýawly saklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz bu gymmatlyklaryň ählisiniň täze şäheriň binagärlik keşbinde, onuň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda öz beýanyny tapjakdygyny belläp, täze şäheriň guruljak ýeriniň ekologiýa, seýsmologiýa taýdan ylmy esasda düýpli öwrenilendigini belledi. Bu ýerler taryhy ýerler. Ata-babalarymyzyň ömür sürüp, gurup, döredip giden mukaddes ýerleri.

Bu meseläniň ýaşulular, deputatlar bilen maslahatlaşylandygyny, ilatyň pikiriniň öwrenilendigini belläp, döwlet Baştutanymyz taslamada arassaçylyk, suw we beýleki ýagdaýlaryň göz öňünde tutulandygyny aýtdy. Täze şäher welaýatyň ähli ilaty üçin amatly bolar. Bu ýere ýollar çekilip, ähli etraplardan we obalardan dürli ulaglar gatnar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün düýbi tutulýan şäheriň 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenendigini belledi. Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalaryň sagdyn ösüp ulalmaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze welaýat merkezinde her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdebiň guruljakdygyny, başlangyç we orta hünär mekdebiniň, şeýle hem iki sany sungat mekdebiniň bina ediljekdigini belledi.

Saglyk edaralarynyň hem giň ulgamy dörediler. Iki sany Saglyk öýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, beýleki hassahanalar bina ediler. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirkiň binasy we muzeý gurlar. Häzirki zaman sport toplumynyň ikisi bina ediler. Raýatlaryň dynç almagy üçin bagy-bossanly seýilgäh dörediler. Söwda we dynç alyş merkezi ilata hyzmat eder.

Bulardan başga-da, aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Ylmy-önümçilik merkezini gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu desgalar Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde, bitewi ulgamy emele getirer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem dörediler. Bu edaralar täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Dolandyryş merkeziniň ähli binalary düýbünden täzeden gurulýar. Täze desgalaryň gurluşygy üçin ýerleri boşatmak zerurlygy bolmaýar. Binalar we desgalar düýpli ýykylyp aýrylmaýar. Bu bolsa örän möhümdir. Umuman, boş ýatan meýdanyň keşbi düýpli özgerer.

Bu ýerde ýaşajak ilat üçin iň gowy şertler, iş orunlary, iň häzirki zaman durmuş gurşawy dörediler. Bu bolsa, diňe bir bu ýere köp sanly ýaşaýjylary çekmän, eýsem, welaýatyň ykdysadyýetini düýpli özgerder. Onuň ähli pudaklarynyň ösüşine täze itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem, Aşgabadyň daş-töweregindäki ilatly ýerleriň arasynda işjeň hojalyk, zähmet, medeni-durmuş we işewürlik gatnaşyklarynyň iri düzümini emele getirer. Ulagda hyzmatlar ulgamy, söwda, maliýe serişdeleriniň dolanyşygy we tehnologiýalar — bularyň ählisi düýpli ösüş depginine eýe bolar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýakyn geljek üçin ýurdumyzyň syýasy, durmuş we ykdysady taýdan ösüş ugurlaryny kesgitlär.

Biz bu işleriň ählisini mähriban halkymyz üçin edýäris. Her bir maşgalanyň we raýatyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýäris diýip, milli Liderimiz belledi we döwletimiziň şu maksatlar üçin zerur bolan serişdeleri gönükdirjekdigini aýtdy. Nesip bolsa, ýene-de üç-dört ýyldan gözel Köpetdagyň eteginde ähli şertleri bolan, lowurdap duran täze, ajaýyp şäher dörär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, bu ýere ýygnananlary Watanymyzyň ösüşiniň aýdyň nyşany bolan Ahal welaýatynyň täze şäheriniň düýbüni tutmak dabarasy bilen gutlady we welaýatyň ähli ilatyna berk jan saglyk, bagtly we abadan durmuş, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Milli Liderimiziň çykyşy dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi, çuň manyly çykyş el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Milli lybasdaky oglan we gyz döwlet Baştutanymyzdan şu günki taryhy waka mynasybetli geljek nesillere ýadygärlik ýazga gol goýup bermegini haýyş etdiler. Soňra geljek nesillere niýetlenen ýazgy ýörite guta salyndy.

Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň düýbüniň tutuljak ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalar astynda geljekki nesillere niýetlenen gutyny binýada oklady.

Bu ýerde täze şäheriň düýbüniň tutulýan binýady Oguz hanyň sekizburçluk ýyldyzynyň şekilinde döredilipdir. Munuň özi asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň paýhasly pederleriniň asylly ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçirilip gelnendiginiň subutnamasydyr. Häzirki döwürde bu ýörelgäni mynasyp dowam etdirjek nesillerimize niýetlenen ýadygärlik ýazgyly guty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan täze şäheriň binýadyna atyldy.

Gurluşyk meýdançasynda ýerleşdirilen şygarlar we çyzgylar edara ediş merkeziniň tutuş durkuny görkezýär. Munuň özi halkyň ertirki güne bolan ynamyny pugtalandyrýar we joşgunly zähmetiň täze üstünliklerini görkezýär hem-de täze maksatlara ruhlandyrýar. Her bir iri möçberli we ähmiýetli tutumlar özünde oňyn tejribäni, yhlasy, häzirki döwrüň ýörelgelerini hem-de merkeziň geljekki ösüşini öz içine alýar. Şunuň ýaly ruhy göteriliş barha belent derejelere ýetip, ýurdumyzyň täze taryhyny, onuň şöhratly ýoluny aýan edýär we bagtly ykbalyň döremegini şertlendirýär.

Milli Liderimiz täze desganyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atmak bilen, bu çägiň toplumlaýyn esasda özleşdirilmegine we täze şäheriň gurluşygyna badalga berdi. Bu ýerde amatly ýaşaýyş jaýlarynyň, edara ediş binalarynyň we beýleki desgalaryň toplumy emele geler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dolandyryş merkeziniň ilatynyň okamak, dynç almak, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda, dynç alyş, sagaldyş ýaly döwrebap hyzmatlardan peýdalanmagy we işe ýerleşmegi üçin şäher giňişliginde ähli mümkinçilikleriň, döwrebap şäher gurşawynyň döredilmegi wajypdyr. Bu ýerde emele gelýän iş orunlary şäheriň ykdysady taýdan durnuklylygyny, sazlaşykly ösüşini üpjün eder we onuň ýurdumyzyň ykdysady düzümine goşulmagyna mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz örän wajyp mesele hasaplanylýan ekologiýa wezipesiniň oňyn çözülmegine möhüm ähmiýet berýär. Ahalyň täze dolandyryş merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşer. Bu töweregiň gözelligini saklamak üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagy zerurdyr. Şeýlelikde, täze şäher ekologiýa we medeniýet babatda nusgalyk bolmalydyr.

Täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyndan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe metjidine tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi, etrabyň ymamy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary milli Liderimizi garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz din wekilleri bilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň asylly däpleriniň ýaşlaryň watansöýüjilik we ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmeginde ähmiýetlidigini belläp, durmuş ulgamynyň ýurdumyzyň we onuň okgunly ösüşiniň gymmatly serişdesidigini nygtady.

Soňra milli Liderimiz metjide girip, ýörite taýýarlanan ýerde oturdy. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan türkmen topragyna parahatçylyk, asudalyk, halkyň agzybirligini, saglygyny, döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmagyny arzuw edip, aýat-töwir okady.

Aýat-töwirden soňra milli Liderimiz bu ýerde berlen sadaka gatnaşdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegi teklip etdi.

Aýat-töwirler okalansoň, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, berlen sadakalaryň, edilen aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk we agzybirlik bolsun, ýurdumyz rowaçlyklara beslensin!

Soňra bu ýere ýygnananlary ýene bir gezek şu günki şanly waka bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter