Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

опубликованно 14.05.2019 // 224 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna şu ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen XIV forumyny hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň deňhukukly gatnaşyklary berkitmäge önjeýli goşant goşmak arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meselelerine oňyn çemeleşmelerini üýtgewsiz beýan edýändigi bellenildi. Şeýlelikde, şu ýylda ýurdumyzyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde birnäçe çäreler, şol sanda Ykdysady geňeşiň mejlisi we GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşi, Ykdysady forum geçirildi. Şolaryň hemmesi örän netijeli boldy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerindäki däp bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň halklaryny baglanyşdyrýan taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. GDA başlyklyk etmek wezipesiniň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýän ýurdumyz dürli ugurlardaky döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini esasy ugur edinýär. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belledi we onuň işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda öňde boljak forumyň gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forumyň baş maksadynyň netijeli gatnaşyklar we tejribe alyşmak, döredijilik hem-de ylmy gatnaşyklary höweslendirmek we ony mazmun taýdan baýlaşdyrmak, özara gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny taýýarlamak hem-de bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady döretmekden ybaratdygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine möhüm üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Bu babatda Türkmenistan GDA-nyň howandarlygynda birnäçe iri çärelere gatnaşdy. Hususan-da, 2012-nji hem-de 2016-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary we Daşoguz şäherlerinde netijeli çäreler guraldy. Şolaryň hemmesi, şeýle hem GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 2012-nji ýylda Aşgabatda geçirilen VII forumy ýokary guramaçylyk derejesinde uly üstünlikli geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman Arkalaşygyň çäklerinde möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary babatda hem pikir alyşdylar. Häzirki ýagdaýy we täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly ykdysady kuwwatyň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda boljak mejlisine, beýleki möhüm duşuşyklara we milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Arkalaşygyň beýleki ýurtlarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýän Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyk meselelerine deglip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň umumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter