«Medeniýet hepdeligi — 2019» sungatyň täze eserleri bilen baýlaşdy | TDH
Medeniýet

«Medeniýet hepdeligi — 2019» sungatyň täze eserleri bilen baýlaşdy

опубликованно 26.06.2019 // 278 - просмотров
 

Welaýatda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny beýan edýän hem-de halkymyzyň ruhy durmuşynyň köptaraply öwüşginini görkezýän Medeniýet hepdeliginiň çäreleri dowam edýär.

Şu gün Magtymguly şäherinde forumyň çäklerinde žurnalistler we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri «Watanymyzyň rowaçlygy — kalbymyzyň joşguny» diýen at bilen döredijilik duşuşygyny geçirdiler.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyz durmuşyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünlikleri gazandy. Milli Liderimiziň netijeli daşary syýasaty, ägirt uly ykdysady üstünlikler, Türkmenistanyň durmuş rowaçlygy ýurdumyzy depginli ösýän döwletleriň hataryna çykardy. Bu bolsa halkara jemgyýetçilikde örän uly gyzyklanma döretdi.

Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimizi ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek meselelerine örän uly üns berýär. Bu ulgamlaryň işi ýurdumyzda bolup geçýän ösüşlere beslenen özgertmeleriň mazmunyna we ähmiýetine döredijilik taýdan akyl ýetirmäge, olary aýdyň we dessine beýan etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek ähmiýetli ugur bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylar bu wezipeleriň wajypdygy barada aýdyp, medeniýet işgärleriniň we žurnalistleriň işinde hemişe ajaýyp çözgütleriň hem-de täze çemeleşmeleriň gözleginde bolmagyň, Watanymyzy wasp edýän, halkymyzda Watanymyza buýsanç döredýän edebi we şahyrana eserleri, türkmen ýaşlarynyň watançylyk, ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegine, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän telewideniýe we radio gepleşikleriniň, gazet we žurnal makalalarynyň möhümdigini bellediler.

Şu babatda häzirki zamanyň maglumat tehnologiýalaryna uly orun berilýär. Häzir ählumumy internet ulgamynda Türkmenistanyň milli maglumat serişdeleriniň sany artyp, olar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny, onuň üstünliklerini degişli mazmundaky makalalarda giňden beýan edip, okyjylary dürli pudaklardaky täzelikler we wakalar, akyl ýetiriş hem-de ylmy-populýar häsiýetli syn beriş makalalary bilen tanyşdyrýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlaryny kämilleşdirmek we ösdürmek baradaky yzygiderli aladalary üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, öňlerinde goýlan wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şol gün agşam Balkanabatda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda «Aşyk Çaňly» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Ýola goýlan asylly däbe görä, ilkinji görkeziliş milli sungatymyzyň taryhyna türkmen operasynyň täzeden dikeldilen senesi hökmünde giren 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyldy. Şol seneden bäri opera sahnalary her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilýän we häzirki zaman sungatynyň üstünliklerini beýan edýän Medeniýet hepdelikleriniň maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegi boldy.

«Aşyk Çaňly» operasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan görkezildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Ile döwlet geler bolsa...» diýen kitabynda «sazyň diňe bir sungat bolman, eýsem, Hudaý tarapyndan berlen peşgeşdigini» ýazýar. Bagşyçylygyň köptaraply sungaty — türkmen medeniýetiniň uly toplumy, ýokary hünär ussatlygynyň nusgasy asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Ol köpasyrlyk çeperçilik däpleriniň esasynda döredildi we her täze nesil tarapyndan kämilleşdirildi. Halkymyz şu günki güne çenli ajaýyp şahyrlaryň, sazandalaryň we dessançylaryň adyny hakydasynda saklaýar. Olaryň hatarynda bagşy Aşyk Çaňly bar. Ol geçen asyryň başynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýaşady we döretdi.

Sahna oýny keşpleriň nuranalygyny, sazyň we lybaslaryň gözelligini sazlaşykly birleşdirdi. Öwüşginli sahna çykyşy tomaşaçylara türkmen däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny duýmaga mümkinçilik berýär.

«Aşyk Çaňly» operasynda esasy saz toparlary, Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, şeýle hem meşhur artistler bar. Tejribäniň, ussatlygyň we täze ýaş zehinleriň şeýle sazlaşygy türkmen medeniýetine mahsus bolan nesilden-nesle dowamatlylyk baradaky pikiri ýüze çykarýar.

Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmegindäki saz ilkinji notalaryndan başlap, diňleýjileriň ünsüni özüne çekip, teatryň jadylaýjy täsirini gurşap alýar.

Bu sahna oýny deňsiz-taýsyz ahlak gymmatlyklaryny wasp edip, ruhlandyryjysy we döredijisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bolan täze taryhy eýýamda ýaşaýan häzirki zaman tomaşaçysyna niýetlenen ägirt uly ruhy güýji özünde jemleýär.

Opera hereketi mähriban Watanymyzy, eziz Arkadagymyzy, sungatyň beýik güýjüni wasp edýän dabaraly watançylyk aýdymy bilen tamamlanýar.

Aýdymyň ajaýyp sözlerini tolgunma gaplanan tomaşaçylar ör turup diňlediler. Gül çemenleri hem-de dowamly elçarpyşmalar zehinli artistlere mynasyp sowgat boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter