18-nji aprel — Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni | TDH
Medeniýet

18-nji aprel — Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni

опубликованно 18.04.2019 // 248 - просмотров
 

ICOMOS — tutuş dünýä boýunça ýadygärlikleri goramak bilen meşgullanýan halkara hökümet däl gurama bolup, 37 ýyl mundan öň bu düzüm 18-nji apreli «Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni» diýip yglan etdi. ÝUNESKO bu başlangyjy 1983-nji ýylda geçirilen 22-nji Baş konferensiýasynda makullady. Şondan bäri 18-nji aprel medeni mirasy baýram etmegiň we wagyz etmegiň güni hem-de onuň köpdürlüligi, möhümligi, ony goramagyň hajatlary we bähbitleri bilen tanyşmak mümkinçiligi bolup durýar.

ICOMOS her ýyl dürli ýurtlardaky milli komitetleri we beýleki guramalar tarapyndan guralýan baýramçylyk çäreleriniň esasy temasyny hödürleýär. Olar hem bu meselelerde jemgyýetiň habarlylygyny artdyrmak isleýärler.

2019-njy ýylyň Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara gününiň temasy «Obanyň tebigy gözellikleri» diýlip atlandyryldy. Munuň özi garamagynda ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň ýadygärlikleri bolan milli guramalaryň oba tebigatynyň möhümligi, olary goramagyň meseleleri, şol tagallalaryň artykmaçlyklary hem-de oba tebigatynyň we durnukly ösüşiň arasyndaky bar bolan içerki gatnaşyklar hakynda bilimleri giňden wagyz etmek maksady bilen, çäreler tapgyryny geçirjekdigini aňladýar. Olar jemgyýetiň her bir raýatynyň ýaşaýan ýerinde oba tebigatyny döretmäge, onuň ýaşamagyna, özgermegine we baýlaşmagyna dahyllydygyny gürrüň bererler. Galyberse-de, ähli adamlaryň ene topragyň arassa saklanmagy üçin jogapkärçilik çekýändigini ýatlatmak möhümdir.

2017-nji ýylda ICOMOS-nyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Miras hökmünde oba tebigatynyň ýörelgelerinde» obanyň tebigy gözellikleri «adamyň we tebigatyň özara gatnaşyklary netijesinde bilelikde döredilen ýerüsti we suw zolaklary» hökmünde kesgitlenilýär. Olar azyk önümlerini hem-de oba hojalygynyň, maldarçylygyň, balykçylygyň we akwa medeniýetiniň, tokaý hojalygynyň, ýabany ösýän miweleri ýygnamagyň, aw etmegiň üsti bilen dikeldilýän tebigy baýlyklary öndürmek üçin ulanylýar.

Obanyň tebigy gözellikleri — bu köpugurly serişdeler. Şol bir wagtda alymlar we jemgyýet tarapyndan olara ýazylýan oba ýerleriniň medeni ähmiýeti bolýar: olaryň hemmesi şeýle gözellikler bolup durýar. Olar ekologiýa, medeni, durmuş we ykdysady hajatlara yzygiderli uýgunlaşmak bilen, maddy we maddy däl mirasyň artýan toplanmasyny gurşap alýar.

Asyrlaryň, hatda müňýyllyklaryň dowamynda oba tebigy gözellikleri adamyň we daşky gurşawyň arasyndaky işiň deňagramlylygyny sakladylar. Ylmy-tehniki ösüşiň bolup geçmegi bilen önümçilik usullary üýtgedi, tehnologik täzelikleri döredi — bularyň hemmesi käbir ýagdaýlarda kem-käsleýin özgerişlige, beýleki ýagdaýlarda bolsa oba ýerleriniň düýpli özgermegine getirdi. Şunda galan miras hem dürli döwürleriň subutnamalary bolmak bilen, olaryň özgermegi we ösmegi dowam edýär.

Ýer ýüzünde şäher ilatynyň artýandygyna garamazdan, oba ýerleriň ilatynyň hem ösmegi dowam edýär.

Obanyň tebigy gözelliklerini kesgitleýän esasy häsiýetnamalaryň biri — olaryň näzikligidir. Olaryň sowatly saklanmagy ilatyň we jemgyýetiň arasyndaky aragatnaşygy görkezýär.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylda bularyň hemmesi aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de dünýä giňişliginde onuň abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly we takyk barlanan ugruň netijesine öwrülen syýasaty türkmen halkynyň özboluşly taryhy we tebigy mirasyny goramak babatda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň çäginde örän uly ylmy gymmatlygy bolan hem-de tükeniksiz syýahatçylyk mümkinçiliklerini döredýän gadymy şäherleriň we obalaryň ençemesi saklanyp galdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda hasaba alnan taryhy we medeni ýadygärlikleriň goralmagyny üpjün etmek, olary öwrenmek we wagyz etmek, dikeldiş işlerini geçirmek, ozal alymlaryň üns merkezine düşmedik, entek mälim bolmadyk ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olaryň goralmagyny üpjün etmek babatda uly ösüş gazanyldy. Türkmen ýadygärlik dikeldijileri öz işinde ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň käbir maksatnamalaýyn resminamalarynda bellige alnan, umumy kabul edilen kadalara we ýörelgelere kybap gelýän işleri ýöretmegiň täze usullaryny peýdalanyp başladylar.

Şeýle usulyýet taryhy desgalaryň asyrlaryň dowamynda başyndan geçiren ýitgilere we bejergilere garamazdan, häzirki ýagdaýynda bellige alynmagyny we olaryň üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Ýadygärlikleri ýa-da olaryň aýry-aýry böleklerini ilkibaşdaky görnüşinde dikeltmek işi diňe olary geljekde weýrançylyklardan halas etmek hem-de desganyň ozalky keşbiniň we materiallarynyň jedelsiz subutnamalary bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenmek boýunça köpugurly işler ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi ÝUNESKO-nyň maksatlaryna doly laýyk gelýär hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter