Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady | TDH
Medeniýet

Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady

опубликованно 16.05.2019 // 161 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady.

Abraýly çäre Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň 200-den gowragyny ýygnady. Olaryň arasynda belli döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, alymlar, ýazyjylar, suratçylar we beýlekiler bar. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin foruma gatnaşyjylara Gutlag hatlaryny iberdiler. Munuň özi iki döwletiň Liderleriniň köptaraply hyzmatdaşlykda ynsanperwer ugruna uly ähmiýet berýändikleriniň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, çärä aýratyn öwüşgin we syýasy derejelilik berdi.

Forumyň ikinji güni ugurdaş bölümçeleriň üçüsinde forumyň işi bir wagtda geçdi. Onuň barşynda foruma gatnaşyjylar medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Forumda häzirki şertlerde maddy we ruhy mirasy işjeňleşdirmek, köpugurly maglumat aragatnaşygyny emele getirmek, döredijilik alyş-çalyşmalar, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek we beýleki meseleler gozgaldy.

Şeýlelikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolan «Arkalaşygyň medeniýeti: hyzmatdaşlygyň köpugurly dili» atly bölümçede sungat, muzeý we kitaphana işlerinden başlap, neşir işlerine we beýlekilere çenli köp ulgamlary öz içine alýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Bu ugurlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, jemgyýetimiziň ruhy-medeni ösüşiniň ählitaraplaýyn ýokarlandyrylmagyna, ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garalmagyna, türkmen halkynyň gadymy däpleriniň nesillerden-nesillere geçirilmegine, özboluşly milli adatlaryň, ene diliň goralyp saklanylmagyna gönükdirilendir.

«GDA-da bilim we ylym: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary» atly ikinji bölümçe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaýbaňlandy. Bu ýerde binýatlaýyn we amaly ylmy-barlaglaryň möhüm ugurlary, tehnologik işläp taýýarlamalar görkezildi. Türkmenistanyň we Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyrylan hünär öwretmegiň we pedagogik tejribäniň usulyýetinde täzeçillikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Üçünji bölümçe «2019-njy ýyl — GDA-da Kitap ýyly» diýip atlandyryldy. Bölümçäniň işi Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi merkezinde geçirildi. Forumyň wekilleri sanlaşdyrmak eýýamynda adaty kitap medeniýetini ösdürmek we gorap saklamak, okamagy we media sowatlylygy wagyz etmek, şeýle hem Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda geçýän edebiýat çärelerini kemala getirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunda Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni gatnaşyklaryndaky orny nygtaldy. Bu gatnaşyklara ýokary derejede goldaw berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan medeni syýasaty netijesinde ýurdumyz bu gepleşiklere işjeň gatnaşýar, öz çäginde iri çäreleri hemişe ýokary guramaçylyk derejesinde kabul edýär. Häzirki döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Günüň ikinji ýarymynda Döwlet kitaphanasynda «Sowgatlyk kitaplar» atly däbe öwrülen çäre geçirildi. Ýurdumyzyň döwlet kitaphanasyna GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy tarapyndan rus nusgawy we häzirki zaman edebiýatynyň neşirleri sowgat berildi.

Mundan başga-da, dürli ýurtlardan gelen medeniýet işgärleri — suratçylar, heýkeltaraşlar, kompozitorlar, dirižýorlar, teatr artistleri we beýlekiler ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de Aşgabadyň ugurdaş ýörite orta okuw mekdepleriniň okuwçylary üçin ussatlyk sapaklaryny berdiler. Şeýle netijelilige beslenen duşuşyklar Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda hem geçirildi.

Myhmanlar ýaş kärdeşleri bilen tejribelerini we hünär ussatlyklaryny paýlaşdylar, iş ýüzünde birnäçe çylşyrymly tehniki usullary görkezip, okuw sapaklaryny geçdiler. Şeýle hem daşary ýurtly alymlaryň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň ýaş işgärleri bilen duşuşygy boldy.

GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumynyň ýapylyş dabarasy wekilleri ýene-de «Mekan» köşgüne ýygnady. Bu ýerde dürli bölümçelerde we dürli görnüşlerde geçen işjeň iki günlük işiň jemi jemlenildi. Arkalaşygyň giňişliginde ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maslahatlar taýýarlanyldy. Ol maslahatlar forumyň kabul edilen Rezolýusiýasynda öz beýanyny tapdy.

Resminamada, hususan-da, Arkalaşyga girýän ýurtlaryň medeni we tebigy mirasyny gorap saklamak ulgamynda bilelikdäki taslamalary goldamaga çagyryş beýan edilýär. Ol taslamalar taryhy, sungaty, medeniýeti öwreniş, muzeý we arhiw işleri, rejeleýiş, şeýle hem ülkäni öwreniş we taryhy-medeni landşaftlary gorap saklamak ulgamlarynda hünärmenleriň hünär gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Onda GDA ýurtlarynyň dillerini, taryhyny we milli däplerini ählitaraplaýyn öwrenmek we wagyz etmek üçin ylym, bilim, medeniýet, jemgyýetçilik birleşikleri guramalarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigi bellenilýär.

Aşgabat Rezolýusiýasy teatr, kino, telewideniýe we beýleki ulgamlarda halkara döredijilik toparlaryny kemala getirmek, kämilleşdirmek boýunça täze taslamalara badalga bolup biler. Onda Arkalaşyga girýän ýurtlaryň umumy bilim giňişligini ösdürmegiň, «elektron bilimiň», ylym we innowasiýa ulgamlarynda özara gatnaşyk etmegiň meseleleri aýratyn orun eýeleýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Türkmenistanyň Baştutanyna netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler, Aşgabatda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirilýär.

Şol gün agşam Mukamlar köşgünde GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti forumyň ajaýyp aýdym-sazly jemlenmesine öwrüldi. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň binýadynda döredilen zehinli we geljeklerine uly ynam döredýän ýerine ýetirijiler topary milli saz medeniýetiniň gymmatlyklaryna beslenen, ajaýyp mukamyň inçe syrlaryna baý bolan sazlary ýaňlandyrdylar. Bu ýerde türkmen sazandalarynyň we GDA döwletlerinden bolan kompozitorlaryň eserleri ýerine ýetirildi.

Sahnada dirižýorlyk ornunda üç nesliň wekilleri — Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, Russiýa döwlet kinematografiýa simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy Sergeý Skripka, ýaş türkmen saz ussady Resul Gylyjow we ýaş Murtuza Bülbül Polat ogly biri-biriniň ornuny çalşyp, çykyş etdiler.

Konsert Nury Halmämmedowyň döreden «Aşgabat hakyndaky aýdymy» bilen açyldy. Ony Türkmenistanyň halk artisti, «Arkalaşygyň ýyldyzy» atly döwletara baýragynyň eýesi Atageldi Garýagdyýew ýerine ýetirdi. Şeýle hem Daňatar Öwezowyň, Weli Muhadowyň türkmen saz eserleri ýaňlandy. Bu ýerde Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň kompozitorlarynyň sazlary hem ýaňlandy.

Tomaşaçylar söýgüli kinofilmleriniň tanyş sazlaryny, meşhur aýdymlary hem diňlediler. ÝUNESKO tarapyndan XX asyryň ajaýyp nusgasy diýlip ykrar edilen Ýewgeniýa Dogi meşhur «Wals» saz eserini, Aram Haçaturýanyň mundan 60 ýyl ozal döreden, her gezek hem täzeden «Men bir gyza duş geldim» diýen sözler bilen açylýan dünýä belli «Gylyçly tans» eseri ýerine ýetirildi.

Tomaşaçylar Türkmenistanyň halk artisti, belent sesli Polat Bülbül ogluny dowamly el çarpyşmalar bilen garşylady. Ol hemmelere «Gorkma, men seniň bilen» atly kinofilmdäki «Biz göreşmek bilen, nähili ýaşadyk» aýdymyny sowgat etdi.

Konsert Atageldi Garýagdyýewiň we Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan» atly watançylyk ruhly, kompozisiýaly aýdym bilen tamamlandy. Bu dabaraly aýdymda türkmen halkynyň buýsanjy, jebisligi we bitewüligi beýan edilýär.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň adyndan konserte gatnaşan artistlere owadan gülli sebet gowşuryldy.

Ýurdumyzda medeniýet, ylym işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, metbugat wekilleriniň, bu ugurlar üçin hünärmenleri taýýarlamakda, ýaş zehinleri goldamakda we höweslendirmekde, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamakda, ählitaraplaýyn öwrenmekde we ösdürmekde döwlet Baştutanymyzyň şahsy goldawy we orny diýseň uludyr. Milli miras diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzat üçin hem uly gymmatlykdyr. Milli Liderimiz häzirki zaman maglumat jemgyýetini kemala getirmekde giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy bu ugurda ýene bir möhüm ädim boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter