Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýarlar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýarlar

опубликованно 09.05.2019 // 503 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Beýik Biribaryň rehmetine we ýalkawyna beslenen Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Allatagalanyň mähribanlyk we rehmet eçilýän bu aýynda doganlygy berkitmegiň ýolunda täze üstünlikleri gazanyp, dünýä ýüzünde ählumumy parahatçylyk we abadançylyk üçin esas dörederis diýip umyt edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize jan saglygyny, Türkmenistanyň halkyna bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bu mukaddes aýda ähli doga-dilegleriňiziň kabul bolmagyny dileýärin.

Hasan RUHANI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Iordan Haşimit Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi arzuw edýärin.

ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna gülläp ösüş, rowaçlyk hem-de durnuklylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Iki mukaddesligiň hyzmatkäri
Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we mähirli arzuwlarymy iberýändigime örän şatdyryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, şeýle hem tutuş musulman ymmatyna gülläp ösüş, parahatçylyk we durnuklylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad ben Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň
Mirasdüşer Şazadasy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermek mende şatlyk duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan bu mukaddes günlerde ähli musulmanlara täze belentliklere ýetmekde doganlyk ruhuny we hyzmatdaşlyk meýillerini, şeýle hem abadançylyk we parahatçylyk eçilmegini dileg edýärin.

Iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Abdulla ABDULLA,
Owganystan Yslam Respublikasynyň
Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter