Türkmenistanyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi

опубликованно 27.06.2019 // 216 - просмотров
 

27-nji iýunda edermen türkmen daýhanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watan harmanyna guşgursak azyklyk bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, uly zähmet ýeňşi barada hasabat berdiler.

Ozal habar berlişi ýaly, 25-nji iýunda ýurdumyzda ilkinjiler bolup Ahal welaýatynyň gallaçylary däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, olar döwlet harmanyna dänäniň 450 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Şol günüň ertesi Mary welaýatynyň ekerançylary şeýle üstünlik barada hasabat berdiler. Maryly daýhanlar Watan harmanyna bugdaýyň 380 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

27-nji iýunda Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary hasabat berdiler. Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri Watan harmanyna 350 müň tonnadan gowrak, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 300 müň tonnadan gowrak, Balkan welaýatynyň gallaçylary 120 müň tonnadan gowrak ýokary hilli azyklyk bugdaýy tabşyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler türkmen gallaçylarynyň şu üstünliginiň esasy boldy. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy, obasenagat toplumyny dolandyrmak ulgamynyň kämilleşdirmegi, ekerançylyk işine bazar gatnaşyklarynyň yzygiderli ornaşdyrmagy — şu we beýleki birnäçe wajyp meseleler döwlet agrar syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapdy.

Ekinlere ideg etmek işi ähli agrotehniki çäreleri berk berjaý etmek esasynda alnyp baryldy. Munuň özi bolsa gallanyň bol hasylyny ýetişdirmäge mümkinçilik berdi. Welaýatlaryň ählisinde ýetişdirilen hasyly ýygnamaga ykjam taýýarlyk görüldi. Bu bolsa ýygym-ulag toplumlarynyň işini takyk utgaşdyrmaga, orak möwsüminde olara gije-gündiziň dowamynda hyzmat etmäge mümkinçilik berdi.

Ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere, telekeçilere ýeňillikli şertlerde berilýän karz serişdeleri, dürli önümleriň, şol sanda bugdaýyň satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwletiň önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar ulgamynyň kämilleşdirilmegi ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin oňat höweslendiriş çäresi bolup hyzmat edýär.

Ekerançylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy meýdanlarda galan hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnap aljakdyklaryna, özleriniň tutanýerli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýurdumyzyň galla baýlygyny artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter