Daşoguzda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi | TDH
Jemgyýet

Daşoguzda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi

опубликованно 09.05.2019 // 317 - просмотров
 

Daşoguzda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň tabşyrygy bilen gullygyň işgärleriniň maşgalalary üçin gurlan täze jaý ulanylmaga berildi. 16 öýli dört gatly binany “Nowruz” etrapçasynda hususy kärhananyň hünärmenleri gurdular.

Täze jaýda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň maşgallary üçin amatly şertler döredilen. Giň otaglar amatly ýerleşdirilipdir, hersinde aýnalanan eýwanlar we kömekçi jaýlar, mebeli ýetik aşhana bar. Jaýyň gurluşygynda we bezeginde ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanylypdyr. Onuň töweregi abadanlaşdyrylan, gezelenç zolagy döredilen, oturgyçlar we çyralar goýlan, gülli aýmançalar, çagalar üçin oýun meýdançasy, maşgala dabaralary we sadaka bermek üçin ýer, ulag goýulýan ýapyk ýerler abadanlaşdyrylan.

Ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasyna Döwlet migrasiýa gullugynyň, Daşoguz welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulylar gatnaşdylar. Çeper höwesjeňler toparlary täze jaýa göçüp baranlary aýdym-sazly çykyşlary bilen gutladylar. Aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter