Watan goragçysy bolmak — belent hormat we jogapkärçilik | TDH
Jemgyýet

Watan goragçysy bolmak — belent hormat we jogapkärçilik

опубликованно 15.06.2019 // 253 - просмотров
 

Ir bilen Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança Harby akademiýanyň, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasynyň geçýän ýerine öwrüldi.

Harby akademiýanyň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň institutynyň uçurymlary bir bitewi nyzama düzüldiler.

Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent baýdak sütüniniň ýanyndaky meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy.

...Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dabaraly waka mynasybetli iberen Gutlagy okalýar.

Soňra Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi baradaky diplomlary we serkerdelik şahsyýetnamalary gowşurmak dabarasy başlanýar.

Diplom alan her bir uçurym Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip we gadymy milli dessura eýerip, harby kasama wepalylygyň, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize gulluk etmegiň, gahryman pederlerimiziň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirmäge taýýarlygyň nyşany hökmünde kasam kabul etdiler.

Dabarada Hormat garawulynyň esgerleriniň we teatr artistleriniň türkmen halkynyň taryhynda aýdyň sahypalary ýazan milli gahrymanlarymyzyň keşbini döredýän edebi sazly hem-de görkezme çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabara esasy gatnaşyjylaryň harby ýörişi öz ykbalyny Watan goragçysynyň hormatly hünäri bilen baglan her bir esgeriň-talybyň durmuşynda iň bir möhüm günleriň birini alamatlandyrdy.

Ýurdumyzyň goranyş kuwwaty diňe bir häzirki zaman harby tehnikasyna bagly bolman, eýsem, milli harby ýörelgeleriň iň gowy däpleriniň mynasyp eýerijileri bolmaga çalyşýan, söweş endiklerini we öňdebaryjy tehnologiýalary ussatlarça ele alýan, dürli bilimleri özleşdirýän, türkmen goşunynyň iň oňat däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolmaga çalyşýan esgerleriň we serkerdeleriň taýýarlyk derejesine baglydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy esasynda işlenip taýýarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranmak häsiýetine eýe bolan harby doktrinasy goranyş häsiýetlidigi netijesinde ýaş esgerleri taýýarlamak işi bilim almagyň iň bir häzirki zaman talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, okuwlaryň üsti kompýuterler we multimediýa enjamlary, internet, elektron ulgamy bilen ýetirilýär, okuw okadylyşy yzygiderli kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar.

Häzirki döwürde harby talyplar öňdebaryjy tejribäni özleşdirýärler, söweşjeň endikleri, öňdebaryjy tehnologiýalary kämil derejede ele alýarlar, dürli ylymlary öwrenýärler, şeýle hem ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine eýermegiň, Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çuňňur söýginiň, watansöýüjiligiň ýokary nusgasyny görkezýärler.

Döwletimiz Watan goragçylary we olaryň maşgala agzalary üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, sport toplumlaryny we saglyk merkezlerini, harby şäherçelerde we serhet galalarynda bar bolan täze binalary we desgalary gurýar. Olar ýokary halkara ülňülere doly laýyk derejede bina edilýär.

Dabaraly çärelere gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk Ýüzlenmesini kabul etdiler. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk beýan edilýär.

Ýaş serkerdeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine Türkmenistanyň howpsuzlygynyň, onuň bitewi konstitusion gurluşynyň, döwlet serhetleriniň bitewüliginiň we eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegi, şeýle hem kanunçylygyň, hukuk tertibiniň berkidilmegi ugrunda ähli güýç-gaýratyny, bilim-tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter