Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 20.04.2019 // 166 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, dizel ýangyjyny, uçar kerosini, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Şeýle hem Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit ýol bitumyny, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Koreýa Respublikasyndan, Gazagystandan gelen işewür toparyň wekilleri — Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara RF, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Irlandiýa, Owganystan, Ukraina, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we beýlekiler degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 80 million 95 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan,Türkiýeden, Şotlandiýadan, Kanadadan gelen işewürler jemi bahasy 14 million 335 müň manatlykdan gowrak bolan dürli görnüşli dokma hem jinsi önümlerini, nah ýüplügi hem matany, şeýle hem garyşyk ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter