Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy | TDH
Medeniýet

Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy

опубликованно 18.04.2019 // 451 - просмотров
 

Şu gün türkmen paýtagtynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy. Bu çäräni Saud Arabystany Patyşalygynyň Media ministrligi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.

Şu çäre dürli döredijilik forumlaryna gatnaşmak arkaly medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu aýyň başynda geçirilen mejlisinde bu barada aýdyp, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň örän wajypdygyny nygtady. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzy doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda özara bähbitli ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Biziň ýurtlarymyzyň halklaryny taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklar baglanyşdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu döredijilik forumyny geçirmek üçin Türkmenistana dostlukly ýurduň medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary geldiler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň resmi wekiliýeti bilen bolan duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy Mukamlar köşgünde geçirildi. Şu waka mynasybetli bu ýere döredijilik intelligensiýasynyň, giň jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungat ussatlary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.

Saud Arabystanynyň wekiliýetiniň dabarada çykyş eden wekilleri netijeli gatnaşyklaryň uly taryhyna eýe bolan iki halkyň baý mirasyna özara gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygyny nygtadylar.

Myhmanlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şu çäräniň medeniýetleriň mundan beýläk-de özara baýlaşmagyna, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigi bellenildi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde, ilki bilen, dostlukly ýurduň artistleriniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda konserti boldy. Onuň maksatnamasyny halk aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary düzdi. Olar halk sazlaryny we aýdymlaryny hödürlediler.

Artistleriň köpöwüşginli milli lybaslary we gadymy saz gurallarynyň özboluşly owazy çykyşlara aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary öz halkynyň folklor däplerini nesilden-nesle geçirýän myhmanlaryň ýokary sungat ussatlygyna berlen baha boldy.

Bu döredijilik baýramçylygynyň türkmenistanlylara Saud Arabystanynyň halkynyň mirasy, häzirki durmuşy hem-de däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berendigi şübhesizdir.

Saud Arabystanynyň Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de milli arap lybaslarynyň sergisi, şeýle hem dostlukly ýurduň surat sergisi guralar. Aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna däp bolan lybaslar we matalar, dekoratiw önümler, dürli sowgatlyk önümleri hem-de arap ussalarynyň işleriniň beýleki görnüşleri görkeziler. Şol ýerde Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy geçiriler, Çeperçilik akademiýasynyň talyplary üçin ussatlyk sapagy guralar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda iki ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti we Türkmenistan bilen Arap ýarym adasynyň arasynda gatnaşyklar barada Saud Arabystany Patyşalygynyň alymlarynyň çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde folklor we aýdym-saz toparlarynyň çykyşy geçiriler.

Myhmanlary türkmen paýtagtynyň muzeý gymmatlyklary we ajaýyp ýerleri, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň artistleriniň Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda çykyşyny guramak göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter