Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

опубликованно 26.04.2019 // 457 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, atlary ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň baş sanyny artdyrmakda, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ösdürmekde has ýokary netijeleri gazanandyklaryny, hünär ussatlygyny we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Aşgabat şäherinden hususy atşynas Durdymuhammet Kakabaýewiç Mergenowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi Derýamyrat Gurbanmyradowiç Saparowa,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Ybyk obasyndan hususy atşynas Tahyr Täçmyradowiç Amanmyradowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Daşoguz Döwlet athanasynyň tälimçisi Ýanberdi Täžibaýewe,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Ibragim Çarykulyýewiç Hudaýnazarowa,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginden hususy atşynas Baýramgeldi Aşyrowiç Aşykgulyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter