Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 25.05.2019 // 133 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan we Maltadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, Ukrainanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa karbamidi satyn aldylar (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň “Söwda öýi”).

Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Azerbaýjandan we Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, portlandsementi, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 25 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 8 million 70 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük we maşyngurluşyk önümleriniň giň görnüşini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter