Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

опубликованно 10.05.2019 // 745 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasyndan gelip gowşan hoş habar barada hasabat berdi.

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy.

Döwlet Baştutanymyzy Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatda gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu habaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň ykrarnama we goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny nygtady.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça uzak möhletleýin maksatnamalar amala aşyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda netijeli işler, neşekeşlige garşy göreşmek, zyýanly endikleriň öňüni almak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy boýunça maksatnamalaýyn çäreler ýerine ýetirilýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik gatnaşyklary ösdürip, ýurdumyz bu ugurda sebitleýin we ählumumy ölçegdäki wajyp meseleleri çözmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG-niň Türkmenistanda işleýän ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wekilhanalarynyň 7-si däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýändigini bellemeli. Şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork, Wena we Ženewa şäherlerinde ýerleşýän Ştab-kwartiralarynda Türkmenistanyň wekilhanasy hemişelik esasda işleýär.

Soňky 12 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň hökümeti BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde dürli ugurlar boýunça anyk maksatly taslamalaryň 368-sini durmuşa geçirdi. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň 10-synyň, şol sanda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli halkara işleri amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary kanagatlanma bilen kabul edip, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Şu babatda Milletler Bileleşigi bilen ýola goýulýan işjeň gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şu ýyllaryň dowamynda toplanan baý tejribä esaslanyp, häzirki döwürde netijeli gatnaşyklar täze hile we mazmuna eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň ýokarda agzalan edaralarynyň üçüsiniň düzümine saýlanmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp, ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünliginiň onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny äşgär edýändigini aýtdy.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda 15 — 16-njy maýda GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, köptaraply hyzmatdaşlygy, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň goldaw bermeginde bu netijeli gatnaşyklary giňeltmek, dürli çäreleri geçirmek üçin hemme zerur şertler döredilýär.

Häzirki wagtda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti we Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy bilen bilelikde Arkalaşygyň ýurtlarynyň ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynyň wekillerini birleşdirjek foruma taýýarlyk görmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Forumyň netijeleri boýunça degişli Kararnamany kabul etmek meýilleşdirilýär. Şol Kararnamada bu ulgamlarda, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlary, ýaşlar syýasaty, maglumat ulgamy boýunça özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitleniler.

Mundan başga-da, birnäçe resminamalaryň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň mazmunyny baýlaşdyrmak we şol gatnaşyklary işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak, täze taslamalary we başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň halklaryny taryhy taýdan baglanyşdyrýan ýola goýlan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda häzirki forumyň möhümdigini nygtady. Şu ýyl Türkmenistan oňa baştutanlyk edýär.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň bar bolan köptaraply mümkinçiligini iş ýüzünde amala aşyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen forumyň ýokary guramaçylyk derejesini hem-de ähli degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda “Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakyndaky” hem-de “Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Kararlara gol çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepowy şol bir wagtda ýurdumyzyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýewi şol bir wagtda ýurdumyzyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz gol çekilen resminamalary sanly resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini taýýarlamak, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek meseleleri boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminamalary taýýarlamak işleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp ýerine ýetirilýär. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de häkimlikleriň degişli hasabatlaryny, maglumatlaryny taýýarlamagyň tertibi we möhleti kesgitlenildi. Mundan başga-da, hünärmenler üçin usuly gollanmalary taýýarlamak we geňeşleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň we bank ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň çözgüdini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Bu işler milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösüşine, sanlaşdyrylmagyna, hususy pudaga goldaw berilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisinde wise-premýer M.Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň 21 — 22-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Х Halkara gaz kongresini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Forumyň gün tertibine dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ösüş ugurlary, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýeti, tebigy gazyň eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek, gazhimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin ýurdumyzda döredilen şertler, şeýle hem maýa goýum işjeňligi ýaly möhüm meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäde tebigy gazyň iri gorlaryna eýe ýurtlaryň biridigini belläp, onuň birnäçe ugurlary boýunça işjeň energetika syýasatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Köp şahaly gaz geçiriji düzümi döretmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir sebit üçin ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy energiýa howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi, şeýle hem TOPH taslamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Taslamanyň amala aşyrylmagy ykdysady, durmuş we ynsanperwer ulgam boýunça birnäçe meseleleriň oňyn çözgüdini şertlendirer.

Gazy gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilik düzümlerini döretmek boýunça bellenilen meýilnamalar özara peýdaly halkara hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýokarda bellenilen zolaklarda durnukly ýaşaýyş-durmuş, ykdysady hem-de ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmiki howpsuzlygyň derejesini kesgitlemek we hasaba almak hem-de ýertitremäniň täsirini peseltmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde degişli işleri alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmeleriň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik binalar gurulýar, täze şäherdir etraplar we iri ilatly obalar döredilýär, müňlerçe kilometre uzaýan awtomobil ýollary, polat ýollar çekilýär, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala gelýär. Döwlet Baştutanymyz desgalaryň ýokary hil derejesinde, dünýä standartlaryna laýyklykda we ekologiýa talaplaryny, şeýle hem adamlar üçin seýsmiki howpsuzlygy berjaý etmek arkaly gurulmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny degişli derejede durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary berip, ilatyň maglumat üpjünçiligini gowulandyrmak, ýertitremeleriniň öňüni almak we onuň täsirini peseltmek barada degişli düzümleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek wezipeleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýerli çig malyň esasynda halkara hil ölçeglere kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini özleşdirmek, şeýle hem howa ulaglary arkaly ýük daşalyşyny artdyrmak, awtomobillere hyzmat etmegi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Köp pudakly senagatyň ýerli çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmaga esaslanan ylym ugurly önümçilikler ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegini kesgitleýän baş şertlerdir. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny güýçlendirmek, ýerli çig mallardan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň daşary ýurtlardakydan pes bolmadyk görnüşlerini giňeltmek, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak, iň oňat dünýä tejribesini maksadalaýyk öwrenmek we kabul etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz düzüm böleginiň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Içerki we halkara gatnawlarda ýolagçy gatnatmakda hem-de ýük daşamakda raýat awiasiýasyna möhüm orun berilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň iri senagat merkezlerini gurşap alýan hem-de ýerüsti, howa we suw ýollarynyň gatnawlarynda olaryň has amatlylaryny ulanmagy göz öňünde tutýan multimodal logistika ulgamynyň döredilmegi hut şu maksada gönükdirilendir. Munuň özi ibermegiň tizligini artdyrmaga, ýük daşalyşyny dolandyrmak işini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Pudakda awtomobil ulaglarynyň ähmiýeti barha artýar. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen ulag hyzmatlarynyň mukdary ýokarlandy, meşhur döwrebap ulaglar satyn alynýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalardan we dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden ugur alýandygyny belledi.

Milli Liderimiz awtomobil we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň durmuş-ykdysady taýdan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny nygtap, ýurdumyzyň ilatyna we myhmanlaryna ýokary derejede hyzmat etmek üçin hemme şertleri döretmegi tabşyryp, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täze dükanlary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän söwda dükanlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Taslamalar täze desgalaryň şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen sazlaşygy, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ilaty üçin amatlylyk derejesi göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.

Azyk we halkyň sarp edýän harytlarynyň giň görnüşleriniň bölek söwdasynyň guraljak söwda dükanlary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Şolarda hyzmatyň ýokary derejesi ýola goýlar we ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur şertler dörediler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda edaralarynyň ilatly ýerleriň esasy düzümleriniň biridigini belledi. Hut şonuň üçin hem sazlaşykly ösýän paýtagtymyzda söwda dükanlarynyň sany şäher ilatynyň isleglerine laýyk derejede we amatly ýagdaýda artdyrylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap dükanlaryň diňe bir söwda desgalary däldigini, şolarda amatlylygyň, ýokary derejeli hyzmatyň ýola goýulmalydygyny, alyjylaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, söwdanyň guralyşyna täzeçil çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz söwda dükanlarynyň daş görnüşiniň hem özüne çekiji bolmalydygyny belläp, taslamalary durmuşa geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli däp bolan «Soňky jaň» dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Geçiriljek çärelere her welaýatdan okuwda aýratyn tapawutlanan we jemgyýetçilik-durmuş işlerinde işeňňirlik görkezen uçurymlar gatnaşar.

Soňra wise-premýer mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy barada hem hasabat berdi. Häzirki wagtda çagalar dynç alyş merkezleriniň ählisi ýetip gelýän möwsüme doly taýýar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, mekdepleriň uçurymlary üçin «Soňky jaň» güni täze, özbaşdak durmuşa gadam urulýandygyny aňladýandyr. Döwlet Baştutanymyz okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramaga hem-de geçirmäge döredijilikli çemeleşmegi belledi.

Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesliň abadançylygy we bagtyýarlygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryň oňat dynç almagy, wagtlaryny gyzykly we peýdaly, şadyýan geçirmegi üçin hemme çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 15 — 16-njy maýda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.

Forumyň çäklerinde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan bu ugurdaky syýasat bilen myhmanlary tanyşdyrmaga, milli medeni gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň gözelligini hem-de köpdürlüligini, çuň köklerini we häzirki zaman öwüşginlerini görkezmäge gönükdirilen birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistan üçin daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, GDA-nyň çäklerinde medeni gatnaşyklary has-da ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz foruma gabatlanyp geçirilýän çäreleriň medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça hem-de halkymyzyň milli ruhy mirasyny gorap saklamak we öwrenmek işinde ýurdumyzyň gazananlaryny beýan etmek häsiýetine eýe bolmalydygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerine gözegçiligiň gowşadylandygyna, olara bildirilýän talaplaryň derejesiniň peseldilendigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz birnäçe ýolbaşçylar tarapyndan garamagyndaky düzümlerde düzgün-tertibiň köplenç bozulýandygyny, dürli ýaramaz ýagdaýlara ýol berilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy A.Hudaýberdiýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy. Garamagyndaky ýolbaşçylaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa käýinç yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz ýol berlen kemçilikleri gysga möhletde düzetmek barada görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň teklibi esasynda M.Gandymowany başga işe geçmegi sebäpli, «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatmak hem-de bu neşiriň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi «Nesil» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary L.Kurbanowanyň üstüne ýüklemek baradaky çözgüdini yglan edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň we ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hususan-da, häzirki döwürde welaýatlarda gowaça ekişi bilen bir hatarda, gögeriş gazanylan ýerlerde agrotehniki kadalara laýyklykda ilkinji hatarara bejergi we ýekeleme işleri alnyp barylýar. Şeýle hem güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda, 15 — 16-njy maýda Aşgabatda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Mejlisiň gün tertibine tohumçylyk, seçgi, üzümçilik we bagçylyk boýunça döwletara hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy giriziler.

Şol günlerde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda halkara ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanda 2019-njy ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda» kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Balkan we Mary welaýatlarynda 17 müň 900 gektar meýdanda güýzlük gant şugundyryny ekmek we ondan 224 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişini bellenilen möhletde tamamlamak hem-de galla orujy kombaýnlary, awtoulaglary, beýleki tehnikalary, degirmenleri we galla saklamaga niýetlenen ammarlary galla oragyna degişli derejede taýýarlamak boýunça wise-premýere zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi geljekki bol hasylyň möhüm şerti bolup durýar. Gowaçanyň, bugdaýyň hem-de beýleki ekinleriň ýerli toprak we howa şertlerine laýyk gelýän täze görnüşlerini çykarmak, tohumçylyk babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek, tohumçylygyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler işjeňleşdirilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ähmiýeti barada aýdyp, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

«Türkmenistanda 2019-njy ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda» Karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz resminamany sanly resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere ugratdy we bu işleri guramaçylykly geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly aragatnaşyk boýunça mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde dowam etdi, oňa Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem çagyryldy.

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakyndaky» Karara gol çekip, hökümet agzalaryna Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde dykgatly işläp, ýaşaýyş-durmuş ugruna, zähmet haklarynyň möçberini köpeltmäge hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga esasy üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron dolanyşygy ulgamy boýunça gol çekilen resminamany wise-premýer G.Myradowa iberdi hem-de 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýar bolansoň, seretmek üçin ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň örän gowşak işleýändigini nygtady. Ministrligiň ýolbaşçysy özüne degişli bolmadyk ähli borçlardan boşadyldy. Häzirki döwürde onuň esasy wezipesi ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň we binagärligiň hiline gözegçilik etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda görülýän çäreleriň üstünde durup geçip, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin adamlara mellek ýerleriniň berilýändigini belledi. Bu işleriň alnyp barlyşyna, kimiň nähili gurýandygyna, jaýlaryň gat sanyna we binagärlik ýagdaýynyň nähilidigine bolsa hiç kim gözegçilik etmeýär. Şoňa görä-de, gurluşyk işleri talabalaýyk alnyp barylmaýar, gurluşyk we arassaçylyk kadalary bozulýar. Muňa bolsa hiç kim seretmeýär.

Her welaýatda häkimiň gurluşyk boýunça orunbasary, gurluşyk bölümi bar. Etraplarda hem gurluşyklar üçin jogapkär adamlar bellenen. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, bu ýagdaýy gyssagly seljermegi hem-de işleri düzetmek üçin görlen çäreler barada Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýakynda geçiriljek möhüm çäre — halkara gaz kongresi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, wise-premýer M.Meredowa ýurdumyzyň bu mesele boýunça diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem esasy orunlaryň birini eýeleýändigini göz öňünde tutup, gaz kongresini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Çakyýewe ýüzlenip hem-de täze howa menzillerini gurmak, gurluşyk senagatyny ösdürmek, sement we metallurgiýa zawodlaryny gurmak baradaky meseleleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, Ministrler Kabinetiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisine bu ugurdaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda möhüm döwrüň ýetip gelýändigini, ýakyn wagtda galla oragynyň başlanýandygyny belläp, wise-premýer E.Orazgeldiýewe orak möwsümi bilen bagly ähli meselelere ýene-de bir gezek düýpli seredip, oňa gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we türkmen halkyna ýüzlenip, 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk mejlisiniň işiniň dowamynda ýurdumyzyň bu guramanyň üç sany möhüm edarasyna, ýagny Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine 2020 — 2022-nji ýyllara, Ilat we ösüş boýunça Komissiýasyna 2020 — 2024-nji ýyllara hem-de Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyna 2020 — 2023-nji ýyllara saýlanandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň bu düzümlere saýlanmagy biziň ýurdumyzyň dünýäde abraýynyň artýandygyna, häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň örän möhüm meselelerini çözmekde uly ornunyň ykrar edilýändigine ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ynsanperwer meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly, köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistan üçin köp ýyllardan bäri durnukly ýagdaý bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk özüniň netijelidigini, biziň uzak möhletli milli bähbitlerimize hem-de halkara bileleşigiň strategik maksatlaryna laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi.

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ugurly ýöriteleşdirilen ençeme agentlikleri hemişelik esasda işleýär. Häzirki döwürde biz Birleşen Milletler Guramasy bilen azyk howpsuzlygy, ilatyň ösüşi, neşelere garşy göreşmek meselelerini çözmekde işjeň hyzmatdaşlyk edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli, sebit we dünýä derejelerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de iýmitlenmegi gowulandyrmak döwletimiziň halkara işiniň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýokary derejede Azyk forumyny çagyrmak başlangyjy bilen hem çykyş etdi. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ilatymyzyň iýmitiniň düzümini gowulandyrmakda, azyk harytlaryny zerur bolan lukmançylyk goşundylary bilen baýlaşdyrmakda uly üstünlikleri gazandy.

Türkmenistanyň uly üstünlige eýe bolan tejribesi bütin dünýäde ykrar edildi. Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň saýlanan agzasy hökmünde biziň ýurdumyz bu tejribesini gyzyklanýan ähli ýurtlar we guramalar bilen paýlaşmaga taýýardyr.

Ilatyň meselelerini çözmäge Türkmenistanyň goşan goşandy uludyr, ýurdumyzda nesil saglygy babatda ençeme möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, demografik syýasaty alyp barmak, eneligi we çagalygy goramak üçin doly amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen ýurt hem-de sebit taslamalarynyň amala aşyrylandygyna hem ünsi çekdi.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň neşelere garşy barlyşyksyz göreşi dowam edýändigini, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy gönükdirilen iş ýüzündäki hereketleri amala aşyrýandygyny, bu ugurda degişli milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy möhüm waka — ýurdumyzyň BMG-niň ýokarda ady agzalan edaralarynyň üçüsiniň düzümine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredowa şu waka bilen baglylykda dessine, tanyşdyryş brifingini geçirmegi, şeýle hem ýurdumyzyň bu örän möhüm guramalara işjeň gatnaşmagynyň iş meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda şeýle hem döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter