Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşdy

опубликованно 09.05.2019 // 168 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygynyň bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu şanly günde biz atalarymyzyň we babalarymyzyň — urşa gatnaşanlaryň we tylda zähmet çekenleriň edermenligine baş egýäris, olar şirin janlaryny gaýgyrman, faşizme garşy barlyşyksyz göreşdiler, geljekki nesillerimiz üçin azatlygy we parahatçylygy gorap sakladylar.

Urşuň ýowuz ýyllarynda taplanan dostlugyň we birek-birege kömek bermegiň şöhratly däpleriniň geljekde hem biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin mäkäm esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirýärin.

Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Bu röwşen baýramçylyk güni şirin janlaryny aýaman, biz üçin we geljekki nesiller üçin söweş meýdanlarynda we tylda ýeňiş gazananlaryň atlaryny buýsanç bilen ýatlaýarys.

Beýik Ýeňiş güni biziň halklarymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň hemişelik nyşany bolup galar. Biz deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen we faşizmi weýran eden gahrymanlarymyza çuňňur hoşallygymyzy beýan edýäris.

Uruş ýyllarynyň ýowuz synaglarynda taplanan Gazagystanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky mäkäm dostlukly gatnaşyklar geljekde hem biziň döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mäkäm binýady bolup hyzmat eder.

Urşuň we tylyň ähli weteranlaryna Ýeňiş üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Sizi we Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Ýeňiş gününiň 74 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn.

Biziň halklarymyz Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda we tylda jebislik, edermenlik we deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezmek bilen, faşizmi ýeňdiler. Geljekki nesillerimiz üçin azatlygy we parahatçylygy gorap sakladylar. Olaryň şöhratly edermenligi biziň hakydamyzda hemişelik galar.

Biz bilelikdäki tagallalarymyz bilen Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we berkitmegiň hatyrasyna uruş ýyllarynda ýowuz synaglardan geçen halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny artdyrjakdygymyza ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu baýramçylyk güni Size berk jan saglygyny hem-de döwlet işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli weteranlaryna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk, uzak ömür we ruhubelentlik arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Bu şanly günde biz başymyzy egip, dünýäni faşizmden halas eden ata-babalarymyza çuňňur hormatymyzy beýan edýäris. Bizi urşuň çensiz-çaksyz pidalary hakynda umumy gam-gussa hem-de Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran urşa gatnaşyjylaryň we tylda zähmet çekenleriň taryhy edermenligine bolan buýsanç duýgusy birleşdirýär.

Ýowuz uruşda wepat bolanlar hakynda röwşen ýadygärligi aýawly saklamak, zalymlyk ideologiýasyny, duşmançylygy, milletparazlygy ýaýratmak synanyşyklaryna garşy durmak häzirki nesilleriň mukaddes borjy bolup durýar.

Uruş ýyllarynyň synaglary bilen taplanan halklarymyzyň dostlugynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmegiň hatyrasyna umumy tagallalary dowam etmek üçin mäkäm binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny we üstünlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, hoşniýetlilik we rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Armen SARKISÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda söweşen ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz edermenligi, tylda zähmet çekenleriň tutanýerliligi hakynda ýatlama häzirki we geljekki nesillerimiziň ýüreklerinde hemişelik ýaşar.

Faşizme garşy göreşde taplanan halklarymyzyň dostlugynyň we doganlygynyň Russiýany we Türkmenistany birleşdirýän hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegi Sizden haýyş edýärin.

Çäksiz hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň
Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaýaryn.

Hemmämiz üçin mukaddes bolan bu günde biz ähli weteranlaryň öňünde hormat bilen başymyzy egýäris. Biz uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere görkezen tutanýerliligi we gahrymançylygy üçin çuňňur hoşallygymyzy beýan edýäris.

Söweş meýdanlarynda şehit bolanlary buýsanç bilen ýatlaýarys.

Beýik Ýeňiş güni biziň halklarymyzyň agzybirliginiň we dostlugynyň nyşany bolup galar. Çünki olaryň bilelikde söweşmegi hem-de deňsiz-taýsyz edermenligi netijesinde, biziň asuda durmuşymyz we geljegimiz üpjün boldy.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, ata-babalarymyzyň edermenligine çäksiz haýran galmak bilen, uruş we zähmet weteranlaryna Ýeňiş üçin hoşallyk sözlerini, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de parahatçylyk, hoşniýetlilik we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegi Sizden haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň
ilkinji Prezidenti.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Bu mukaddes günde biziň her birimiz duşman bilen gaýduwsyz söweşip, Watanymyzyň azatlygyny goranlary çuňňur hoşallyk we buýsanç duýgulary bilen ýatlaýarys.

Biz olaryň edermenligi hakyndaky ýatlamalary aýawly saklap hem-de ýurtlarymyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri bilelikde çözüp, belarus hem-de türkmen halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we alyp barýan döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Geçen uruş ýyllarynda söweş meýdanlarynda hem-de tylda görkezilen gahrymançylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk we durnuklylyk biziň halklarymyzyň şöhratly taryhyna hemişelik girdi.

Uruş ýyllarynyň ýowuz synagyndan geçen halklarymyzyň arasyndaky dostluk we birek-birege goldaw bermek ýaly asylly däpleriň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak üçin berk binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size, uruş weteranlaryna hem-de Türkmenistanyň tutuş halkyna parahatçylyk, abadançylyk we üstünlik arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň halklarymyz egin-egne berip, ýowuz synagy mertlik bilen çekdiler we Ýeňiş gününiň ýakynlaşmagyna mynasyp goşant goşdular. Pederlerimiziň beýik edermenligi, olaryň gaýduwsyzlygy Watana gulluk etmegiň anyk nusgasy bolup durýar.

Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň, ozalkylary ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky möhüm hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Siziň alyp barýan döwlet işiňizde uly üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sooronbaý ŽEENBEKOW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Tatarystanlylaryň adyndan we hut öz adymdan Sizi Ýeňiş güni bilen gutlaýaryn.

Biziň dostlukly halklarymyz üçin bu şanly günde Size hem-de Siziň ýurduňyzyň ähli halkyna parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw edýärin.

Goý, atalarymyzyň we babalarymyzyň umumy Ýeňşiň ýörelgelerine bolan wepalylyk, parahatçylygy goramak hakyndaky wesýetleri biziň dostlugymyzy we hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitsin!

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Bu baýram GDA gatnaşyjy döwletler üçin mukaddesdir. Biz bu Ýeňşiň nähili agyr düşendigini hiç haçan unutmarys hem-de Watanymyzyň azatlygyny we Garaşsyzlygyny gazanan raýatlarymyzy hemişe ýatlarys. Olaryň köpüsi Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagy ugrunda öz janlaryny orta goýdular.

Biz olaryň öňünde hemişe borçludyrys hem-de taryhy hakydany aýawly saklamak, halklarymyzyň dostluk we agzybirlik ýaly şöhratly däplerine hormat goýmak mukaddes borjumyzdyr.

Uruş ýyllarynda kemala gelen doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň mundan beýläk-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky özara peýdaly we möhüm hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine pugta ynanýaryn.

Bu şanly günde, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size, uruş weteranlaryna, Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, hoşniýetlilik we abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Sergeý LEBEDEW,
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy,
ýerine ýetiriji sekretary.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter