Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 11.05.2019 // 446 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň apreli aralygynda geçiriljek Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak, enjamlaşdyrmak, bezemek we dolandyrmak hem-de sergi tamamlanandan soňra söküp aýyrmak bilen bagly hyzmatlary ýerine ýetirmek barada «Tekmil» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter