Türkmenistanyň Prezidenti «John Deere» kompaniýasynyň bölüminiň prezidentini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «John Deere» kompaniýasynyň bölüminiň prezidentini kabul etdi

опубликованно 27.04.2019 // 380 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň prezidenti Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Aşgabada geldi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi ahalteke atlarynyň deňsiz-taýsyz gözelligini we ajaýyplygyny şöhratlandyrýan baýramçylyk bilen mähirli gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Işewüriň nygtaýşy ýaly, «John Deere» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýar, şol hyzmatdaşlyk eýýäm 25 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli dowam edýär. Bu kompaniýanyň iri möçberli milli taslamalara gatnaşmagy hyzmatdaşlygyň netijelidiginiň mysalydyr. Gatnaşyk edilýän döwürde ýurdumyza bu kysymly dürli oba hojalyk tehnikalarynyň müňlerçesiniň getirilendigi bellenildi. Myhman kompaniýanyň işläp düzüji inženerleriniň tehnikalaryň nusgalaryny yzygiderli kämilleşdirip, öndürýän önümleriniň iş häsiýetlerini ýyl-ýyldan gowulandyrmak bilen, türkmen ekerançylarynyň isleglerini we talaplaryny kanagatlandyrmaga çalyşýandyklaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda ABŞ-nyň kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Türkmenistanda oba hojalyk ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga örän uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de «John Deere» kompaniýasynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini kanagatlanma bilen belledi. Kompaniýanyň iberýän tehnikalarynyň netijeliligine ekerançylarymyz tarapyndan mynasyp baha berildi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky hyzmat ediş bölümleriniň binýadynda, öndüriji zawodlaryň okuw binýatlarynda yzygiderli geçirilýän türkmen hünärmenlerini okatmak işleri hem oňat netijeleri berýär.

Innowasion esasda tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugrudyr. Biz gowulandyrylan iş häsiýetnamalaryna eýe bolan iň täze kysymly tehnikalary satyn alyp, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny durnukly ýokarlandyrmak üçin şertleri döredýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda işewür ozal gazanylan ylalaşyklar bilen baglylykda görlen çäreler barada döwlet Baştutanymyza habar berip, gatnaşyklaryň gerimini hem-de ýurdumyza getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine doly kybap gelýän pagta ýygyjy we bugdaý orujy kombaýnlaryň, dürli traktorlaryň iň täze görnüşlerini artdyrmaga kompaniýanyň uly mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Şeýle hem myhman türkmen hünärmenlerini okatmaga, häzirki zaman tehnikalaryna hyzmat edýän işgärleriň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de kompaniýanyň işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak baradaky tekliplerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen giň gerimli wezipeler bilen baglylykda, pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň depgini artdyrylar. Döwlet Baştutanymyz şu babatda oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat edilmeginiň uzak möhletleýin gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda myhman bildirilýän ynam üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, «John Deere» kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter