Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 08.06.2019 // 117 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Gazagystandan, Özbegistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 329 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Şotlandiýadan we Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 724 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter