Türkmen Liderini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza baýramy bilen gutlaýarlar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen Liderini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

опубликованно 04.06.2019 // 329 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Oraza baýramy mynasybetli Size iň oňat gutlaglarymy iberýärin.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Siziň ýurduňyzyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Gadyrly dostum, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Biziň doganlyk halklarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda giňden bellenilýän rehimdarlygyň, asyllylygyň we ynsanperwerligiň baýramy bolan mukaddes hem-de nurana Oraza baýramy mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy kabul ediň!

Soňky ýyllarda biziň pugta syýasy erkimiz netijesinde özbek hem-de türkmen halklarynyň taryhy, dini we medeni umumylygyna esaslanan ikitaraplaýyn dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalanýandygyny kanagatlanma bilen nygtamak isleýärin.

Biziň umumy tagallalarymyz netijesinde strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykan hem-de iki ýurduň halklarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna hyzmat edýän özara bähbitli özbek-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Prezident, Siziň Alyhezretiňiz, şu mukaddes we nurana baýramçylyk günlerinde Beýik Biribardan Size uzak ömür, berk jan saglyk we maşgala bagtyýarlygyny, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş dileg edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýagşylykdan hem-de ýyly mähirden doly şu mukaddes günlerde, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size asylly işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Goý, dünýäde ähli musulman ymmaty tarapyndan uly şatlyk bilen garşylanýan mukaddes Oraza baýramy biziň özara gatnaşyklarymyzy we abadançylygymyzy mundan beýläk-de berkitsin we artdyrsyn!

Tüýs ýürekden çykýan arzuwlar bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy bilen gutlaýaryn.

Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym
Halima ÝAKOB maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, ähli musulman ymmatynyň mukaddes Oraza aýy wagtynda beren sadakalary we eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Yslamyň ynsançylyk çäkleriniň birini açýan, ýagşylyga we asylly işlere, birek-birege kömek bermäge we rehimdarlyga çagyrýan bu röwşen Oraza baýramy, goý, biziň ählimize päklik bagyş etsin!

Beýik Biribaryň rehimdarlygyndan doly şu günlerde Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we maşgalaňyza bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden çykýan arzuwlar bilen,

Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň päk ýürekli halkyna tüýs ýürekden çykýan şatlyk bilen gutlaglarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan mukaddes Oraza aýynda edilen ähli doga-dilegleri kabul etmegini hem-de ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, ylalaşyk we rowaçlyk bagyş etmegini dileg edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Abdulla ABDULLA,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutlaglarymy hem-de iň oňat arzuwlarymy ýollaýaryn.

Singapur Respublikasynyň Premýer-ministri
Li Sýan LUN maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende örän uly kanagatlanma döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk dileg edýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de tüýs ýürekden dostluk we hormat goýýandygym baradaky sözlerimi kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Muhammed bin Raşid AL-MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri,
Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende örän uly kanagatlanma döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk dileg edýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de tüýs ýürekden dostluk we hormat goýýandygym baradaky sözlerimi kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Muhammed bin Zaýed AL-NAHAÝAN,
Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaýaryn hem-de bu baýramyň tutuş adamzada, şol sanda ähli musulman ymmatyna parahatçylyk we bagtyýarlyk getirjekdigine umyt edýärin.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Size belent hormat goýýandygym barada Siziň Alyhezretiňizi ynandyrýaryn.

Bagdad AMREÝEW,
Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter