BEÝIK ÖZGERTMELERIŇ ÝYL ÝAZGYLARY | TDH
Jemgyýet

BEÝIK ÖZGERTMELERIŇ ÝYL ÝAZGYLARY

опубликованно 25.06.2019 // 382 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply syýasy we guramaçylyk işi barada dowamly çap edilýän neşiriň 11-nji goýberilişi neşir edildi. Kitapda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýen şygar astynda geçen 2017-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýeti we manysy açylyp görkezilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly: «2017-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda, merdana halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylan, buýsançly netijeleriň gazanylan ýyllaryň biri boldy...».

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar ýylyň iň möhüm syýasy wakalarynyň biri boldy. Saýlawlar halkyň erkin erk-isleginiň hakyky aňlatmasyna hem-de biziň ýurdumyzyň saýlap alan demokratik ösüş ýoluna ygrarlydygynyň subutnamasyna öwrüldi. Ählihalk tarapyndan ykrar edilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa saýlawçylaryň 97,69 göterimi öz seslerini berdiler, munuň özi döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasy, ykdysady we durmuş ugrunyň halk tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylýandygynyň aýdyň beýany boldy.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň medeni, sport durmuşynda ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Bu waka daşary syýasat ugrunda açyklygy, hyzmatdaşlygy, netijeli gatnaşyklary we parahatçylykly düşünişmegi saýlap alan, raýatlaryň abadan we sagdyn durmuşy hakynda ýadawsyz alada edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da pugtalandyrdy.

2017-nji ýylyň oktýabrynda türkmen jemgyýetiniň durmuşynda iri jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisi bolup geçdi. Onda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berkarar döwletimiziň demokratik, hukuk hem-de dünýewi esaslaryny kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwletiň garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan gülläp ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna goşmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga goşan şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Gahrymanynyň «Altyn Aý» medaly gowşuryldy.

Türkmen döwletiniň durmuşynda bolup geçen bu we beýleki wakalar «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda parahatçylyk, döredijilik, abadançylyk syýasaty» diýen sözbaşy bilen ýerleşdirilen maglumat-seljeriş synynda aýdyň beýan edilýär. Neşiriň bu bölümi 2017-nji ýylyň wakalarynyň yzygiderlilikde beýan edilişiniň başyny başlaýar. Ol milli Liderimiziň çykyşlarynyň, edebi eserleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň materiallarynyň, statistiki maglumatlaryň esasynda taýýarlanyldy. Munuň özi milli Liderimiziň öňe sürýän ýurdumyzdaky beýik özgertmeleri barada düşünje berýär. Şol özgertmeleriň esasy maksady eziz Watanymyzyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilendir.

Türkmenistanyň iň täze taryhynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň wakalary ýyl ýazgylarynda yzygiderli tertipde beýan edilip, olarda öňdengörüjilikli pikir ýöretmek, ýokary duýgurlyk we guramaçylyk ukybyna eýe bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýylyň dowamyndaky köptaraply, netijeli işi aýdyň beýan edilýär. Milli Liderimiziň kabul edýän oýlanyşykly çözgütleri, halkyň ynamyna bolan daýanjy ykdysadyýet, durmuş, ylym-bilim, medeni ulgamlar babatdaky reformalary, demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) resmi materiallary esasynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kanunlary, kabul eden Permanlary, Kararlary, Buýruklary, ýurdumyzyň Hökümetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçirilen mejlisleri, wideoşekilli iş maslahatlary, milli Liderimiziň ýurdumyz boýunça we daşary ýurtlara amala aşyran saparlary, ýokary derejede hem-de jemgyýetçilik-syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklary barada maglumatlar çap edildi.

Milli Liderimiziň köp sanly täze desgalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy, şol sanda täze önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalarynyň ulanylmaga berliş dabaralaryna gatnaşmagy baradaky maglumatlar uly gyzyklanma eýedir. Bularyň ählisi biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanýandygyna, halk hakynda, onuň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy hakynda uly alada edilýändigine, hususan-da, Türkmenistanyň raýatlarynyň zähmet çekmäge, lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny almaga, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Wakalaryň ýyl ýazgylary, tutuşlygyna alanyňda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen eziz Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň giň möçberliligini aýdyň görkezýar. Ýurdumyz bolsa parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadamlar bilen öňe barýar.

Kitap Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyp, ol publisistik häsiýete hem-de ylmy-öwredijilik ähmiýete eýedir we ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik-syýasy bilimleri wagyz etmekde möhüm orun eýeleýär. Neşir ynsanperwer ylymlar bilen meşgullanýan alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary üçin niýetlenendir. Ýyl ýazgylary türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edildi, munuň özi okyjylaryň sanynyň has-da artmagyna ýardam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter