Türkmen türgenleri Ýewropa çempionatynda medallara mynasyp boldular | TDH
Sport

Türkmen türgenleri Ýewropa çempionatynda medallara mynasyp boldular

опубликованно 25.04.2019 // 220 - просмотров
 

Harkow şäherinde (Ukraina) 22 — 26-njy aprel aralygynda taýboks we garyşyk başa-baş tutluşyklar boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa 10 döwletiň toparlary, şeýle hem 16 türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşdy.

Biziň türgenlerimiz ýaryşlaryň barşynda gowy çykyş edip, ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler we baýrakly orunlary eýelediler.

6-njy synp okuwçysy Seýdulla Akmämmedow 45 kilogram agram derejesinde,10-njy synp okuwçysy Sapar Amangeldiýew (50 kg), 11-nji synp okuwçysy Maksat Rejepow (60 kg), Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Bahram Orazmämmedow (60 kg), Taýboks we garyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň wekili Merdan Pirmedow (77 kg), Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Döwran Ataýew 84 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medallara mynasyp boldular.

11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Döwletow 55 kilogram agram derejesinde, Taýboks we garyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň türgeni Rüstem Hudaýkuliýew (56 kg), Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Kemal Döwletow (70 kg), 10-njy synp okuwçysy Begzada Meredow (75 kg) agram derejesinde çykyş edip, kümüş medallara mynasyp boldular.

10-njy synp okuwçysy Tirkeşgeldi Garajaýew, Taýboks we garyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň türgenleri Batyr Baýramgeldiýew (60 kg) we Ara Ýegenow (70 kg), 8-nji synp okuwçysy Adyl Sähedow (65 kg), Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Mekan Jumabaýew (70 kg), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Döwran Baýramsähedow 75 kilogramdan ýokary agram derejede çykyş edip, 3-nji orunlary eýelediler.

Ýaryşlaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 2-nji orny eýeleýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter