Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 02.05.2019 // 745 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Türkmen böleginiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky düzümi tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter