Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

опубликованно 31.07.2015 // 877 - просмотров
 

Awaza, 31-nji iýul /TDH/. Balkan welaýatynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.

Döwlet Baştutanymyz ynsan saglygyny goramagyň baş şerti bolýan sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi Türkmenistanyň durmuş syýasatynda öz beýanyny tapyp, onuň maksady halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý nesli terbiýelemek üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr. Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we täze belentliklere tarap okgunlylygyň nyşanydyr. Hut şonuň üçin bu gün Türkmenistanda sportyň muşdaklary artýar hem-de jemgyýetde möhüm ähmiýete eýe bolýar we häzirki döwrüň baş şygaryna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa bu babatda şahsy görelde bolýar.

Ir bilen sport maşklary bilen meşgullanmak ýaly asylly ýörelgesine eýerip, hormatly Prezidentimiz deňziň kenaryndaky şypahana zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Döwlet Baştutanymyz nobatdaky gezek yzygiderli türgenleşikler arkaly gazanylýan beden taplygyny görkezdi.

Barha gözelleşýän we täzelenýän halkara derejesindäki dynç alyş merkezi munuň aýdyň mysaly bolup, ony döretmek pikiri milli Liderimize degişlidir. Gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk, ägirt uly durmuş-ykdysady ähmiýetli bu maýa goýum taslamasy häzir sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň täzeçil nusgasyna öwrüldi.

“Awaza” taslamasy syýahatçylyk ulgamynyň okgunly ösmegine badalga berip, Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň esasyny düzýän zatlaryň birbada birnäçesini—ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, howa aýratynlyklaryny hem-de amatly üstaşyr ulag ýagdaýyny, şonuň esasynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny özünde birleşdirdi.

Günsaýyn kemala gelýän dynç alyş merkezi myhmanhanalar, medeni-dynç alyş, sport we kongres-sergi desgalary bilen gözüňi dokundyrýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, gök zolaklar, seýilgähler we seýilbaglar arkaly döredilýän daşky gurşaw bu ýerde ýaşaýyş giňişligini guramagyň esasy ýörelgesi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz dynç alyş ulgamynyň esasyny düzýän sportuň ösdürilmegine, bu ýerde köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda olaryň ýurdumyzda ösüp başlan görnüşleri boýunça çäreleri geçirmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berýär.

Geçen ýylyň tomsunda “Awazada” ilkinji gezek geçirilen windserfing
boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlar ýurdumyzyň ýelkenli sport mekdebiniň kemala gelmegine uly itergi berdi.

Döwdet Baştutanymyz daşky gurşawa aýawly garamagyň, oňaýly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň möhümdigini aýratyn belleýär. Sebäbi “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň esasy ugry sagaldyş ulgamy bilen bagly bolup, munuň özi deňiz ýkasynyň täsin howa şertleri, bu ýerde bejeriş häsiýetli suw mineral serişdeleriniň bolmagy bilen şertlendirilendir.

Ýakyn geljekde Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dünýä derejesindäki dynç alyş merkezleriniň we kaşaň myhmanhanalaryň ýene-de birnäçesi peýda bolar. Täze deňiz menzili gurlar, giň gerimli dynç alyş düzümi, kinoteatrlary, ýahta we sport klublaryny, Okeanariumy öz içine alýan düzüm dörediler. Döwlet Baştutanymyz bularyň hemmesiniň watandaşlarymyzyň bähbidine, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Şunda “Awazada” dynç alýan adamlara ýokary amatlylygyň we hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine aýratyn üns berildi. Tomus paslynyň--dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen bu aýratyn-da möhümdir. Çünki adamlaryň hemmesi diýen ýaly bu ýere dynç almaga maşgalalary, çagalary bilen gelýärler. Hormatly Prezidentimiz adamlaryň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny gyzykly, peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşini, welosipedleri giňden ulanmak, welosiped ýollaryny we beýlekileri gurmak maksadalaýyk bolup durýar. Geljekde “Awazada” uly ýaryşlary, şol sanda welosiped ýaryşlary boýunça halkara derejesindäki ýaryşlary geçirip bolar.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berýär. Munuň özi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde has-da möhümdir.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda degişli çäreler, şol sanda Umumymilli oýunlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Geçen sekiz ýylyň içinde amala aşyrylan giň gerimli özgertmeler netijesinde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenary ülkäniň syýahatçylyk serişdelerini netijeli, şol bir wagtda aýawly özleşdirmegiň mysaly bolup, syýahzatçylyk zolagynyň dürdänesine öwrüldi.

...Soňra döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazaryň kenarynda balyk tutmak bilen meşgullandy. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde balyklaryň dürli görnüşleriniň bolmagy ösümliklere we balyklara baý bolan Hazaryň türkmen kenarynyň ekologiýa arassalygy bilen şertlendirilendir. Hazar deňziniň çäginde ösýän ösümlikleriň we bu künjekde ýaşaýan deňiz jandarlarynyň köpüsiniň başga hiç ýerde duş gelmeýändigi olaryň häsiýetli aýratynlygydyr. Hazar deňzinde balyklaryň 100-den gowrak görnüşi duşýar. Olaryň 48 görnüşi Hazaryň türkmen böleginde, Hazar döwlet tebigy goraghananyň çäklerinde duş gelýär. Olar özleriniň daşky keşbi, möçberi, ösüş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar. Bu ýerde duş gelýän balyklaryň iň ulularynyň uzynlygy 5 metre, iň kiçisinki bolsa bary-ýogy 45 millimetre barabardyr. Deňizde bekre, takgaz, kepir ýaly balyklar köpdür.

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda tebigaty goramak, suw, ýer hem-de biologiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak, bioköpdürlüligi we tebigy ýerleri aýawly saklamak, howanyň hapalanmagyny peseltmek, çölleşmä we tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilata ekologik taýdan bilim bermek babatda uly işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak hakynda kanunlaryň toplumy kabul edildi, giň gerimli ekologiýa maksatnamalary tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan Hazar deňziniň sebigy gurşawyny goramak, sebitiň ekologiýa meselelerini çözmek babatda Hazarýaka döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirýär, ylmy işleri geçirýär. Türkmenistanyň Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany sebitiň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup tassyklamagy guwançly ýagdaýdyr.

Şu ýylyň maýynda ýurdumyz tarapyndan Hazar deňzini ýerüsti çeşmeler bilen we gury ýerde amala aşyrylýan işler netijesinde hapalanmagyndan goramak baradaky Teswirnama hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa bioköpdürlüligi saklamak baradaky Teswirnama tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, “Rio+20” Bütindünýä maslahatynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny goramak boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada teklipler we beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan bioköpdürlüligi we tebigy ýerleri, hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologiýa taýdan arassalygyny goramak boýunça ähmiýetli taslamalar öz miwelerini berýär. Soňky ýyllarda bu ýerde ýaşaýan balyklaryň görnüşleri ep-esli artdy. Olar öňden bäri gojaman Hazaryň türkmen kenarynyň baýlygy hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz balyk tutmagy tamamlap, Hazaryň ekologiýa gurşawyny hemişe gözegçilikde saklamak, bu künjegiň amatlylygyny ýokarlandyrmak meselelerine üns bermegiň zerurdygyny belledi. Çünki bu ýerler ekologiýa syýahatçylygy üçin aýratyn gyzyklanma döredýär, tebigatyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna gözegçilik edilmegi häzir bütin dünýäde onuň meşhur ugurlarynyň birine öwrülýär. Awaza bolsa dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylary, jahankeşdeleri we täsin täsirleriň muşdaklaryny çagyrýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter