Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat | TDH
Syýasat habarlary

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat

опубликованно 05.06.2019 // 127 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi bilelikde gurady.

Paýtagtymyzda ekologiýa ulgamyna degişli halkara maslahatlaryň we forumlaryň her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamyndaky möhüm meseleleri çözmekde, Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýäde ekologiýa maksatnamalaryny hem-de taslamalary durmuşa geçirmekde eziz Diýarymyzyň eýeleýän ornunyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1972-nji ýylda esaslandyran Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni halkara jemgyýetçiligi ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde tagallalary işjeňleşdirmäge çagyrýar. Häzirki döwürde her bir adamyň geljek nesillere galdyrylýan miras hakda pikirlenmek we daşky gurşawyň ýagdaýyna seljerme bermek işine gatnaşmak hem-de onuň gözelligini, baýlygyny geljege gönükdirmek mümkinçiligi hakynda oýlanmagy zerur bolup durýar.

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde her ýyl bu senäniň bellenilýän günlerinde maslahatlar, dürli sergiler, duşuşyklar, gepleşikler, şol sanda «tegelek stollar» bäsleşikler hem-de konsertler, guralýar. Bu çäreler ýurdumyzyň raýatlarynyň döwletimiziň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak we artdyrmak, mähriban ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler barada doly maglumat almagyna gönükdirilýär.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli dabaralar «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda hormatly Prezidentimiziň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek boýunça işleriň giň gerime eýe bolmagyny şertlendirýär.

Häzirki geçirilýän foruma ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň tebigaty goraýyş edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, pudaklaýyn düzümleriň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň alym-ekologlary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekilleriň sany Türkmenistanyň iri halkara guramalar we ekologiýa babatda ylmy-barlag merkezler bilen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini äşgär edýär. Maslahata gatnaşýanlaryň hatarynda BMG-niň we onuň düzümleýin bölümleri bolan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy býurosynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýlekileriň tebigaty goraýyş düzümleriniň hünärmenleri bar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, amatly daşky gurşaw arkaly halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek we olary geljek nesillere has ajaýyp görnüşde geçirmek maksady bilen, netijeli peýdalanmak ýaly meseleler döwletimiziň ekologiýa babatda alyp barýan syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi, daşky gurşawa zyýansyz önümçiligiň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan islendik döwlet maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýar. Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşky gurşawy goramakda umumadamzat ähmiýetli içeri we daşary syýasaty ýöredýär. Durnukly ösüşe ýetmekde halkara tagallalara goldaw bermek döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň wajyp ugruna öwrüldi.

2016-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda durnukly ösüş babatda maksatlaryň 17-si we şonuň bilen baglanyşykly wezipeleriň 169-sy resmi taýdan güýje girdi. Olar «2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň gün tertibinde» beýan edilýär. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň sammitinde dünýä Liderleri tarapyndan kabul edildi. Suw serişdelerini üpjün etmek we şolary netijeli peýdalanmak, arassaçylygy ýola goýmak sammitiň işiniň esasy ugruna öwrüldi. Şunda, howanyň üýtgemegine we onuň zyýanly täsirlerine garşy göreşmek, ummanlaryň, deňizleriň we olaryň serişdeleriniň saklanmagy, netijeli peýdalanmagy, çölleşmä garşy göreş ýaly ugurlar esasylaryň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir.

BMG-niň tebigaty goramak boýunça möhüm ylalaşyklaryny, şol sanda biologik dürlülik, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakyndaky Konwensiýalary, suw-batgalyk ýerleri hakyndaky Ramsar, çölleşmä garşy göreş boýunça, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýalaryny we beýlekileri tassyklap, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdebaryjy tejribä, täzeçil tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere daýanýan ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşiň esasy gurallarynyň biri hökmünde kesgitlän «ýaşyl ösüş» strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini saklamak hem-de dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tebigy we tehnogen ýagdaýlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almak hem-de töwekgelçiligini peseltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz suwy netijeli peýdalanmak boýunça başlangyçlary öňe sürüp, oňyn Bitaraplyk, birek-birege hormat goýmak hem-de deňhukukly we halkara hukuk kadalaryna kybap gelýän suw syýasatyny ýöredýär.

Türkmenistan suwuň dünýäniň halklarynyň umumy baýlygy, şeýlelikde, her bir adamyň arassa agyz suwuna bolan düýpli hukugyny üpjün etmek ýaly adalatly ýörelgä eýerýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda suw serişdelerine elýeterliligiň, şolaryň netijeli dolandyrylmagynyň döwletleriň ösüşine, ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna, adamlaryň abadançylyk derejesine we durmuş hiline uly täsiriniň bardygyny belledi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda sebitiň durnukly ösüşi üçin möhüm ugurlar, hususan-da, söwda, ulag, suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, energetika, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlaryndaky bilelikdäki işiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hyzmatdaşlygyny gowulandyrmagyň, aýratyn-da, serhetüsti çäklerde ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ýaýratmagyň halkara derejede suw maksatlary boýunça ylalaşyklary gazanmak üçin ähli derejede suw hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça wajyp ugurlardygy nygtaldy.

Şeýle hem maslahatda daşky gurşawy goramakda, ýurduň içinde suw serişdelerini durnukly dolandyrmakda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň möhümdigi bellenildi, Merkezi Aziýanyň suw diplomatiýasynyň daşky gurşawy goramak babatda we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ýüze çykýan esasy meseleler we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde köptaraply institutlaryň hem-de olaryň hyzmatdaşlygynyň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ugurdaş edaralarynyň bilermenleri bu ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler, bu işleri mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi bilen Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Resminama özara gatnaşyklaryň berkidilmegine, döwlet we sebit düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Umuman, maslahatyň dowamynda suw serişdeleriniň çeşmelerini dikeltmekde köptaraply gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik görnüşleri hökmünde suw diplomatiýasynyň möhüm orny, olaryň parasatly we tygşytly sarp edilişi barada 2015-nji ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen Bütindünýä suw maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilkinji gezek beýan edilendigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem sebit gatnaşyklarynyň oňyn ösüşi, sebitde suw diplomatiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek, milli, sebit we halkara merkezlere goldaw bermekde netijeli gatnaşyklaryň meseleleri boýunça utgaşdyrylan çäreleri işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleriň artýandygy nygtaldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter